Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
HALTA HASABYNA SEREDENIÑDE...
Ýazylan wagty: 09 января 2017 Ýazan Mayichka
                      Halta hasabyna seredeniňde...
Ependi Oraza aýy bolanda özüçe pikirlenip:
– Maňa adamlaryň hasabyna görä agyz beklemek nämä gerek?! Bir halta alyp, onuň içine her gün ownuk daş ataýyn. Haçan-da ol daşlar otuza ýetende öz hasabym bilen Oraza baýramyny bellärin – diýipdir. Şeýdip ol her gün agzyny açanda, ol halta bir daş oklar eken. Oraza aýynyň 21-i bolanda Ependiniň gyzy haltadaky daşlary görüp:
– Atam näme üçin daş saldyka? – diýip, ol hem bir mukdar maýda daşlary getirip, halta salýar. Şol gün bir kişi Ependiden:
– Orazanyň näçe güni galdy? – diýip sorapdyr. Ependi:
– Biraz garaş, men öýüme gidip, hasap haltamy görüp, jogabyňy bererin – diýip, öýüne baryp haltadaky daşlary döküp, sanap görýär. Görse daşlar 165-ýe ýetipdir.
Ependi adamlardan Oraza baýramyna sekiz gün galandygyny eşiden ekeni. Ol 165-iň üstüne sekizi hem goşýar. Şeýdip, bu san 173-ýe ýetýär. Ol: «Eý, Alla, bu ýylky orazany 173 gün edip ýaradypsyň» diýip, haýran galýar we:
– Eger soragça 165 gün diýsem ol hökman meni masgaralap, üstümden güler. Indi
gel 100-ini taşlap, 65 gün diýeýin – diýip, daşary çykýar hem-de ol adama:
– Eý, gardaş, mübärek Remezan aýy 65 gün bolupdyr – diýýär. Ol adam kah-kah gülüp:
– Bir aý doly 30 gün bolýar. Siz nähili 65 gün diýýärsiňiz? – diýipdir. Onda
Ependi:
– Eý, akmak, şindem men ynsap edip ýüzüni aýyrdym. Eger halta hasabyma seretsem, bu ýyl Oraza aýy 173 gün eken. Oraza baýramyna sekiz gün galdy. Seniň ýaly nadan kişiler bilen mundan artyk sözleşsem, aklyma zeper ýeter – diýip, öýüne
girip gidipdir.

Okalan sany: 606   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05262 sek. ýüklenen baýt: 30498