Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Grafika sungatynyň inçe syrlary
Ýazylan wagty: 23 сентября 2016 Ýazan NEXTTM
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda medeniýetimize, şekillendiriş sungatymyza uly üns berilip, bu ugurda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty hem häzirki döwürde ähli sungatlar bilen bir hatarda ýokary ösüşlere eýe bolýar. Türkmen şekillendiriş sungaty öz gözbaşyny XX asyryň 20-nji ýyllaryndan öz gözbaşyny alyp gaýdýar. Geçen asyrda türkmen şekillendiriş sungaty türkmen halylarynyň, küýze önümleriniň, netjarçylyk sungatynyň ýüzüne şekillendiripdirler. 

Indi bolsa, türkmen şekillendiriş sungaty birnäçe menzilleri geçip kämilleşip birnäçe usullaryň üsti bilen suratlandyrmaga ymtylýarlar. 1920-nji ýylda türkmen suratkeşleriň grafika eserleri ilkinji ädimlerini ädip ýola düşýär. Şol ýyllarda grafika eserleriň birnäçesi döredildi – plakatlar, kitap illýustrasiýalar, gazet we žurnal karikaturalar, okuw kitaplar. Grafika usuly dürli görnüşdäki inçe çyzyklardan peýdalanyp ,,Ugurdaş we inçe çyzyklaryň, tegmiliň dürli sazlaşyklaryny emele getirýärler. Geçen XX asyryň türkmen grafikasy öz gaýtalanmajak sahypalaryny açdy, halkyň zähmetini, keşbini, tebigatyň gözelligini wasp edip we öz ösüşiň dowamynda halkara çeperçilik sahnalarynda belli boldy. 
Milli suratkeşleriň arasynda nakgaşçylar, grafikaçylar, W.Owçinnikow ,,Watanyňa köp nebit al” 1952 ý, Babikow.G.F. ,,Çelekendäki Estakada“  1964. Linograwýura,  Kuliýew.M. ,,Çelekendäki nebit” 1977. Linograwýura Atakgaýew.H, ,,Goturdepe” 1975. Linograwýura.uly işler bitirip grafika sungatynyň taryhynda uly yz galdyrdylar. Şol ýyllarda uly yz goýan suratkeşleriň birnäçesi täze tilsimleri we ugurlary açyp, grafikany baýlaşdyrdylar. Olaryň döreden eserleri türkmen grafikasynyň gyzykly sahypasyny açman eýsem, Türkmenistanyň taryhyny tutuşlugyna açyp görkezýär. Milli garfikada dürli ugurda ýerine ýetirilen eserler ähli şekillendiriş sungatynyň ösmegine goşant goşýar.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda, häzire çenli zähmet temasy  nebitçiler we gazçylar  aktual temalaryň biri bolýar. Suratkeşler zähmet temasynda öz gahrymanlaryny tapyp, ony beýan etmek borjy bolup durýar. XX asyryň 80-nji ýyllarynda Türkmenistanyň grafika sungatynyň ähli usullary we žanrlarynyň güýçli ösen döwri diýip aýtmak bolar. Bu döwürde  stanok, plakat we kitap illýustrasiýa görnüşleri ýokary derejä ýetýär.
Şu günki günde biziň Türkmen döwlet çeperçilik Akademiýamyzyň sergiler jaýynda, grafika sungatyna degişli ýaş talyp suratkeşlerimiz sergisi geçirilýär. Talyp ýaşlarymyz durmuşdaky gözel pursatlary, ýazyjylaryň şahyrlaryň eserlerini okap kagyzyň ýüzüne öz pikirlerini jemläp şekillendirýärler. Ýaş suratkeşlerimiz halypalamyzyň döreden eserlerinden nusga alyp şol ýol bilen işlemäge ýykgyn edýärler. Pirmuradow Pudagyň birnäçe oba durmuşyna degişli, çagalaryň gündeki arzuw-hyýallary beýan edilýär. Türkmen grafika sungatyny içgin öwrenip ony wagyz etmek, dünýäni haýrana galdyrmak ýaly meseleler häzirki döwürde ösüp barýan Türkmenistan döwletimizde biz-ýaş hünärmenler esasy maksatlarymyzyň biri bolup durýar.

Myrat Hojanow,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.
Okalan sany: 591   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
26 сентября 2016

goodgoodgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05316 sek. ýüklenen baýt: 32570