Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Gürleýän guýy.
Ýazylan wagty: 09 марта 2017 Ýazan NEXTTM

Gürleýän guýy.

Hekeýäň ady göçme manyda däl, guýy hakykatdanam gürleýär, siz muňa özüňiz göz ýetirip bilersiňiz. Süýji suwly guýy, edil obaň ýüreginde. Obaň ady üç guýy, sebäbi ol obada üç sany guýy bar, iki guýy ajy suwly, bir guýy süýji suwly. Guýular bir birinden daşda däl, el uzadaýmaly, ýöne barybir suwlary tapawutly. Biziň wakamyz süýji suwly guýy barada gider. Ajy suwly guýular bize gyzykly däl, ol guýulardan adamlar suw içenoklar, ol guýulardan mal-gara suw berýärler. Süýji suwly guýy adamlar üçin has wajyp bolansoň, oňa seredilşem üýtgeşik. Guýyň çermegi dag daşy bilen, adam biline çenli örülen. Beýle ýagdaýyň iki bähbidi bar, birinjisi guýa kijijek çagalar we käbir haýwanlar gaçmaz ýaly, ikinjisi ýel şemal wagty guýa çäge tozamaz ýaly. Guýy üçin dag daşlaryny getirmegiňem özi uly zähmet, daş töwerekde daş alara ýer ýok, iň golaý ýer Köpetdag. Ýöne nähili bolandada guýyň çermegi dag daşlary bilen örülen. Ol agyr zähmedi kim öz egnine aldy, obaň adamlary bilenok. Hatda obaň iň garry ýaşaýjysam, ol guýyň haçan gazylanyny, kim gazanyny we daşyny daşlar bilen kimiň örenini, iň bolmanda rowaýat, erteki görnüşindede hiç zat bilenok. Adamlaň ýady gysga we ynamsyz. Çölde saňa habar saklaýan kitaphanalar ýok, şoň üçin bir habary nesilden nesili geçirjek bolsaň, hökman erteka ýa-da rowaýata büremeli. Ýöne üç guýy obaň ýaşaýjylarynyň, öz guýylary barada hiç hili ertekisem ýok rowaýadam. Geň ýeri, süýji suwly guýyň ady, okap oturan hekaýaň ady bilen deň. Howwa. Oba ýaşaýjylary ol guýa "Gürleýän guýy" diýýäler. Ýöne ol adyň nirden gelip çykanyny hiç kim bilenok. Şemal wagty, guýyň agzyna ýel ilip, adam sesine meňzeş aýylganç ses çykarýar. Käbir ýaşaýjylar bolsa şol ses üçin hem guýa gürleýän guýy diýilendir diýip çak edýärler. Guýy beýle sesi her bir ýelde çykaryp ýörenok, diňe şemal gündogardan öwsen wagty. Garaz ol guýy azajyk geňiräk, ýöne näçe geň bolsada öz gönümel wezipesini ýerne ýetirýär, adamlary suw bilen üpjün edýär.

Günleriň bir güni şol guýa obaň bir gyzy öz küýzesini gaçyrdy. Guýyň daşyndaky daşdan diwaryň üstünde öz küýzesini goýdy, küýze bolsa ýykylyp guýa gaçdy, gyz oňa elini degirmedi, hamala küýzäni başga biri iten ýaly, ýa-da küýzäň duran daşy tekiz däldi? Ony eýýäm hiç kim bilenok. Näme bolandada küýze indi guýyň düýbinde ýatyr, alyp bolar ýaly däl. Biziň hekaýamyzam şol guýa gaçan küýzeden soň başlaýar, sebäbi gürleýän guýy bilen gyzyň birinji şerti, şol küýzäň üstünde baglanşyldy. Hekaýa başlamazdan öň, elbetde gyz barada we başgada gahrymanlar barada size aýdyp bermek zerurdyr? Gyz barada awtorda edil şu wagyt aýdara hiç zat ýok, sebäbi gyzy başdan aýak indi oýlap tapmaly. Howwa, gyz entek çyg, bişmedik. Ol barada ýekeje aýdyp boljak zat, ýere ýetip, yzyna aýlanyp duran, uzyn gara saçlary bar. Ýöne gyz diýen zat diňe owadan uzyn saçlar bilen gutarmaýar, oňa at, sypat we häsýet gerek, ondan daşgaryn jemgiýetde tutýan orny hem gerek. Eger awtor hakyky durmuşdan bir gyzy alyp, şoň häsýetlerni hekaýadaky gyza geçiren bolsa, belkem aňsat bolardy. Ýöne awtor beýle etmäge gorkýar, sebäbi ol ynanýar; Eger hakyky dünýeden alnan gyzy, hyýaly dünýä geçirip, ol barada her hili zatlar ýazyp ugrasaň, kim saňa güwä geçip biljek hakyky dünýedäki gyz, öz hyýaly dünýedäki ekiz taýynyň ykbalyny paýlaşmaz diýip? Şoň üçin awtor öz baş gahrymany gyzy, tutuşlygyna noldan oýlap tapmaly diýen netijä geldi. Goý hyýaly dünýedäki gyz bilen, hakyky dünýedäki hiç bir gyz kesişmesin.

Awtor gyzy oýlap tapyp başlamaka siz göz öňüne getiriň; uzyn saçly gyz, hapa çägäň
Okalan sany: 310   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06389 sek. ýüklenen baýt: 32988