Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Beýik Ýeňşiň ýalkymy
Ýazylan wagty: 09 мая 2013 Ýazan Mayichka

Beýik Ýeňşiň baýramy edilýän güni. Elbet-de, şol şanly günüň esasy myhmanlarynyň döşleri seteran orden-medally, ýüzlerinden nur dökülip duran goja weteranlardygy hemmä düşnüklidir. Olaryň hersi şol elhenç urşuň ähli kynçylyklaryny öz gerdenlerinde çeken ynsanlar. Birnäçeleri bolsa şol gazaply urşuň ýarasynyň jepasyny şu günlerem çekip ýörler.  


Bu gün Beýik Ýeňşiň toýun toýlaýas ,


Geliň, Beýik Ýeňşi toýlalyň bile.


Biz hiç kime howp salamzok,şoň üçin


Hiç kimse howp salyp bilmezem bize.


 


Parahatlyk söýýäs,


Urşa garşy biz.


Ýatladýas gussaly, batly pursatda:


Şatlygmyzy bozdurmarys hiç kime,


Gussamyzam mukaddesdir gursakda.


 


Bu gün Ýeňiş toýy toýlanýan güni,


Doly ýatlaýarys geçen urşy biz.


Şatlygymyzam,


                        Gussamyzam ýeterlik,


Şonuň üçin


                         Mydam urşa garşy biz.


Sebäp,


.                        kynlyk bilen ýeňşe ýetdik biz


Kän pidalar bilen duşmandan dyndyk.


Bu gün bizde näçe şatlyk bar bolsa,


Bar şonça-da ýüregmizde gamgynlyk.


Okalan sany: 393   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
09 мая 2013

BEÝIK ÝEŇŞIŇ 68 ÝYLLYGY GUTLY BOLSUN !!!

Betman
09 мая 2013

yahooyahooyahoo

good

Mayichka
10 мая 2013

Betman ! sen gowy surat tapypsyň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08101 sek. ýüklenen baýt: 36810