Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Orta mekdebiň möhletini uzaltmagyň derwaýys çözülmeli meseleleri
Ýazylan wagty: 17 октября 2012 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bilim işgärleriniň ýurdumyzyň orta mekdeplerini on bir, on iki ýyla ýetirmek meselesiniň üstünde işlenýändigi hakynda maglumatlar bar.

Dünýä ülňesine laýyklanyp geçirilmegi gözöňünde tutulýan bilim reformasynyň ilatymyzyň intelliktual derejesini kesgitleýändigini nazarda tutup, şu mesele boýunça ylym – bilim hünärmenleriniň pikiri türkmen metbugatynda çap edilse, maksadalaýyk bolardy. Ýurdumyzyň „Bilim“ reformasyna goşant bolar diýen umyt bilen şu teklipleri öňe sürýärin.

Häzir dünýaniň ösen döwletlerinde, şol sanda Täjigistanda, uruş içindäki Owganystanda hem orta mekdebiň möhleti on iki ýyl. Şonuň üçin ýurdumyzyň orta mekdebini on ýyldan göni on iki ýyla uzaltmaly. Ýöne tutuş ýurdumyzyň orta mekdebini on iki ýyla getirmek, ilki bilen uly ykdysady çykdajy talap edýär. Ikinjiden, on ýyllyk mekdeplerimizde sapak berýän kyrk müň gowrak mugallymlaryň sanyny,  olaryň hepdelik  iş ýüküni häzirki möçberinde saklanymyzda hem, mekdebi on iki ýyla ýetirmek üçin azyndan goşmaça on müň mugallym taýynlamaly. Has anygy, bilim pudagynyň kadrlar meselesini çözmeli.

Ýurdumyzyň orta mekdeplerini on iki ýyla ýetirmek üçin bolmanda 4-5 ýyl taýynlyk wagt gerek bolar, 2016 – 2017 – nji okuw ýylyndan orta mekdeplerimizi on iki ýyla geçirmegi teklip edýärin, çünki anyk döwlet meýilnamasy düzülip, taýynlyk görülse, hiç bir bökdençlik bolmazdan, ilkinji on iki ýyllyk mekdep uçurymlarymyzy 2017-nji ýylda tamamladyp bileris. Eger biziň şu aýdýan teklibimiz unalsa, häzirki sekizinji hem ondan aşakdaky synp okuwçylarymyzy şu okuw ýylyndan başlap, on iki ýyllyk okuw programmasyny düzüp, şoňa laýyklykda okatmaly.

Ýurdumyzyň orta mekdeplerini on iki ýyl etmegiň taýynlyk işlerini şu günden başlamaly. Ilki bilen mekdepleri on iki ýyl edeniňde, dünýä ülňesine laýyk gelýän „Bilim“ programmasyny düzmeli. „Bilim“ programmasy täze ýyla çenli doly taýyn edilip, şu okuw ýylynyň üçünji çärýeginden – 2013-nji ýylyň başyndan her bir mugallym, hatda ene –ata, okuwçy haçan orta mekdebiň on iki ýyl bolýandygyny, her synpynda haýsy sapaklary okajagyny anyk biler ýaly şert döretmeli.

Orta mekdebimiziň möhletini on iki ýyla ýetirenimizde zerur boljak goşmaça on müň mugallymy taýynlamak üçin indiki okuw ýylyndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine her ýylda goşmaça üç  müň mugallym taýynlamaga şert döretmeli. Orta mekdebimizi zerur bolan mugallymlar bilen üpjün etmek üçin, ýokary okuw jaýynda gaýybana, agşamky okuwlar dikeldilse, göwnejaý bolardy. Okuwyň agşamky, gaýybana bölümleri açylsa, şol bölüme okuwa giren talyplar, bolmanda 1-nji ýyl okanyndan soň mekdepde mugallym bolup, zerur bolan iş orunlaryna eýe bolardylar. Olaryň okuwy iş tejribesi bilen utgaşyp giderdi. Orta mekdebiň on iki ýyl bolmagy bilen dörejek mugallym – kadr ýetmezçiliginiň öňi alnardy. Ýeri gelende aýtsak, 2010-njy ýylda kabul edilen „Bilim“ kanunymyzda okuwyň agşamky, gaýybana, gündizki bölümleri deň derejede ykrar edilýär. Şonuň üçin ýokary okuw mekdeplerimizde agşamky, gaýybana bölümleri açmaga kanuny päsgelçilik asla ýok.

