Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
BAŞA-BAŞ SÖWEŞ SUNGATYNYŇ SÖZLÜGI.
Ýazylan wagty: 21 мая 2013 Ýazan Mayichka
  
Ýurdumyzda raýatlaryň saglygy, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri edilýär. Bedenterbiýe we sporty ösdürmäge aýratyn üsn berilýär. Çünki bedenterbiýäni we sporty giňden wagz etmek ýaş nesli 
zyýanly endiklerden saplamaga, ilatyň saglygyny berkidip, 
 ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sportuň dürli görnüşleri
 boýunça ýaryşlar geçirilýär.

AÝKIDO...[ýaponça. Göni manysy – sazlaşyga we gujur gaýratlylyga ýol]. Ýaponiýada dörän söweş sungaty. Goranmagyň fiziki taýýarlykulgamy. Bu söweş sungatynyň esasy maksady – garşydaşyň garşysyna agyrdyjy emelleri, zyňyş emellerini ulanmak, ony aljyraňňy ýagdaýa salmak we deňagralylykdan çykarmakdyr. Gündogaryň beýleki söweş sungatlaryndan tapawutlylykda, garşydaşyňa ruhy taýdan täsir edip, ony etjek bolýan emelinden, tilsiminden boýun gaçyrmaga ýa-da tutluşykdan yza çekilmäge mejbur etmek.
BOKS [iňlisçe. box, göni manysy - ugry].

Sportuň başa-baş söweşi, ýörite ýumşak  ellikde ýumruklaşmak boýunça ýaryşmak. Bu başa-baş söweşiň maksady bilen ýokardaky duýgur beden agzalaryna ýumruk bilen dürs, güýçli urgulary etmek ýa-da garşydaşyňy deňagramlylykdan çykaryp, nokaut, nokdaun bilen ýeňiş gazanmakdyr. Ýaryşda ýerine ýetirilen dürs, güýçli urgular hasaba alnyp, şonuň netijesi boýunça ýeňiji yglan edilýär.

DZÝUDO ...{ýaponça. judo < jü – pähimli, ýumşak+do-sungat}.XIXasyryň ahyrlarynda Ýaponiýada sport göreşi hökmünde dörän we häzirki döwürde dünýäde giňden ýaýran sport göreşi. Dýuzdo jiu-jitsu söweş sungatynyň esasynda dörän kämilleşen sport göreşidir. Bu başa-baş söweş sungatynda tutmak, zyňmak, saklamak ýaly göreş emelleri bilen bir hatarda garşydaşynyň beden agzalaryndan ýa-da dzýudogi (kimono) göreş lybasyndan tutup, agyrdyjy we bogujy emelleri ulanmaga rugsat berilýär. Arassa ýeňiş – “ippon” gazanmak üçin, arassa zyňyş, agyrdyjy boguş ýa-da saklamak emelini amala aşyrmaly. Halkara dzýudo federasiýasy 1956-njy ýylda esaslandyryldy we şol ýyl dzýudo boýunça dünýä çempionaty geçirildi.
Olimppiýa oýunlarynyň programmasyna 1964-nji ýylda girizildi.

ERKIN GÖREŞ...Başa-baş göreşiň giňden ýaýran görnüşi. Göreşiň maksady garşydaşyňy ýykyp, kebzesini düşekçä degirmek. Göreşiň bu görnüşinde aýakdan tutup ýykmaga we aýak bilen badak salmaga rugsat berilýär. Garşydaş pälwanyň garşysyna boguş we agyrdyjy emelleri ulanmak gadagandyr. Erkin göreş ýumşak düşekde  geçirilýär. Pälwanlaryň geýimi galyň trikotaž matadan tikilen göreş trikosy we ýörite göreş aýakgabydyr.

GÖREŞ...Türkmen milli göreşi. Göreş milli lybasda (don ýa-da çäkmen we matadan edilen guşak) geçirilýär. Tutluşykda pälwanlar hökman iki eli bilen bir-biriniň guşagyndan tutmalydyr. Garşydaşynyň dabanyndan başga ýerini üç gezek ýere degirmegi başaran pälwan ýeňiji diýlip yglan edilýär. Aýak bilen badak salmak we çilşirmek  emellerini ulanmaga rugsat berilýär.

