Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Türkmen edebiýaty – ýaş suratkeşlere ylham çeşmesidir
Ýazylan wagty: 16 декабря 2016 Ýazan NEXTTM
 Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen edebi mirasymyzy şekillendiriş sungatymyzda şöhlelendirmäge we sungat eserleriniň üsti bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryny geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmäge giň ýol açyldy. Milli Liderimiziň jaýdar belleýşi ýaly, «Oguznamalar», «Gorkut ata», «Görogly» eposlary, «Zöhre–Tahyr», «Şasenem–Garyp», «Saýatly–Hemra» ýaly yşky-liriki dessanlar, halkyň hakydasynda ömür dowamatyny tapan tymsallar, rowaýatlar, hekaýatlar we beýleki şahyrana döredijilik eserleri Oguznama ýordumynyň ajaýyp miweleridir» [Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. – A.: TDNG, 2015, 154-155 s.].
 Bitaraplyk baýramynyň önüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Gujurly ýaşlar” atly sergisi açyldy. Zehinli talyplaryň nakgaş, grafika, heýkel, külalçylyk eserleriniň arasynda  türkmen halk döredijiligine we nusgawy edebiýatyna bagyşlanan işler hem bar. Çünki sadessanlar hem dessanlar geçmişimiziň, anyk medeni durmuşymyzyň, taryhy ýagdaýlarymyzyň käbir sahypalaryny açmaga, edebiýatymyzyň taryhynyň üstüni doldurmaga kömek berýän bolsa, türkmen şahyrlarynyň keşpleri ýurdumyzda medeniýete, sungata, edebiýata goýulýan uly sarpanyň bardygyny görkezýär.
 Türkmen şadessanlary halkyň durmuşynyň belli bir döwründe uly taryhy ähmiýete eýe bolan wakany beýan edýän kyssa eserleri bolup, uzak möhletli wakalary öz içine alýar. Şekillendiriş sungatynda hem şadessanlardan alnan pursatlary suratlandyrmaklyk  taryhy žanryna degişlidir. Taryhy žanryna degişli eseri döretmek üçin diňe bir döwrüň ýagdaýyny we şertlerini, egin-eşigiň dogry suratlandyrylmagy bilen çäklenmän, eýsem şekillendirilýän wakanyň ýa-da şahsyýetiň halkyň durmuşynda tutýan taryhy ornuny  açyk görkezmäge hem ukyply bolmalydyr.
 2015-nji ýylda «Görogly» şadessanynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, ahlak ýörelgelerini, edim-gylymlaryny, isleg-arzuwlaryny, pelsepesini, dil baýlygyny özünde jemleýän bu şadessany ýaş suratkeşlere ençeme çeper eserlerini döretmäge ylham beripdir. Ýaş nakgaş Zakirjan Babaýewiň «Görogly. «Kyrk müňler» şahasy» atly monumental nakgaş işinde «Görogly» şadessanynyň «Kyrk müňler» atly şahasynda beýan edilýän bir pursat şekillendirilipdir. Taslamanyň merkezinde çarpaýa galan Gyrata atlanyp oturan Göroglynyň elindäki gylyjyny ýokaryk uzadyp durmagy onuň daş töwereginde duran uruş hünärini oňat bilýän, mert ýigitlerini, halkyň dürli wekillerini, uzak aralykdan ýetip gelýän duşmanlary mertlik bilen gaýtargy bermäge çagyrýan ýaly görkezilýär. Suratkeş toparlaryň we eseriň beýleki bölekleriniň şeýle bir ýerleşiş tertibini saýlap alypdyr, netijede ähli esasy çyzyklary Göroglynyň gylyjyny uzadyp duran eline gönükdirilipdir. Eserdäki gahrymanlaryň ýüz keşplerinde, hereketlerinde watansöýüjilik, wepalylyk, batyrlyk, gahrymançylyk, ugurtapyjylyk häsiýetleri şöhlelendirilip, häzirki döwrüň ýaşlarynyň göwünlerini göterýär, hyjuwlaryny artdyrýar, Watana bolan söýgüsini berkidýär.  Köp şekilli taslamanyň arassa, ýiti reňk öwüşginleri bilen ýerine ýetirilmegi, ýagtylyk bilen kölegäniň oýnunyň sazlaşykly peýdalanylmagy eseriň esasy mazmunyny açyp görkezmäge ýardam berýär.
 «Görogly» şadessanynyň «Göroglynyň öýlenişi» atly şahasynda beýan edilýän wakany Myratmergen Kulyýewiň «Agaýunus» atly monumental nakgaş eserinde öz beýanyny tapypdyr. Agaýunusyň haremhanasynyň bagynda Gyrata atlanyp, elinde dutaryny çalyp duran Görogly, «Howaly gyr» diýlen aty, perizat Agaýunus we onuň Gülşirin kenizi suratlandyrylan. Işiň birinji meýilnamasynda şekillendirilen akja kepderiler, keýikler we tawus guşlar eseriň baş meýlini, ýagny Görogly bilen Agaýunusyň arasyndaky söýgini alamatlandyrýar. Yzky meýilnamada bolsa Göroglynyň aždarhany ýeňip, dag gerşlerinin arasyndaky ýol we haremhananyň gapysynyň ýanynda çadyrda oturan garry kempir mamanyň keşbi ýerleşdirilipdir. Bu bolsa şadessanynda beýan edilen pursatlaryny giňişleýin düşünmäge ýardam berýär.  Gowy saýlanan we baglanyşdyrylan reňk öwüşginleri, ýagtylygyň we kölegeleriň gapma-garşylyklary eseriň mazmunyny açmaga ýardam berýär. Gyratyň öňünde duran Göroglynyň dutarly keşbini Patdyk Patdykowyň «Görogly» atly heýkelinde hem görmek bolýar.
 
