Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
Çalaja ỳylgyralyň
Ýazylan wagty: 05 августа 2016 Ýazan Marala


Bir filosofdan:


--Kimi akylly saỳyp bolỳar?—diỳip sorapdyrlar.


Ol şeỳle jogap beripdir:


--Ýüregine düwen maksadyna ỳetip bilỳän adam akyllydyr.


 


 


Bir akyldardan:


--Nähili akmagy düzelmez akmak saỳyp bolar?—diỳip sorapdyrlar


--Şol bir ỳer-de iki gezek büdräni—diỳip ol jogap beripdir


 


Dünýäniň iň meşhur ýürek doktory Michael De Bakeyiň maşyny ýolda döwülipdir. Ussa maşynyň kapotyny açypdyr we Dr. Michael De Bakeye şeýle diýipdir:
-Sizden bir zat sorajak. Biz  ikimiz meňzeş işleri edýäris. Meselem men şu wagt ýuwaşlyk bilen maşynyň kapotyny açýan. Bir seredenimde problemanyň nirededigini bilýän, matory arassalaýan, gerek bolsa simlerede seredỳärin, mator ýagynyda çalyşýan. Hatda gerek bolsa matory çykaryp ýerine täze mator dakýan! Aýtsaňyzlaň bu nähili bolýar siz milýonlarça dollar gazanýaňyzda men teňňe-teňňe çöpleýän puly?—diỳipdir.
 Dr. Michael De Bakey ussanyň gulagyna egilip ýuwaşlyk bilen şeýle diýipdir:
--Bularyň hemmesini mator işläp durka etmäge çalyşsana.


 

Okalan sany: 1335   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
05 августа 2016

rofl mator işläp durka etmäge çalyşsana.good

Sasoltan
05 августа 2016

Gülip çaşaýypdyryn. Şu wagt özüme geldim. HI HI HI


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06355 sek. ýüklenen baýt: 32346