GREK-RIM...GÖREŞI. Sport göreşiniň giňden ýaýran görnüşi. Göreşiň maksady garşydaşyňy ýykyp, kebzesini düsekçä degirmek. Erkingöreşden tapawutlylykda, grek-rim göreşinde aýakdan tutup ýykmak we aýak bilen badak salmak gadagandyr, diňe bilden ýokardaky beden agzalaryndan tutup, tilsim, emel ýerine ýetirmäge rugsat berilýär. Pälwanlaryň geýimi galyň trikotaž matadan tikilen göreş trikosy we ýörite göreş aýakgabydyr.

GÜNDOGARYŇ SÖWEŞ SUNGATY...Günorta — Gündogar Aziýada: Hytaýda (uşu), Koreýada (taekwondo), Ýaponiýada (dzýudo, karate, aýkido, kendo we ş.m.) gadymy döwürlerden bäri ornaşdyrylan ýaragly ýa-da ýaragsyz goranmak we hüjüm etmek boýunça bedenine taýýarlygy boýunça ulgam. Gündogaryň başa-baş söweş sungatlaryndan özüniň filosofik, moral-etik garaýyşlary bolup, adamyň diňe bir beden däl-de, eýsem, ahlak terbiýesine we ruhytaýdan kämilleşmegine ýardam berýär. XX asyryň ikinji ýarymynda bu söweş ulgamlary sport görnüşleri hökmünde dünýäde giňden ýaýrady.

KARATE...{ýaponça. kara —ýaragsyz, te —el}. Ýaponiýada dörän milli söweş sungaty. Garşydaşyň bedeniniň duýgur ýerlerine el we aýak bilen urgy ýerine ýetirmek hem-de ýaragsyz goranmak ulgamy. Karate boýunça türgenleşik maşklar toplumy türgeniň fiziki we ruhy taýdan kämilleşmegine ýardam edýär.
KARATE-DO {ýaponça. kara—ýaragsyz, te—el we do—kämillige tarap ýol, dünýäni öwrenmek}.
   
1.XX asyryň 20—30-njy  ýyllarynda döredilen, ýaragly ýa-da ýaragsyz garşydaş bilen söweşmek boýunça Ýaponiýanyň milli söweş sungaty.
  
2.Sportuň başa-baş söweş sungatynyň göreşi. Ýapon dilinden terjime edilende, “ýaragsyz, boş eller” diýmegi aňladýar. Häzirki wagtda bu söweş sungatynyň iki ugry kämilleşdirilýär: galtaşykly we galtaşyksyz karate-do.
Galtaşykly karate-do. Garşydaşyň bedenine el we aýak bilen hakykatdan urgy indermek (urmak). Sport lybasy – kimono. Türgenlere şikes ýetmezligi üçin, goranyş esbaplaryny (baş goragyny, döşlük, ýuka ýerleri goraýan esbaplar hem-de dyzlyk we tirseklik) geýmäge, şeýle hem eliniň penjesine sargy sarmaga rugsat berilýär.
  
Galtaşyksyz karate-da... Garşydaşyň bedenine degmän, el we aýak bilen urýan mysaly hereket etmek. Bugörnüşde urgy inderiş we goranyş tilsimleriniň ýerine ýetirliş tehnikasyna baha berilýär. Eger-de el we aýakurgulary garşydaşyňa degse, türgene jerime utuklary bellenilýär ýa-da ol ýaryşy dowam etmekden mahrum edilýär

KIKBOKS... {iňlisçe. Kickboxing < kick — urgy, depgi +  boxing — bokslamak}.
Boks sportundan alnan el urgularyny we Gündogaryň söweş sungatlaryndan alnan aýak urgularyny özünde jemleýän başa-baş söweşiň bir görnüşi. Garşydaşyň kellesine we guşaklykdan ýokarsyna ýumruk hem aýak bilen urmaga, şeýle hem dabanyň iç we daş tarapy bilen garşydaşyň aýagyna urgy etmäge rugsat berilýär. Ýaryşyň maksady düzgünleri bozman, el we aýak urgulary bilen garşydaşyňy deňagramlylykdan çykaryp ýa-da nokaut, nokdaun bilen ýeňiş gazanmakdyr. Ýaryşda amala aşyrylan dürs, güýçli urgular hasaba alnyp, şonuň netijesi boýunça ýeňiji yglan edilýär.

