Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
KITAP BEZEGI WE SUNGAT
Ýazylan wagty: 24 сентября 2016 Ýazan NEXTTM
Türkmen halkymyzyň çeper sungaty gadymy milletimiziň köp asyrlyk däp- dessuryny, taryhyny, ruhy medeniýetini özünde jemleýär. Milli we bütindünýä sungatynyň däplerini özünde jemleýän türkmen sungaty häzirki özgerişleriň we häzirki zaman döwrüniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni başdan geçirýär. Çeperçilik sungatyň ähli ugurlary halypa suratkeşleriň eserlerinde täze beýanyny tapdy. Ajaýyp zamanamyzda sungat ussatlarynyň öňünde wajyp meseleler ýüze çykýar. Bu hem ýaş nesli pederlerimiziň milli ruhunda terbiýelejek eserleri döretmekdir. Şoňa laýyklykda hem häzirki bagtyýarlyk döwründe ezber türkmen suratkeşleri döwrebap eserleri döretmek arkaly biziň şu günlerimizi doly we hemmetaraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden-täze mümkinçilikleriniň işjeň gözleglerini alyp barýarlar.
 
Sungat – bu giň gözellik dünýäsidir. Bu dünýäni şahyrlar, ýazyjylar, sazandalar, suratkeşler wasp edýärler. Türkmen şekillendiriş sungatynyň görnüşleriniň biri grafikadyr. Grafika sungatynyň stanok, plakat, kitap grafikasy ýaly görnüşleri bar. Olar hem özüniň inçe ýerine ýetiriliş usullary bilen tapawutlanýar. Olardan häzirki döwürde neşir önümleriniň kitap bezegini ýerine ýetirmekde ussat grafikaçylaryň döwrebap goşandy bardyr. Häzirki günde ýurdumyzyň grafika sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary Hajy Atakgaýewiň, Diloram Ýakubowanyň, Maýa Lallykowanyň, Rahman Rahmanowyň, Şirin Rejepowanyň we beýlekileriň ýerine ýetirýän işleri çeper edebiýatda we metbugat işlerinde aýdyň görünýär. Her bir neşir edilýän kitaplaryň içki many-mazmunyna laýyklykda daşky keşbini çeperçilik sungatyň milli äheňlerine laýyklykda  bezemekde ýokary okuw mekdebimiziň kitap grafikasy bölüminiň zehinli talyplarynyň hem uly goşandy bardyr. Şol maksat bilen  hem  her ýylda ýurdumyzda geçirilýän kitap ýarmarkasynda biziň mugallymlarymyzdyr, talyp ýaşlarymyz özleriniň kitap grafika bezegleri bilen işjeň gatnaşýarlar. Ussat suratkeşlerimiziň geçmiş taryhymyza we durmuşyň çuňňur pelsepeleri hakyndaky grafika usulyndaky işleri häzirki günde sungat ojagymyzyň  ajaýyp sergiler jaýyny bezeýär. Şeýle-de, çagalar üçin niýetlenen dürli neşirleriň  içki we daşky görnüşini dürli suratlar bilen bezemekde akademiýamyzyň gujurly talyplary özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Ussat mugallymlarymyzdyr zehinli talyplarymyzyň grafika eserleri ýurdumyzda neşir edilýän kitaplaryň we çagalar üçin niýetlenýän gyzykly ertekileriň bezeglerini ýerine ýetirýärler. Olardan Hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda  halkymyza peşgeş beren milli  haly sungatymyza bagyşlanan “Arşyň nepisligi”, " Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy" atly ajaýyp kitaplarynda halypa suratkeşimiz Maýagül Lallykowanyň “Gözellik dowamaty” we birnäçe nagyş taslamaly illýustrasiýalary ýerleşýär.

Ýokary okuw mekdebimiziň talyplary Çerkezowa Mahymyň “Böwenjik”, “Ýüňlek goýun”, “Sabyrly gul” atly ertekili kitaplary bezeýän grafiki işleri metbugatda çapdan çykaryldy. Çeper edebiýatymyzda meşhur eposlaryň biri bolan “Gorkut ata” kitabynyň 2015-nji ýylda çykan täze sanyň illýustrasiýasyny ýerine ýetirmekde halypa suratkeşimiz Rahman Rahmanow özüniň irginsiz döredijilik zähmetini siňdirdi.  Hormatly Prezidentimiz hem öz gezeginde şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşýan zähmetsöýer mugallymlarymyzdyr, talyp ýaşlarymyzyň her bir çekýän irginsiz zähmetlerine uly baha berýär. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kitap neşirýatynyň we metbugat ulgamynyň  dünýä derejesinde sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň şöhlelenmesidir.


Aýna Orazgeldiýewa, 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby
Okalan sany: 444   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05345 sek. ýüklenen baýt: 32490