Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
Menä, sizi güldürmekçi bolýaryn...(Degişmeler)
Ýazylan wagty: 18 мая 2013 Ýazan Garabeg
Günlerde bir gün, obanyň jahyl ýigidi  aýnaly şkaf satyn alyp öýüne getirip ýaňky şkafyň aýnasyna seredip: - Heý heleý aýna bir seret bize doganym myhmançylyga gelen ýalyla, onda aýalam aýna seredip: - Wii, hawa kakasy, ýany bilen betnyşan heleýnem getiripdirmi?....diýişip özlerinden monça bolupdyrlar.  

Öňler, ogrudan gorasyn diýip, maşynyň ýanyna iti daňypdyrlar. Eýesi irden turup görse, maşynyň tekerleri ýokmuş, ogurlapdyrlar... Maşynyň aýnasynda bolsa: “Itiňize zat diýmäň. Ol üýrdi…” diýip ogrylar hat ýazyp gidipdirler. Ol haty okap gören maşynyň eýesi beýle bolsa itiň özüni ogurlasaň bolmadymy, heý.... deýýus akylam beren bolýaraý. 
 Jygyllykda bir türkmen daýzasy keçe satyn alypdyr. Moýmudyklap, zordan keçesini süýräp bir taksistiň ýanyna barypdyr.
 Daýza taksiste „bagažyňy aç“ manysynda şeýle diýýär: -Oglum syrtyňy aç, keçäni salaýyn. Taksistem garagol eken. Daýzadan kem galmandyr: -Daýza jan, keçäň sygmaz! Daýza welin ondanam ökde eken. Taksiste şeýle jogap berýär: -Sygar oglum, sygar! Keçäni eplapjik dykaryn welin sygar. 

Molla we polisiýa ikisi durmuşdan zeýrenişip barýamyşlar. Birdenem iki sany adamyň erbet urşyp duranyny görýäler. Polisiýa bulary aralajak bolýar, emma molla: -Dur oglum, entek wagty gelenok… - diýýar we polisiýany saklaýar. Ine-de, uruşýanlaryň biri beýlekisini pyçaklap öldürdi. Şondan soňra molla: -Ine, oglum! Indi barsak bolar. Olaryň biri seniňki, beýlekisi bolsa meniňki! Ha ha ha ha


Bir ullakan mashgala bolupdyr. Ol mashgalada 8 adam yashapdyr. Ol mashgalada Ependi milisiya bolup isleyar eken. Bashga isleyan adam bolmanson, ol oglymyz okasyn, adam bolsun diyip daşary yurda, okuwa iberyar. 1 yyldan yanky ogly 1 kursy tamamlap oyune gelyar. Indi agşamlyk çaý içip otyrkalar ogly: - kaka daşary ýurdyň  adamlary zor, 1-2 piýala nahar bilen garnyny doyuryalar diyse. Ependinin gahary gelip, iyip otyran naharynam goyup: - o nahili olar zor bolyaray. Menow yeke piýala bn 8 adamyn garnyny doyuryan. Diyyar….

Okalan sany: 604   Jogaplar: ( 1 )

marala
18 мая 2013

 hahahahahahahahahahahahahahahahhaha.....menem erte birun bular ýaly degişmeler ýetirjek


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05494 sek. ýüklenen baýt: 31415