Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ÝÜREK BUÝSANJY
Ýazylan wagty: 11 ноября 2016 Ýazan NEXTTM

ÝÜREK BUÝSANJY


 “Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr” diýen parasatly pikirleri bilen Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ulgamyň ägirt uly ösüşlerine ýol açdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu has-da öz äşgär beýanyny tapdy.

“Bedenterbiýe we sport” žurnalynyň döredilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu neşir ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport ulgamyndaky aýajyp öňegidişlikleri öz sahypalarynda giňden beýan edýär hem-de yzygiderli şöhlelendirýär. 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny pugtalandyrmakda, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazanýandygy hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmetimi nazara alyp, şeýle hem baky Bitarap döwletimiziň beýik
Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Hormatly Prezidentimiz meni“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglady. Bu diňe maňa däl, eýsem tutuş žurnalyň redaksiýasynyň iýgärleriniň zähmetine berlen ýokary baha diýip düşünýäris.

Pursatdan peýdalanyp, berlen şa serpaýy üçin Arkadag Prezidentimize çäksiz hoşallygymy bildirýärin! Goý, onuň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!




Maýsa Öwezowa,
“Bedenterbiýe we sport” žurnalynyž baş redaktory, FIDE-niň ussady. 
Okalan sany: 244   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
12 ноября 2016

Maýsa Öwezowany menem tanaýaryn. Üstünliklerine begenip, guwanyp Şa serpaýy bilen gutlaýaryn. 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04058 sek. ýüklenen baýt: 32987