Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Berkararlyk baýdagynyň saýasynda
Ýazylan wagty: 25 октября 2012 Ýazan HEZRET

Berkarar döwletimiziň  bagtyýarlyk döwrüniň  ilkinji  altyn güýzi  toý – dabaralara  beslenip ýetip geldi.  Her ýylyň güýzünde  biz baş baýramymyz bolan  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  toýuny ähli halkymyz bolup uludan toýlaýarys.  Mundan 21 ýyl öň  halkymyz sekiz asyrlap arzuwlanan  mukaddes Garaşsyzlygyna eýe boldy.  Türkmenistan Watanymyz  halkara hukugynyň  we gatnaşyklaryň  doly derejeli agzasyna öwrüldi. Bu şanly toýumyzy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak hyjuwy bilen joşgunly zähmet çekýän  halkymyz ýurdumyzda alnyp barylyan döwürleýin we uzakmöhletleýin maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan işleriň şaýady bolýar.
Garaşsyzlyk ýurduň syýasy, ykdysady taýdan özygtyýarly ösüşini üpjün etmek  bilen bir hatarda,  halkyň milli düşünjeliliginiň  ösmegine, umumadamzat  siwilizasiýasynyň  ösüşinde öz mynasyp ornuny tapmagyna  güýçli itergi berdi.  Garaşsyzlygymyz halkymyza öz gadymy medeniýetini, urp – adatlaryny, toý – baýramlaryny  gaýtaryp berdi we dünýä medeniýeti  bilen  ýakyndan tanyşmaga,  häzirkizaman gazanylanlary nazara almak bilen ylmy, bilimi ösdürmäge, ruhy taýdan taplanan,  sagdyn bedenli  nesilleri  kemala  getirmäge giň mümkinçilikleri açdy.
Şu geçen gysga  döwrüň içinde Türkmenistan Watanymyzda durmuş - ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap okgunly ösüş amala aşyrylyp,  jemgyýetçilik durmuşynyň  ähli ugurlarynda  ägirt uly üstünlikler gazanyldy.  Türkmenistan häzir,  sözüň doly manysynda  öz syýasy, ykdysady garaşsyzlygyny  üpjün edip bilen ýurda öwrüldi.  Biziň ýaşyl Tugumyz Birleşen Milletler  Guramasynyň belent binasynyň öňünde, dünýä ýurtlarynyň  hatarynda buýsançly  pasyrdaýar. Bu belent binada halkymyzyň parahatçylykly ýaşaşmaga, sazlaşykly ösüşe, özara  bähbitli hyzmatdaşlyga çagyryşlary ynamly  ýaňlanýar.  Ýurdumyzda alnyp barylýandaşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän oňyn Bitaraplyk, açyklyk Türkmenistanyň tutýan ýolunyň durnuklylygyny we netijeliligini dünýä giňişliginde  yzygiderli  pugtalandyrmaga  şert  döredýän  meşhur  syýasy ýörelgä  öwrüldi. Ählumumy ösüşiň  häzirki pursatlarynda şu ugry berk goldanmak  bilen, biziň döwletimiz  özüniň  dünýä bileleşiginiň  agzasy hökmündäki  syýasy we ykdysady täsirini barha artdyrýar. Bu günki gün keşbinde  halkymyzyň we Watanymyzyň  parahatçylykly ösüş ýolunyň belent ruhy jemlenen  berkararlyk baýdagymyzyň  saýasynda  zamananyň okgunly  ösüşinde öz mynasyp  ornuny eýeleýän Türkmenistan  Birleşen Milletler  Guramasynyň 67-nji mejlisine  dünýä halklarynyň  bähbitlerine gönükdirilen  anyk tekilipleriň  we başlangyçlaryň  birnäçesini  hödürleýär. Biziň ýurdumyz  ähliumumy energetika  howpsuzlygy babatda  ozalky öňe süren  başlangyçlarynyň  amala aşyrylmagyny  ilerletmek baradaky  öz tutýan ýoluny  Baş Assambleýanyň 67-nji mejlisinde  hem dowam  etdirer. Zeminiň ýüzünde adamzat  ýaşaýşynyň ekologiýa  howpsuzlygyny  üpjün etmek hem  Türkmenistanyň daşary  syýasat işiniň  mazmunynda  durýan esasy wezipeleriň  biridir.  Şeýle hem,  halkara  forumynda biziň döwletimiziň  ösüş ýolunuň  we halkara  hyzmatdaşlygynda   ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan  gumanitar hyzmatdaşlyk  barada täze teklipler  öňe sürler.