Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Mekdebe çenli çagalary ter önümler bilen üpjün etmek üçin täze refrižatorlar satyn alyndy
Ýazylan wagty: 30 августа 2017 Ýazan NEXTTM
Dogry iýmitlenmek çagalaryň saglygyny we olaryň netijeli bilim almaga ukyplylygyny üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biridir. Döwletimiz mekdebe çenli çagalar edaralaryny ýokary hilli we dürli azyklyk önümleri bilen üpjün etmek, berk arassaçylyk we keselelriň ýaýramagyna garşy garşy gözegçilik bilen bir hatarda çagalar baglarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça-da çäreleri amala aşyrýar. 

Mysal üçin, şu ýyl Daşoguz welaýatynyň bilim müdirliginiň ygtyýaryna täze refrižatorlaryň onusy gelip gowuşdy. Olar mekdebe çenli çagalar edaralaryna azyk önümlerini daşamaga niýetlenip, eýýäm etraplara bölünip berildi. Täze maşynlar öz tehniki sypatlary boýunça şy kysmy ýötüre ulaga bildirilýän döwrebap talaplara doly laýyk gelýär. 

Sazlaşykly ösen, ýokary aň-düşünjeli ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen bilim we ylym ulgamy döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mekdebe çenli terbiýä we bilime aýratyn üns berilýär. 

Diňe Daşoguz welaýatynda soňky ýyllarda milli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde otuzdan gowrak täze çagalar baglary guruldy. Şol bir wagtda döwrebap ölçeglere laýyklykda hereket edýän mekdebe çenli edaralaryň durky täzelendi we döwrebaplaşdyryldy. 

Maksada gönükdirilen işler netijesinde sebitiň çagalar baglary oňaýly mebeller, lingafon we kompýuter tehnikalary bilen üpjün edildi. Ýatakhana we çagalaryň intellektual hem-de döredijilik sapaklary otaglaryndan başga-da, olarda gönejaý enjamlaşdyrylan sport zallary we oýunlar meýdançalary, şeýle hem hojalyk bölekleri hem-de beýleki kömekçi jaýlar bar. Mekdebe çenli çagalr edaralarynyň ählisinde lukmançylyk otaglary bar.
Okalan sany: 246   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05206 sek. ýüklenen baýt: 32255