Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň hereket işjeňligini ýokarylandyrmakda hereketli oýunlaryň ähmiýeti.
Ýazylan wagty: 20 мая 2013 Ýazan NEXTTM
Kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynyň hereket işjeňligini ýokarylandyrmakda hereketli oýunlaryň ähmiýeti.
      Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ýolbaşçylygynda häzirki wagtda Berkarar Döwletiň bagtyýarlyk döwründe düýpli özgertmeleri başdan geçirýän ýurdumyzda ertirimiziň eýeleri bolan körpe neslimiziň hemme taraplaýyn ösüşini gazanmak üçin örän giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Alymlar we pedagoklar hereketli oýunlary gadymy wagtlardan bäri öwrenipdirler we olary ýaş ösüp gelýän nesli hemmetaraplaýyn terbiýelemekde esasy serişdeleriniň biri hökminde peýdalanypdyrlar. Çagada hereket edmäge bolan talap güçlidir sebäbi onuň bedeni çalt ösýär. Hereketli oýunlaryň üsti bilen çaga öz aklyny baýlaşdyrýar. 

Milli hereketli oýunlaryny sportuň görnüşleri bolan woleýboluň, basketboluň, futboluň elementleri bilen geçirmeklik teklip edilýär. Olar çagalaryň bedenine köptaraplaýyn täsir etmek bilen beden taýýarlygyny gowulandyryp, sportuň görnüşlerine bolan höwesini artdyrýar. Milli hereketli oýunlaryny, ýaryş, bäsleşikgörnüşinde geçirilse örän peýdaly bolar: topy bir el bilen ýere urup alyp gitmek, topy birek – birege bermek bilen baglanyşykly estafetalar, ýöräp, ylgap biri birinden ozmaklyk, topy halka düşürmeklik, ýüpden bökmeklik, topy nyşana degirmeklik we ş.m. maşyklar. Çagalar köplenç köpçülikleýin bolup oýnaýarlar. Buda çagalara ýoldaşlyk dostlyk ýaly gowy gylyk häsiýetleri terbiýeleýär. Oýunlaryň düzgünlerini dogry ýerine ýetirmekleri körpelerde dogryçylygy akýürekliligi terbiýeleýär. Biz hereketli oýunlarda hereketiň esasy görnüşleriniň hemmesini tapýarys: ýöremek, ylgamak, bölmek, zyňmak, päsgelçilikden geçmek. 

Oýunlary dogry gurap geçirmek okuwçylaryň ünsini, çeýeligini, çydamlylygyny, güýjüni, çakganlygyny ösdürýär, şeýlede toparlaýyn oýunlar dostlygy we ýoldaşlygy terbiýeleýär. Hereketli oýunlar köplenç daşarda açyk howada oýnalýar. Hereketli oýunlarda esasy ulanylýan enjamlar baýdaklar, gimnastiki oturguçlar, toplar, ýüpler, halkalar, estafeta taýaklary, haltalar we beýlekiler. Mugallym okuwçylaryň oýunlaryna hemişe ýolbaşçylyk etmeli. Gekjekki nesliň ýaşlykdan sagdyn, berk bedenli, gollary kuwwatly, pälim-paýhasly bolup ýetişmeklerinde, akyl taýdan ösen we sowatly bolmaklarynda hereketli oýunlaryň uly ähmiýeti bardyr.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň mugallymy Läle Annamyradowa
Okalan sany: 466   Jogaplar: ( 4 )

Krassavchik
20 мая 2013

sport chareleri yashlar uchin kan uns beripyar bizin dowletimizde!!!! sagbol awtor gyzykly maglumat berdin!!!

KOROL
20 мая 2013

dine yashlar uchin dal uly yashly adamlar uchinem sport chareler bolsa zyyan bolmazdy!

Betman
20 мая 2013

sporty her kim özüçe geregini alsa gowy bolaýmasa, menä bilmedim.... 

Mayichka
20 мая 2013


Agzalar! menem siziň pikirleriňiz bilen ylalaşýaryn


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05560 sek. ýüklenen baýt: 33898