Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Men ejemiň ýanyna gitdim...
Ýazylan wagty: 20 марта 2017 Ýazan NEXTTM

Sen nirede bolduň?
   - Men ejemiň ýanyna gitdim... 
 - Näçe wagt çydamak bolar? Sen soňky döwürler uzak günüňi şol ýerde geçirýäň... 

Adamsy gaharlandy...  Aýaly bolsa jogap deregine diňe dymýardy...

Seniň häsiýetiň gowşak... Sen öň beýle däldiň... Biz bäş ýyl bäri bile ýaşaýarys, emma indi men saňa çydaman ugradym... Belki, men başgasyny tapynmalydyryn? (göwniýetmezçilikli ýylgyryş bilen aýalyna seretdi).
Näme isleseň edäý... Aýaly nahar taýýarlap duran ýerinden arkaýyn jogap berdi... Ol beýle jogaba garaşmandy, stoluň başyndan turdy-da, öýden çykdy... bir belgileri basyp jaň etdi... - Allo!!! Salam kiçijegim!!! Näme işleýäň?
-Mmm))) Ezizim, men ýaňyja ukudan oýandym... Seni göresim gelýär)))
-Meň mähribanym!!! Men seň ýanyňa barýan))) Sen meni naharlarmyň? Men örän aç...
Elbetde))) Garaşýan!

Ol ýylgyrdy we maşynyny otlady... Ýolugra, ol gül satylýan dükana girdi we dok gyzyl reňkli güllerden bogulan çemeni satyn aldy... ''Bu onuň halaýanlary'' diýip ol pikir etdi... Ýolda barýarka ol erbet awtoulag heläkçiligini gördi... Bir adamy maýyplar arabasynda sürüp barýardylar, onuň bir aýagy ýokdy... Ol muny görüp erbet boldy, emma kellesine bir pikir geldi. Ol öwrümden yzyna öwrüldi we özüniň hirurg dostunyň ýanyna sürdi, hassahana baryp, oňa gürleşmegi haýyş etdi. Olar daşyna çykdylar welin ýigit ýylgyrdy:
Diňle agam, men bir gyzy barlap görmek isleýärin... Maňa kömek edip bilermiň? dosty güldi-de, soragly nazar bilen bakdy:
Eýsem, sende aýalyňdan başga-da biri barmy? 
Hawa! Meniň söýgülim...
Söýgülim? Haçandyr, bir wagtlar sen diňe ony ýeke-täk söýgüliň hasaplaýardyň...
Aý, ol öň bolupdy, indi ol öňküsi ýaly däl. 
Men saňa kömek ederin, ýöne sen bilmelisiň. Seniň ajaýyp aýalyň bar... Ýöne sen nebisjeň we gözüň aşagynda duran zady görmeýärsiň. Saňa hemişe hemme zat az...
 Ýigit dostunyň sözlerini diňlemek hem islemän, minnetdarlyk bildirdi-de, palata girip gitdi...

Allo, mähribanym!!! Sen eýýäm geldiňmi? 
Salam, biz Şäher Hassahanasyndan jaň edýäris... Iň soňky gezek jaň edilen belgi siziňki eken... Ýaş ýigit ýol heläkçiligine uçrady... Ol örän uly ýitgi çekdi...
Oňa näme boldy? Ol dirimi?
Ol diri, ýöne biz onuň iki aýagyny hem kesmeli bolduk...
Ol ýaşarmy?
Hawa, siz gelip bilermisiňiz?
Bilýäňizmi näme? Ol meniň ýönekeý bir tanşym. Onuň aýalyna jaň ediň. Telefonyny%9
Okalan sany: 203   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06319 sek. ýüklenen baýt: 32534