KÝOKUŞINKAÝ KARATE... Bu söweş sungaty boýunça sport ýaryşlary goranyş esbapsyz doly gatnaşykda geçirilýär. Söweşde güýçli aýak we el urgulary köp ulanylýar. El bilen garşydaşyň kellesine urgy ýerine ýetirmek gadagan.
KURAŞ. Kuraş häzirki Özbegistanyň çäginde dörän gadymy başa-baş göreş. Bu göreşde diňe dik durup göreşmek hem-de aýak bilen badak salmak we çilşirmek emelini ulanmaga rugsat berilýär. Urgulary ýerine ýetirmek, agyrdyjy, bogujy emelleri ulanmak, şeýle hem aýakdan tutup emel geçirmek düýbünden gadagandyr. Pälwanlaryň lybasy ak balak, gök ýa-da ýaşyl don we gyzyl reňki guşakdyr. Tutluşyga baş we iki sany gapdal emin baha berýär. Göreş “gilam” diýip atlandyrylýan meýdançada geçirilýär. Bu meýdança “howpsuz çäk” hem “howply çäk” diýen iki bölege bölünýär. Kuraşda howpsuz çäkde başlanan we howply çäkde tamamlanan emele baha berilýär.
TAEKWONDO {koreýçe. göni manysy — depelemek we ýumruk bilen urmak}. General Çoý Hong Hi tarapyndan esaslandyrylan “el we aýak urgularynyň urgy” diýmegi aňladýan ýaragsyz goranyş we hüjüm etmek häsiýetli başa-baş söweş sungatyny ösdürmek bilen meşgullanýan birnäçe federasiýa bolup, olar biri-birinden türgenleriň söweş tärleri, ýaryş geçirmek düzgüni, lybaslary boýunça tapawutlanýar.

Taekwondo... Halkara taekwondo federasiýasy tarapyndan ornaşdyrylýan başa-baş söweş sungatynyň bir görnüşi. Ýaryşlar bu söweş sungatynyň dört görnüşi boýunça geçirilýär: predmetleri (zatlary) güýç bilen urup döwmek, ýörite tehnika bölüp, tagtalary döwmek, tehniki emeller toplumy we doly däl galtaşyk kadalary boýunça geçirilýän türgenleşik söweşi (sparring) Türgenler gorag esbaplaryny – aýaklaryna aýaklyk, ellerine bolsa ellik geýýärler.Guşaklykda aşak urmak gadagan. Ýeňiji diňe ulanylan tehniki emelleriň ýerine ýetirlişine berlen bahalar we eminleriň çözgüdi boýunça yglan edilýär.

Thekwondo.... Bütindünýä thekwondo federasiýasy tarapyndan ornaşdyrylýan başa-baş söweş sungatynyň bir görnüşi. Ýaryşda türgenler doly söweş gatnaşygynda bolup, tehniki emelleriň 90% aýak bilen ýerine ýetirilýär, guşaklykdan aşak we el bilen kellä urmak gadagan. Urgulardan goranmak üçin, türgenler eginlerine ýörite ýeňsiz gursakça, injiklerine, goşarlaryna hem-de gulak çukurjygyna ýörite goranyş esbaplary (galkanjyklar), kellesine bolsa baş goragyny geýýärler. Ýeňiş eminleriň baha bermegi arkaly ýa-da nokaut ýagdaýy boýunça yglan edilýär.Thekwondo boýunça ýaryşlar 2000-nji ýylda Sidneýde geçirilen olimpiýa oýunlaryna resmi suratda goşuldy.

UŞU... {hytaýça. Wushu. Sözme-söz terjimesi —ýaragly hüjümi saklamak}. Hytaýaýda dörän, özüňi goramak boýunça fiziki taýýarlyk ulgamy. Bu başa-baş söweş sungatynda, esasan, beden (fiziki) taýdan kämilleşmäge we adamyň bedeniniň işjeň nokatlaryna täsir etmäge uly üns berilýär. Uşuda el, aýak bilen urgy inderme hemde ýaragsyz we ýaragly hüjümden goranyş emelleri öwrenilýär.

Okalan sany: 716   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
21 мая 2013

dance

marala
21 мая 2013

awtor gyzykly maglumatlaryňyza sag bol, haladym

Krassavchik
21 мая 2013

howa sagbol, tuys bize gerekli sport gornushler!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06585 sek. ýüklenen baýt: 43086