Orta mekdepler on iki ýyla ýetirilende, dünýä ýüzünde tejribä esaslanyp, çagalary okatmaly. Has dogrusy, çagalar altynjy synpa çenli umumy bilelikde okadylmaly. Altynjy synpdan soň, çagalary zehinine görä,  takyk, tejribe hem gumanitar – ynsanperwer bilimleri boýunça üç topara bölüp okatmaly. Häzir dünýä tejribesinde zehinli okuwçylar takyk bilimleri /
matematika – fizika/ boýunça,  orta zehinli okuwçylar tejribe bilimleri/himiýa, biýologiýa../ boýunça, zehini gowşak okuwçylar bolsa ynsanperwer bilimleri/dil-edebiýat/ boýunça okadylýar.

Dogry, her ugra höwesi bolan çagalary islegine görä, okatjak bolmaly. Ýöne  zehin boýunça çagalary topara bölüp okatmak hökmanydyr. Häzir dünýä ýüzünde takyk bilimler boýunça orta mekdebi tamamlan ýaşlar beýleki iki bilim ugruna hem okuwa girip bilýärler, emma tejribe ýa ynsanperwer toparynda okuwyny tamamlanlar takyk bilimler boýunça ýokary okuwyna girjek bolsa goşmaça ekzamen tabşyrmagy derwaýysdyr. Mahlasy, çagalar mekdepde zehinine görä toparlara bölüp okatmagy ýola goýmaly.

Orta mekdebimiz altynjy synpa çenli başlangyç, umumy bilim, altynjy – dokuzynjy synplar gutarylmadyk orta mekdep, onunjydan – on ikinji synpa çenli doly orta mekdep atly üç basgançaga bölünmeli. Orta mekdebi tamamlamak  hemmelere hökmany bolmaly. Ýöne her orta mekdepde onunjy synpdan agşamky, şeýle hem gaýybana bölümleri açmaly. Kanun boýunça on sekiz ýaşynda öýlenen, durmuşa çykan ýa degerli sebäp bilen gündizki bölümde okap bilmedik okuwçylarymyza orta mekdebiň gaýybana ýa agşamky bölüminde okuwy tamamlamaga zerur şertleri döretmek hökmandyr.

Onunjy synpdan, orta mekdebiň soňky üçünji basgançagyndan zehini bolup, özbaşdak okap biljek ýaşlarymyza hem islegine görä, agşamky, hatda gaýybana orta mekdebi tamamlamaga rugsat bermeli. Ýöne her okuwçy hökman on iki ýyllyk orta mekdebi tamamlamalydyr. Döwlet her çaganyň sowatly bolmagyna jogapkär bolmalydyr.

Orta mekdebimiz on ýyllyk  döwründe hem käbir mekdeplerde daşary ýurt dillerini, himiýa – biýologiýa, matematika – fizika sapaklaryny okadýan mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigi duýulýar. Şonuň üçin on iki ýyllyk orta mekdebimiziň her synpyndaky okuwçylaryň haýsy sapaklary okajagy anyk kesgitlenip, her sapagy okatmak üçin ýurt boýunça näçe mugallymyň gerekdigi takyk anyklanmaly. Mahlasy, mekdeplerimiz on iki ýyla geçirilende, her sapak boýunça döräp biläýjek mugallym ýetmezçiliginiň öňi alnyp, zerur
mugallymlar taýynlanmalydyr.

