Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
ÝAŞ ZEHINLERIŇ JOŞGUNY
Ýazylan wagty: 17 июня 2017 Ýazan NEXTTM

    Häzirki wagtda  Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda amaly-haşam we heýkeltaraşlyk kafedralarynyň ugurlary boýunça okan talyplaryň diplom işleriniň gorag çäresi geçirilýär.

      Diplom işleriniň gorag çäresi okuw jaýymyzyň sergiler zalynda, foýelerinde geçirilýär. Örän täsirli geçýän bu dabara okuw jaýymyzyň talyplary, halypa mugallymlary, sungat we medeniýet işgärleri  gatnaşdylar. Diplom işleriň temalary türkmen sportuny, milli medeniýetini, sungatyny, taryhy gymmatlyklaryny, gözel tebigatynyň  waspyny özünde jemleýär. Saýlanylan temalar boýunça ýerine ýetirilen işlerde  türkmen milliligi, goýulygyny  görmek bolýar.


       

       Amaly-haşam  kafedrasynyň  “Halyçylyk”  bölüminden  talyp  diplomantlarymyz  Gunça Halatgulyýewanyň  “Düýe  bezegi  –  kejebe”,  Sähet  Ataýewiň  “At arka”,  Parahat Hojanepesowyň “Türkmenistanym meniň”,  Nurgözel Malikowanyň  “Geçmişden geljege”  atly  haly  işlerinde   döwrebap  ösýän  haly  sungatymyzyň  ajaýyp  nagyş  bezeglerini  görmek  bolýar.  Talyplar  bu işlerinde  türkmeniň  gadymy  nagyşlaryny  täzeçe  reňk  öwüşginleri,  taslama  çözgütleri  bilen görkezýärler.


     “Zergärçilik” bölüminiň talyplary Mekan Çaryýewiň, Wepa Bäşimowyň, Atamyrat Hommadowyň “Türkmen gelniniň  şaý-sepler toplumy” atly diplom işlerinde Lebap, Balkan welaýatlarynyň türkmen zenanlarynyň  şaý–sepleri özüniň ýerlikli ornuny tapýar. Toplumlar zenanlaryň milli lybaslary bilen berk sazlaşýar. Olarda zergärçilik sungatynyň häzirki döwür mekdebiniň täzeçilligi şöhlelenýär.


      Soňra şol kafedranyň “Küýzegärçilik” bölüminiň talyplary Sähra Ataýewanyň “Küşt”, Jennet Annageldiýewanyň “Gyz dünýäsi”, Habiba Hojaniýazowanyň “Milli mirasymyzyň waspy”, Öwez Arnamuhammedowyň “Milli taryhyň gymmatlyklary”, Azatgül Çaryýewanyň  “Milli medeniýetim” atly keramika işleri bilen çykyş etdiler. Bu işleriň taslama çözgüdinde türkmeniň milli däpleri, ymgyr çöli, kerwen ýoly, gadymy ýadygärlikleri, ajaýyp  nagyş bezegleri biri-biri bilen örän baglanyşykly görkezilýär. Talyplar bu işlerinde syrça serişdelerini  ýerlikli ulanypdyrlar.



      Umuman talyplaryň bu işlerinde milli medeniýetimize, sungatymyza bolan söýgini we giň duýgulary görmek bolýar.


G.Saparmyradowa

Okalan sany: 418   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05634 sek. ýüklenen baýt: 33114