 Döwletgeldi Gurbanowyň «Şasenem kenizleri bilen» atly stanok grafika eseri «Şasenem – Garyp» dessanyna bagyşlanypdyr. Yşky temasynda ýazylan bu dessanyň baş gahrymanlary Şasenem bilen Garybyň ýüz keşpleriniň umumy sudury görünýär.  Şasenem patyşanyň gyzy  köşgüň merdiwanyndan bagda dynç alyp duran kenizleriň ýanyna barýan görnüşinde şekillendirilipdir. Taslamanyň merkezinde bolsa Gülnahalyň (Akjanyň) we Ezberhojanyň keşpleriniň üsti bilen söýgä, dosta wepadarlyk, tutanýerlilik, salyhatlylyk, ugurtapyjylyk ýaly gowy gylyk-häsiýetleri şöhlelendirilýär. Eseriň çep tarapynda suratlandyrylan tagtda oturan Şasenemiň ejesiniň gazaply häsiýetli zenandygy we söýgüniň garşysyna öňe çykandygy onuň gapdalynda oturan ýyrtyjy haýwanlaryň şekilleri bilen düşündirilýär. Eseriň baş pikirini şöhlelendirýän kapasada oturan kepderileriň şekilleri gülüň şekiline geçip gitmegi bilen söýgüniň güýjüni görkezýär we ahyrynda Şasenem bilen Garybyň bir-birine duşýandygynyň nyşanyna öwrülýär. Iňçe çyzyklary bilen çekilen şekiller ak bilen gara reňkleriň arasyndaky ýiti gapma-garşylygyň has ýumşak bolmagyna getirýär.
 «Gorkut ata» türkmenleriň gahrymançylykly taryhy şadessany bolup, keşpler ulgamy boýunça örän baýdyr. Maksat Hudaýberdiýewiň «Gorkut ata» atly nakgaş eseri bu dessanyň «Salyr Gazanyň öýüniň ýagmalandygy» boýundan alnan pursaty şekillendirilipdir. Maksat Nurmetowyň «Gorkut ata» heýkeli Gorkut atany paýhasly, akyldar, halkyň ýakyn maslahatçysy, keramatly adamyň keşbi şöhlelendiripdir.
 «Saýatly-Hemra» yşky-liriki dessany esasynda döredilen Suraý Ýahýaýewanyň keramika işiniň ortaky böleginde arka görnüşli üç sany böleklere şadessanyň  iň gyzykly wakalary gündogar miniatýurasyndaky çeper serişdeleriň üsti bilen suratlandyrylypdyr. Birinji böleginde Selbynyýaz bilen Hemranyň toý edip duranlygy, ikinjide Hemranyň gaýybana Saýatlyhana aşyk bolandan soňra, ýola düşen pursaty we üçünjide bolsa Saýatlyhanyň we Hemranyň sährada bir-biri bilen duşan wagty suratlandyrylýar. Işiň beýleki bölekleri bolsa haşam görnüşinde ýerine ýetirilipdir.


 Nusgawy edebiýatymyzyň gahrymanlarynyň wekilleri Serdar Agaýewiň «Döwletmämmet Azady bilen ýaş Magtymguly» atly heýkel taslamasynda berilipdir. Döwletmämmet Azady binagärlik arkasynyň öňünde dik durup, onuň bir eli kitaby saklap dursa, beýlekisi bilen ol ýetginjeklik ýaşyndaky Magtymgula nesihat berýän ýaly görnüşde suratlandyrylypdyr. Çünki Magtymgulynyň ilkinji mugallymy onuň atasydygyny bellidir. Heýkel toparynyň aşaky böleginde bolsa haşam görnüşinde bulutlaryň sudurlary görkezilipdir. Keşpleriň hereketleri, duruşlary, ýüz-gözleriniň hereketleri gahrymanlaryň çylşyrymly ruhy dünýäsini açyp görkezmäge, içki psihologiki dünýäsini açmaga kömek edýär.


 Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen edebi mirasymyzyň gymmatly nusgalary esasynda sungat eserlerini döretmek mümkinçilikleri ýaş suratkeşleriň döredijiliginde hem uly seslenme tapmak bilen ýaş nesillerde mirasa, ruhy gymmatlyklara söýgi döredip, türkmen halkynyň ýaşaýyş durmuşyny, şöhratly geçmişini, milli gymmatlyklaryny, ýol-ýörelgelerini çeper taýdan beýan etmäge badalga berýän ylham çeşmesidir.


J. Baltaýewa, 
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy
Okalan sany: 548   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06648 sek. ýüklenen baýt: 39376