Orta mekdebimiz on iki ýyla uzaldylanda erkek oglanlaryň Watan gullugyna alynjak möhletiniň on sekiz ýaşdan üýtgejegi görnetin hakykat. Biziň garaýşymyzça, orta mekdebi on iki ýyla uzaltmak üçin çagalary alty ýaşdan okuwa kabul etmeli, şonda on sekiz ýaşan raýatymyz orta mekdebi tamamlar. Erkek oglanlaryň gulluk möhletini ýigrimi ýaş edilse, maksada laýyk hasap edýäris, çünki birinjiden häzir ýedi ýaşda okuwa giren ýaşlarymyz orta mekdep on iki ýyllyk edilse, on dokuz ýaşynda mekdebi tamamlaýarlar, olar ýigrimi ýaşaýança, ýokary okuw jaýyna synanyşmaga, belki okuwa girmäge şert bolar. Ikinjiden, ýigrimi ýaşan ýigitler has gujurlydyr.

Alty ýaşdan okuwa kabul etmek düzgüni girizilse, kadadan çykma hökmünde 2013-2014-nji okuw ýylynda alty hem ýedi ýaşan çagalary birinji synpa kabul etmeli bolar. Özem çagalar alty ýaşdan okuwa alnanda, ýylyň başyndan – aýagyna çenli dogan çagalary okuwa kabul etmeli. Adatdan daşary zehinli bolmasa, çagany wagtyndan öň okuwa kabul etmek düzgüniniň doly ýatyrmaly. Ýöne käbir çaga ejizje bolsa, şol zeýilli çagalary ýedi ýaşynda okuwa almaga rugsat bermeli. Hatda çaga degerli sebäp bilen ýedi ýaşynda  okuwa giräýse-de, oňa okuwa synanyşyp, başarsa girmäge mümkinçilik bolmagy üçinem erkek oglanlar watan gullugyna ýigrimi ýaşynda alynsa maksadalaýykdyr.

Mekdepleriň on iki ýyl bolmagy bilen okuwyň hilini – okuw programmalaryny hem dünýä ülňesine laýyk düzmeli. Ösen ýurtlaryň okuw programmalaryny düýpleýin öwrenip, olaryň tejribesini mümkingadar ulanmaly. Türkmenistanyň orta mekdebini tamamlan ähli raýatlarymyzyň ene – türkmen dilimizi suwara bilmegini gazanmaly. Orta mekdebiň birinji synpyndan okuwçylara iňlis dilini öwredip başlamaly, rus, ýewropa dilleriniň ýa-da gündogar ýurtlarynyň arap – pars dilleriniň birini okuwçylaryň isleginä görä öwredilmegini okuw programmasynda kepillendirmeli.

Her bir okuwçynyň iňlis dilini hökman bilmegini üpjün etmeli, okuwçylarymyzyň her birine  iňlis dilinden başga hem bir daşary ýurt dilini öwrenmäge döwlet tarapyndan oňyn şert döretmeli. Her bir okuwçynyň ene dilimizden başga iki dilde suwara gürläp bilmegini kepillendirýän okuw programmasy düzülmeli.

Mekdepler on iki ýyla getirilende, okuwçylary her günde 4 – nji synpa çenli dört sagatdan, 4 – 9 – nji synplary bäş sagatdan, 10 – 12 – nji synplary bolsa günde alty sagatdan köp okatmagyň öňüni almaly. Has dogrusy, geljegimiz bolan ýaşlara orta mekdepde durmuşda zerur bolan sapaklary okatmaly.

Okuwçylaryň bilim derejesini anyklamak üçin bilet çekip, ekzamen almagy ýatyryp, ekzamen almagyň dünýäde ykrar edilen test usulyna geçmeli, okuwçylaryň bilim derejesini ýüzlük bal bilen bahalandyryp, häzirki bäşlik bal düzgünini ýatyrmaly. Şeýle edilende, her bir okuwçyny bilimine görä, parhlandyrmak ýeňil bolar.

Eger çagalary alty ýaşynda birinji synpa alsak, olaryň her sagady 30 minutdan köp bolmaly däldir. Birinji synp okuwçylaryň her arakesmesi hem 10 minutdan az bolmaly däldir. Olara dört sagat okadylandan soň, hökman mekdepde nahar berilmegini üpjün etmek gerek. 

