Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Ýaş grafikaçylaryň ylhamy
Ýazylan wagty: 23 сентября 2016 Ýazan NEXTTM
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň belent sepgitlerine ýetdi. Biz ýaşlara döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde sungatyň dürli ugurlaryndan bilim almaga uly mümkinçilikler döredildi. Şeýle bolan soň talyp-ýaşlar türkmen sungatynyň milliligini dünýä tanatmak üçin yzygiderli döredijilik gözleglerini amala aşyrýarlar. Biz muňa ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okaýan talyp deň-duşlarymyzyň durmuşynda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Şekillendiriş sungatynyň grafika ugry boýunça hem talyplaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge doly mümkinçilikler bar. Umuman sungatyň görnüşleri biri-birine utgaşykly bolup, şol sanda grafika sungaty hem şekillendiriş sungatynda nakgaşçylyk ýaly has giňden ýaýran ugurlaryň biridir. 




“Grafika” sözi grek sözünden – “grafo” – dan gelip çykyp, “ýazýaryn”, “surat çekýärin” diýen manyny aňladýar. Sungat ugurlary köp bolsa-da, şekil döretmek ilkinji gezek çyzykdan başlanýar. Grafika sungaty tehniki ýerine ýetiriliş usullary boýunça, estamp, ofort, litografiýa, messo-tinto ýaly bölümçeleri öz içine alýar. Bularyň aglabasy neşirýat önümçiligi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze neşir edilýän kitaplaryň çeper bezegini ýerine ýetirmekde grafika sungatynyň ähmiýeti örän uludyr.
 
Akademiýamyzyň okuw meýilnamasyna laýyklykda, mugallymlar we talyplar degişli ugurlaryna görä birnäçe işleri ýerine ýetirip, sungatyň inçe tilsimlerini ele almak bilen täze-täze taslamalary durmuşa ornaşdyrýarlar. Ussat grafikaçy Hajy Atakgaýew Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyndan “Kaýdadygy bilinmez”, “Aýralyk”, “Bugdaý dänesi” we başga-da birnäçe illýustrasiýalary ýerine ýetirdi. Şeýle-de erkin suratkeşleriň hem talyp deň- duşlarymyz Atamyrat Çaryýewiň “Basketbol”, “Içmek”, Mähri Çaryýewanyň “Enelik”, “Gurluşyk”, Didar Nazgulyýewiň “Nowruz”, “Sport” we başga-da birnäçe mugallymlaryň we talyplaryň stanok grafika eserleri bar. Linograwýuralarynda çyzyklar nepis ulanylyp, ölçegleriniň kiçiligine garamazdan çuňňur many-mazmunly  çeper keşpleri döredýärler. Şonuň bilen birlikde, grafika  eserlerini synlanyňda dünýewi sungatda bolşy ýaly, türkmen şekillendiriş sungatynyň gözelliklerinde dürli manyly pelsepeleri we çeper garaýyşlary ýüze çykarýar. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ösýär. Ylym-bilim, medeniýet we sungat işgärleriniň nusgalyk çeper eserlerimizi täzeden dikeltmegi, täze okuw kitaplarynyň, çeper edebiýatynyň, ylmy neşirleriniň taýýarlaýan bolsalar, suratkeşlerimiz özüniň ýiti galamlary bilen olaryň her bir pursatlaryny şahyranalyk bilen ýerine ýetirýärler. Bu bolsa ýurdumyzda türkmen grafika sungatynyň ähli taraplaýyn ýokary depginde ösýänliginiň şaýadydyr. Olardan biziň ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary Şirin Rejepowanyň 1-nji synp üçin niýetlenen “Ýaşaýyş durmuş esaslary”, “Rus dili” “Ýapon dili” hem-de Maýagül Lallykowanyň “Aýdym we saz”, “Türkmen dili”, “Hytaý dili” okuw kitaplarynda mugallymlarymyzyň döredijilik illýustrasiýalary çap edildi.
 
Şu pursatda hem ýaşlaryň okap, öwrenip, döwrebap bilim, terbiýe almaklary üçin möhüm şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize köp-köp sag bolsun aýdýarys!
 
Azatgül Gulowa, 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby

Okalan sany: 605   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
26 сентября 2016

goodgoodgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07225 sek. ýüklenen baýt: 33606