Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
BILÝÂNLERIÑIZ BILMEÝÂNLERIÑIZE DÜŞÜNDIRIÑ !
Ýazylan wagty: 09 января 2017 Ýazan Mayichka
Bilýänleriňiz bilmeýänlere düşündiriň!
Günlerde bir gün Ependi metjide baryp, münbere çykyp:
– A-how, musulmanlar! Meniň näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip, adamlara ýüzlenipdir.
Adamlar:
– Ýok bilemzok – diýipdirler.
Onda Ependi:
– Aý, onda bilmeýänlere wagyz etmegiň geregi-de ýok – diýip, münberden düşüp
gidipdir.
Soňra bir gün ýene metjide baryp, münbere çykyp:
– Eý, doganlar! Meniň size näme diýjegimi bilýäňizmi? – diýip sorapdyr.
Adamlar:
– Hawa, Ependi, bilýäris – diýip jogap beripdirler.
Onda Ependi:
– Aý, bilýän bolsaňyz, onda meniň wagyz etmegimiň hajaty ýok – diýip, münberden düşüp gidipdir.
Adamlar onuň bolşuna geň galyp:
– Eger Ependi ýene gelip soraýsa, «Käbirimiz bilýäris, käbirimizem bilemzok» diýip jogap bereliň – diýen maslahata gelipdirler.
Ependi ýene-de bir gün münbere çykyp:
– Eý, möminler! Meniň size näme wagyz-nesihat etjegimi bilýäňizmi? – diýip ýüzlenipdir. Onda adamlar!
– Hawa, Ependi, käbirimiz bilýäris, käbirimiz bilmeýäris – diýip, jogap
berenlerinde Ependi:
– Be-ýe, neneňsi ýagşy adamlar ekeniňiz. Onda bilýänleriňiz bilmeýänlere düşündiriň – diýip, münberden düşüp gaýdypdyr.

Okalan sany: 808   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05378 sek. ýüklenen baýt: 30937