Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
EZIZIM, OT ÝAKDYM
Ýazylan wagty: 07 мая 2013 Ýazan KOROL
Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda,
Gel, otur, 
Geçeli ojak başyna.
Isleseň,
Ikimiz söhbet açaly,
Ýalyn ýalkym salsyn degre-daşyna.

Her kimiň öz derdi, 
Öz hyýaly bar,
Kim meýlise barýar,
Kimseler işe.
Emma ot başynda,
Ojak daşynda
Göwün posy açylýandyr hemişe.

Aýby ýok,
Käte sen böwrüňi diňläp,
Oýa gidip otursaň-da sedasyz.
Göreş tutup,
Hüjüm edip,
Hiç haçan
Ýeňen ýokdur ýer ýüzünde pidasyz.

Aýby ýokdur, 
Arzuw baryn eksegem.
Käte gaty güläýsegem, 
Aýby ýok.
Gözden gizlän hatamyzy aç-açan
Ot başynda biläýsegem,
Aýby ýok.

Arzuw-hyýal ot-ýalyna öwrülip,
Tüsse deýin gaýyp bolsun gussalar.
Elmydama taplaýandyr ot bilen
Ýalaw ýaly ýaraglary ussalar.

Ezizim, ot ýakdym ýol ýakasynda,
Sowul,
Çoýunmaga çagyrýan seni.
Ýylyn-da, ýoluňa gidiber ýene,
Kaýyl men,
Üşäňde ýatlasaň meni!

Okalan sany: 390   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
07 мая 2013


Korol! bu goşgyny özüň goşduňmy

marala
07 мая 2013

aý sag bola, Berekella Karl


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07139 sek. ýüklenen baýt: 30535