Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
HIÇ YNANMA !
Ýazylan wagty: 14 января 2017 Ýazan Mayichka
Hiç ynanma!
Günlerde bir gün Ependi hammal bolup bazara çykýar. Bir söwdagär ony görüp, özüniň horjun doly käse-çäýnegini bazardan öýüne alyp gitmegini sorapdyr. Ependi
hem:
– Zähmet hakyna näçe tölejek? – diýip sorapdyr.
– Zähmet hakynyň ýerine saňa üç sany nesihat söz aýtjak – diýip, söwdägar jogap
beripdir.
Ependi onuň teklibini kabul edip, horjuny gerdenine alyp ugrapdyr. Bular ýaňy ýola düşenlerinde Ependi söwdagäre:
– Hany, birinji nesihatyňy aýt! – diýipdir.
Söwdagär bolsa:
– «Açlyk doklukdan gowy» diýseler, ynanmagyn – diýipdir.
Bu manysyz söz Ependä hiç täsir etmändir. Näme-de bolsa ol hiç zat diýmän, söwdagäriň yzyndan gidiberipdir. Olar orta ýola baranlarynda Ependi söwdagäre:
– Ikinji nesihatyňam aýt! – diýipdir.
Söwdagär:
– Uzak ýola gideňde «Pyýada atlydan gowy» diýseler, ynanmagyn – diýipdir.
Ependi bu manysyz sözi eşidende hem hiç zat diýmändir. Ýöne aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkap gidiberipdir.
Soňra olar söwdagäriň öýleriniň gapysynyň agzyna gelip duranlarynda, Ependi:
– Üçünji nesihatyňy hem aýt, eşideli – diýipdir.
Onda söwdagär:
– «Dünýäde seniň ýaly akmak bar» diýseler ynanmagyn – diýipdir.
Bu söze Ependiniň birden gahary gelipdir. Ol gerdenindäki horjuny eline alyp, bulap-bulap, başyndan aşyryp, ýere urupdyr-da:
– Saňa hem «Uly horjunyň içindäki zatlaryň biri döwülmän galdy» diýseler, sen hem ynanmagyn – diýip gidiberipdir.

Okalan sany: 632   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04952 sek. ýüklenen baýt: 30839