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň  21 ýyllyk dabaraly  toýunyň öňüsyrasynda Birleşen  Milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasynyň mejlisinde  mähriban Watanymyzyň alyp barýan aýdyň syýasatynyň  düýp mazmunynyň  bütin  dünýäniň ünsüne  ýene bir gezek ýetirilmegi  häzirki döwrümizde  döwlet binýadynyň mizemez  esaslarynyň  kemala gelendigine  şaýatlyk edýän  buýsançly wakadyr. Munuň özi,  türkmen döwletiniň  umumadamzat  ösüşiniň wajyp  meselelerini çözmäge  doly derejede  gatnaşmak bilen, dünýä bileleşiginiň  abraýly agzasy bolup durýandygyny aňladýar. Watandaşlarymyz  üçin bu belent  derejäniň taryhy  ähmiýeti bar.
Däp  bolup gelşi ýaly,  şu ýyl hem mukaddes  Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň  öň ýanynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçiriler.  Bereketli Balkan topragynda geçiriljek  şu maslahatda  pähim – parasatly  ýaşulularyň gatnaşmaklarynda ösüş, özgerişler eýýamynda ýerine ýtirilen işler,   gazanylan üstünlikler, şeýle-de  döwlet durmuşynyň ilkinji  nobatdaky  meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň  ilkinji  ýylynyň 8 aýynyň jemleri ykdysady görkezijileriň  öňküleri ýaly  ýokary derejede saklanýandygyny görkezýär.  Jemi içerki önümiň  ösüş depgininiň  111,1 göterim artmagy  munuň aýdyň subutnamasydyr. Ykdysadyýeti,  energiýa serişdelerini dünýä bazaryna  çykarmagy diwersifikasiýalaşdyrmak syýasaty ykdysadyýetiň  ähli pudaklarynyň ösmegine  oňaýly täsir edýär. Ýurtda höküm sürýän durnuklylyk,  halkyň agzybirligi,  alnyp barylýan oýlanyşykly syýasat  ýurdumyza gelýän daşary ýurt  maýa goýumlarynyň möçberleriniň artmagyna  ýardam edýär.  Häzirki wagtda maýa goýumlarynyň  esasy bölegi ýurdumyzyň  senagatynyň toplumlaýyn  we köp ugurlar boýunça  ösdürilmegine,  döwrebap we kämil önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine,  sebit we halkara ähmiýetli  ulag geçelgeleriniň gurulmagyna,  ilatymyzyň ýokary derejede ýaşaýyş – durmuş şertleri bilen  üpjün edilmegine gönükdirilýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz  halkymyzyň  beýik gazananlarynyň biri bolup durýar. 21 ýyl mundan öň öz Garaşsyzlygyna eýe bolan döwletimiz parahatçylyga we  döredijilige  esaslanýan  ösüş ýoluny  saýlap alyp,  bu gün dünýäde  iň bir çalt depginler bilen  ösýän,  parahatçylygyň, asudalygyň  höküm sürýän  ýurdy hökmünde  uly  at – abraýdan peýdalanýar.
Erkana ýaşaýyň we ruhubelentligiň, döredijilikli zähmetiň  we joşgunly ösüşleriň  mesgeni bolan biziň Watanymyzyň,  halkymyzyň eşretli  durmuşyny üpjün edip  bilen berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şan – şöhratyny äleme ýaýýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 21 ýyllyk baýramyna işjeň taýýarlyk görýän halkymyzyň şatlygyna goşulyp, Türkmenistan döwletimiziň at – abraýynyň Ýer ýüzünde has-da belende galmagyny arzuw edip, watandaşlarymyzy ýetip gelýän Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!

http://gundogar-news.com/obshhestvo/block/2167/newsid/1074.aspx

Okalan sany: 1861   Jogaplar: ( 1 )

HEZRET
25 октября 2012

 Menem ähli halkymy ýetip gelen Garaşsyzlyk we Gurban baýramlary bilen gutlaýaryn !!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06869 sek. ýüklenen baýt: 39273