Alty ýaşda okuwa girjek çagalar dört sagat okap, naharlanyndan soň, olar  göni öýe goýberilmän,  çagalar bagyndaky körpeler ýaly mekdebiň körpeler otagynda okuw programmasy esasynda terbiýelenmegi hökmanydyr. Belki-de, alty ýaşda birinji synpa giren çagalar – çagalar bagy bilen mekdebiň berk baglanyşykly gatnaşykda bolmagyna şert döreder. Eger körpeler alty ýaşynda okuwa kabul edilse, mekdepde bu körpeleri terbiýelejek terbiýeçileriň, körpeler otagynyň zerur boljakdygy öz – özünden düşnükli bolsa gerek.

Orta mekdepler on iki ýyla uzaldylsa, okuwçylaryň hepde-de bäş gün okap iki gün dynç almagyny üpjün edýän, dünýä ülňesine laýyk gelýän okuw düzgünine geçmek hakynda hem pikirlenmegiň wagtynyň ýetendigini öňe sürmek isleýärin. Hepde-de iki gün dynç alýan okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmesini ösdürjek okuw programmasynyň üstynde işlemek derwaýysdyr.

Magtymguly Pyragynyň: „Ýedi-sekiz ýaşymda atam mollaga berdi“ diýen pähimine eýersek, onda çagalarymyzy alty ýaşda däl-de, ýedi ýaşynda birinji synpa kabul etmeli. Dünýäniň tejribeli pedagogik alymlary çagany ýedi ýaşdan ir mekdebe bermegi unamaýarlar. Hatda çaga ýedi ýaşynda birinji synpa kabul edilende hem on oki ýyllyk mekdebi ýaşlarymyz on dokuz ýaşynda tamamlaýar, bu bolsa erkek oglanlaryň ýigrimi ýaşda watan gullugyna gitmegine päsgelçilik döretmeýär. Ýöne çagalary alty ýa ýedi ýaşda mekdebe kabul etmeli bu sowaly gaty akyll-başly çözmeli.

Ýene bir mesele: Okuwçylara berilýän sapaklaryň hiliniň ýokary bolmagy üçin mugallymlaryň hepdelik iş ýüküni 24 sagatdan has azaltmak mümkinçiligini gözöňünde tutmagy unutmaly däl. Mysal üçin, ösen döwletleriň köpüsinde mugallymlaryň hepdelik iş ýüki 14 sagat, hatda Özbegistanda, Täjigistanda her mugallymyň hepdelik iş ýüki 16 – 18 sagatdan köp däl. Ýatladyp geçsek, Nyýazow döwründe mugallymlaryň hepdelik iş ýüki owalbaşda 14 sagat bolanlygyndan kem-kemden köpeldilip,  2004-nji ýylda ol 30 sagada ýetirilipdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet başyna geçenden soňra onuň Karary esasynda mugallymlaryň iş ýüki alty sagat azaldyldy.

Mahlasy, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilim ýolbaşçylaryna orta mekdebiň möhletini uzaltmak meselesini öwrenmek hakynda anyk tabşyryk berdi. Döwlet baştutanynyň görkezmesi bilen orta mekdeplerimiziň on ýyllykdan uzaldyljagy hem bu günki gün görnetin hakykat. Orta mekdebiň möhletini uzaltmagyň üstünde işleýän bilim işgärleriniň, toparyň biziň şu tekliplerimizi hem saldarlap öwrenjekdigine, ýurdumyzyň ösüşi üçin peýdaly hasaplanlaryny aljakdyklaryna çuňňur ynanýarys.

Döwletmyrat Ýazkulyýew.


Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.

Okalan sany: 903   Jogaplar: ( 6 )

NEXTTM
17 октября 2012

ertir.com- da gowy makala cykypdyr. Bu makala bilen NextTM-nyň agzalary hem tanyşsa kem bolmazmyka diýen pikir bilen saýtymyza ýerleşdirdim.

Wikipediya
17 октября 2012

    ...  good  ...

HEZRET
17 октября 2012

 Gowy pikirler drinks

permann
17 октября 2012

good

aurora
18 октября 2012

dogry, dogry. birem gulluk 1 ýyl bolsa gowy boljak

Magnit
24 октября 2012

gooddrinks


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,16073 sek. ýüklenen baýt: 43586