Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Hakyky söýgi.
Ýazylan wagty: 06 февраля 2017 Ýazan NEXTTM
Günleriň birinde bir aşyk köp wagt bäri görüşmedigi magşugyny göresi gelipdir...hiç hili çydap bilmändir we magşugyna tarap ýollara düşüpdir.
Magşugy başga bir şäherden bolanlygy üçin günlerçe ýol ýöräpdir. Gelipdir magşugynyň gapysyna we umyt bilen kakypdyr gapysyny. Içerden ses gelipdir :

- kim ol?

Aşyk : "men geldim" diýipdir. Içerden ýene-de ses gelipdir :

- "sen henizem bar bolsaň, gelen hem sen bolsaň git ýene-de biraz ýan. heniz birleşmegmiziň wagty gelmändir..." diýipdir.

Aşyk hiç zada düşünmändir. Bu sözlerden soň näme etjegini bilmän gidipdir uzaklara. Ençeme çölleri söküpdir. Pikirlenipdir, ýene pikirlenipdir : "magşugym näme diýmekçi bolduka bu sözler bilen" diýip. Ençeme ýyl özüni horlapdyr, özüni pida edipdir. Yzynda özüne mahsus bolan hiç bir eser galmanmyş, özi hem...
Ýyllar soňra ýene-de gelipdir magşugynyň gapysyna. Gapyny ýene kakypdyr. Içerden bir ses gelipdir :
- kim ol?

- "sensiň, sen geldiň." diýeninde, gapy soňuna çenli açylypdyr.

"Yşk" gelmek üçin "men"-iň gitmesine garaşar.
Eger, "sen" henizem bar bolsaň bu dünýäde, eger senden henizem zerre ýaljak hem bolsa bir eser bar bolsa...eger magşugyň ýanynda sen hakda bir söz sözlenip bilinýän bolsa, araňyzda "hakyky söýgi" ýokdur...

Okalan sany: 1919   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05846 sek. ýüklenen baýt: 31396