Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Grafika – 2016” atly sergi dabaraly açyldy
Ýazylan wagty: 23 сентября 2016 Ýazan NEXTTM
Halypa we ýaş grafikaçylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda açylan sergisine döredijilik eserleri bilen gatnaşdylar. Ussat mugallymlar Hajy Atakgaýew, Maýagül Lallykowa, Diloram Ýakubowa, Rahman Rahmanow, Çemen Öräýewa, Şirin Rejepowa we talyplar Mahym Çerkezowa, Atamyrat Çaryýewiň, Mähri Çaryýewanyň grafikanyň dürli tehnikalarynda türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, gadymdan gelýän mirasyny, durmuş baradaky filosofiki oýlanmalaryny çeper beýan edip, häzirki döwrümiziň parahat, asuda durmuşymyzy hem-de dünýädäki özgerişikleri wasp edýärler. Sergide Maral Annanurowa, Ogulgeldi Mämmedowa, Gurbangeldi Gurbanow, Pudakmyrat Pürmyradow ýaly diýarymyzyň dürli welaýatlarynda zähmet çekýän erkin suratkeşleriň grafika eserlerinde stanok we kitap grafikasyna degişli bolan türkmen taryhyny, maşgala durmuşyny, ruhy dünýäsini wasp edýän işleri görkezildi.
Grafikaçy suratkeşler şahyrlarymyzyň, ýazyjylarymyzyň eserlerinde beýan edilýän wepalylygy, Watana bolan söýgüsiniň wasplaryny gahrymanlarynyň keşplerinde tämiz duýgularynyň güýji bilen beýan edýäler. Olar wakanyň içinden okyja täsir edäýjek iň gyzykly pursatlary hem-de pikirlenme duýgularyny şekillendirýär. Suratkeşler kitap sungatynyň bezeginde wakanyň haýsy taryhy döwre degişli bolmagyna garamazdan, öz döwrüne ýakyn häsiýetde suratlandyrýan bolsalar hem öz dünýägarýyşlary arkaly hem ýerine ýetirýärler. Dürli reňkler bilen bezelen kitabyň sahypalaryndaky suratlar okyja şol eser hakyndaky wakanyň taryhyna doly düşünmegine itergi bermäge çalyşýarlar.
Türkmen şekillendiriş sungatynda grafikaçylaryň ýerine ýetirýän filosofiki işleriniň ähmiýeti uludyr. Olar pikir edýän duýgularyny, ideýalaryny keşpleriň, jandarlaryň üsti bilen suratlandyryp, durmuşyň dürli pursatlaryny, hyýaly wakalaryny beýan edýarler. Suratkeşler wakanyň içinden tomaşaça täsir etjek iň gyzykly pursatlaryny şekillendirýär. Kitap grafikasynda suratkeş özüniň döredijilik ruhuna, hünär başarnygyna, häsiýetine, oýlap tapyşyna görä ýazyjynyň eserini saýlap alýar.  Ol ýazyjynyň eseri bilen doly tanyşyp, wakanyň mazmunyny şöhlelendirmäge çalyşýar. Haçanda suratkeş öz döredijiliginde wakanyň hakyky pursatyny eserine siňdirip bilse, onuň döreden eseri has şowly çykyp, kitabyň hiliniň ýokarlanmagyny gazanar. Grafikaçynyň  çeken suratlary kitapdaky tekstiň mazmunyny göz öňüne getirmäge ýardam edýär. Her bir suratkeş her bir aýratyn ýagdaýda kitabyň žanryndan we mazmunyndan baglylykda dürli usullara ýüz tutýar. Kitabyň çeperçilik dili bolsa,  öz şahsy özboluşlylygyny we umumylygyny saklamakda örän çeýe we baý bolup bilýär. Kitaplardaky illýustrasiýalaryň kompozisiýasy tomaşaçynyň birinji bakyşyndan eserde beýan edilýän wakany düşünje alyp bilmelidir. Suratyň dramatiki dartgynlygy ilkinji nobatda çyzyklaryň taslamasyna, ýagtylyk tegmilleriniň, kölegeleriň kompozisiýasyna baglydyr.
Garaşsyzlyk ýyllarynda döredijiliginde has hem badyny gowşatman yzygider stanok eserleri bilen meşgullanan belli grafikaçy suratkeşleri Meret Gylyjow, Oraz Agabaýew, Döwletgeldi Akyýew özüniň durmuşa bolan filosofiki garaýyşlaryny dürli ýagdaýlar arkaly görkezip bilmegi başaran ussatlarydyr. Garaşsyzlyk döwrüniň kitap bezeginde Rahman Rahmanowyň "Gorkut ata", "Görogly" şa dessanlarynyň, "Omar Haýýam", "Magtymguly", "Nurmuhammet Andalyp", "Nowruznama", Ö. Gündogdyýewiň "Türkmen zenanlarynyň taryhy keşbi", "Üç çopan" türkmen halk ertekesinde ýerleşdirilen illýustrasiýalarynda irginsiz döredijilik zähmeti siňdi. Onuň “Durmuş daragty”, “Enelik”, “Gökdepe ýatlamasy” atly stanok grafika eserlerinde iki sany reňkiň kömegi bilen suratkeşiň dünýä baradaky filosofiki oýlanmalyryny jemläp, her bir tomaşaçyda maşgala, geçmiş, wepalylyk baradaky pikirlerini oýandyrýar. 
Belli suratkeş Hajy Atakgaýew türkmen halkynyň dünýä belli nusgawy şahyry, filosofy, alymy Magtymguly Pyragynyň şygyrlar ýygyndysy esasynda birnäçe grafika işlerini ýerine ýetirýär. Suratkeşiň döredijiligi esasan Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsi bilen baglanyşykly diýmek mümkin. Magtymgulynyň goşgularyna degişli suratkeşiň gara galamda çekilen eserleri hem-de ofort usulynda çap edilen illýustrasiýalary bar. 
Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda  halkymyza peşgeş beren milli  haly sungatymyza bagyşlanan "Arşyň nepisligi", "Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy" atly ajaýyp kitaplarynda halypa suratkeşimiz Maýagül Lallykowanyň “Gözellik dowamaty”,  "Ilden ile aşan nusgalar", "Tebigylyk aýdymy", "Gözellik dowamaty" atly illýustrasiýalary ýerleşýär. Suratkeşiň "Hüwdiler", Narmuhammet Kakabaýewiň "Ýürekde galan sargyt" hekaýasyndaky, Didarberdi Allaberdiýewiň "Sözlär senaly dilim" göşgular ýygyndasyndaky, Ýaban Saparowyň "Sähra ýollary" goşgular ýygyndysyndaky  kitap bezeg işlerinde hem özboluşly çeper aýratynlyklary ýüze çykýar.


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe grafika sungatynda türkmen halkymyzyň medeni we edebi mirasynyň gymmatyny wagyz etmeklige, kitaplary çeper taýdan bezemeklige döredilen mümkinçilikleri  ýaş we halypa suratkeşleriň täze, ajaýyp eserleri döretmegine uly itergi berjekdigine berk ynanýarys. 

Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymasy
Okalan sany: 684   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05470 sek. ýüklenen baýt: 36769