Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
AZAJYK ÝYLGYRYÑ.
Ýazylan wagty: 14 июня 2017 Ýazan Mayichka
               Gülmek Ömürdendir


✔ Işe gijä galyp geleniñ düşündiriş arzasy:

- Men işe sagat 8:00-da däl-de 10:00-da geldim, beýle giç gelenimiñ sebäbi, işdäkiler ahyr soñy 10:00-a çenli diñe çaý içýärler, a men onça wagtlap çaý içmegi halamok.


✔ Aýaly gahar içinde ýoldaşyna jañ edýär:
- Heýt, haýsy jähennemde gezip ýörsüñ sen?!
- Ezizim, seniñ gowy gören brilliant ýüzügiñ satylýan ýeri barda, hany şo wagt pulum ýokdy, men saña "Hökman alyp bererin görersiñ" diýip söz beripdim.
Ýadyña düşdümi? - diýende o aýal ýumşapdyr we titreýän sesi bilen:
- H-h-hawa ýeketägim, elbetde ýadyma düşdi.
- Häh, ine şonuñ gapdaljygyndaky kafeda oglanlar bilen içip otyrys, gijiräk bararyn söýgülim.


✔ Merjen bilen kino görýäris. Telefonym aşhanada galypdyr, sms gelenini eşitdim. Ýaltanyp turup aşhana bardym, sms-i Merjen iberen eken: 
- Ezizim, aşhana baran bolsaň, çaý demläp alyp gaýtsana.


✔ Talyp kafeda gyz bilen tans edip ýörmiş. Birden biziñ talybymyz özünden gidip ýykylýar. Ýanyndaky gyz gygyrmaga başlaýar:
 - Suw getiriň, suw! Bärde biri özünden gitdi... 
Talyp ýigit ýatan ýerinden gözjagazyny açyp, ysgynsyzja ses bilen:
- Bir döwüm çöregem getirsinler-le...


✔— Sen iňlisçe bilýäňmi?
— Hawa. 
— Näçeräk bilýäň?
— Ähli meseläni düşündirip bilýärin.
— Hany, düşündir! 
— I dont know English!


✔ Iki sany gyzjagaz duralgada dur. Olaryň biri beýlekisine ýüzlenýär:
— Sen näçelik awtobusa garaşýarsyň?!
— 6-lyga. A sen?
— Menem 9-lyga.
Şol wagt duralga 69 belgili awtobus gelýär. Gyzjagazlaryň ikisi-de şatlykly seslenýärler:
— Ura, ikimiz hem bir awtobusda gidýäris...


✔ Ilkinji gezek mekdebe gidip gelen oglanjykdan ejesi soraýar:
— Mekdepde öýdäki ýaly garagolluk, gykylyk etmän, özüňi oňat alyp bardyňmy?
—Ýogsam näme. Günuzyn burçda duruzsalar, ýakymsyzlyk edip bolýarmy? — diýip, oglanjyk jogap berýär. 


✔ Kakasy oglundan:
— Oglum, ejeň bilen kakaň iki alma berse, sende näçe alma bolýar? — diýip soraýar.
— Dört.
— Eneň bilen ataň üç guzy berse, sende näçe guzy bolýar?
— Hiç guzym hem bolmaz.
— Wiý, o näme üçin?
— Men olardan sorap gördüm, enemde-de, atamda-da guzy ýok eken...


✔ Oglanjyk ejesine ýüzlenýär:
— Eje, futbol oýnamaga gidäýeýin-dä.
— Ýüzüň şu kiri bilenmi?!
— Ýok, dostlarym bilen...


✔ Bäş ýaşlyja oglanjyk kakasyndan soraýar:
— Kaka, sagat ýatyp galypdyr diýýäň welin, ony nädip turuzsamkam?!


✔— Towuklara iým berdiňmi, oglum?
— Hawa, towuklarymyz sowuklamaz ýaly, olara seniň içýän burçuňdan hem goşup berdim.


✔— Eje, adama onuň etmedik işi üçin temmi berilýärmi? — diýip, oglanjyk ejesinden soraýar.
— Ýok, oglum - diýip ejesi oglunyň başyny sypaýar. Oglanjyk bolsa müzzerip durşuna hüňňürdeýär:
— A mugallymymyz maňa ýerine ýetirmedik öý işim üçin ikilik goýdy.


✔ Garryja enesi agtygyndan soraýar:
— Balam, bu otluçöpler näme üçin ýananokka?!
Agtygy geň galyjylyk bilen jogap berýär:
— Bilmedim-dä, ene, otluçöpi satyn alamda, ýekän-ýekän ýakyp barlap alypdym. Şonda-ha olar ýanýardy...


✔ Lukman çagadan soraýar:
— Bu gün näme iýdiň?
— Palaw iýdim.
Lukman az wagt pikirlenenden soňra ýene-de sorag berýär:
— Işdämenlik bilen iýdiňmi?
— Ýo-ok, salat bilen iýdim.


✔ Mugallym okuwçydan soraýar:
— Näme üçin düýn okuwa gelmediň?
— Uly doganym syrkawlady.
— Ýeri, näsaglan-uly doganyň. Seniň oňa näme dahylyň bar?
— Menem uzynly gün onuň tigrini sürdüm-dä...


✔— Eje, men şu gün awtobusda bir gelnejä ýer berdim. Ýöne ol oturmady.
— Onsoň sen näme etdiň, oglum?
— Ýene öňkim ýaly enemiň gujagynda oturyberdim.


✔ Oglanjyk oba enelerine myhmançylyga gelýär. 3-4 gün bolandan soň, ol enesine ýüzlenýär:
— Ene, jaňly sagadyňyz ýatypdyr-a?!
— Hawa, köşek, sagadyň batareýi çöküpdir.
— Onda sizi irden kim turuzýar?
— Wiý, bileňokmy, horazymyz her gün irden gygyryp turuzyp dur-a!
— Ene, horazyň batareýini alyp, sagadyňyz-a daksaň işlemezmi?
Okalan sany: 918   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05651 sek. ýüklenen baýt: 42023