Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Toýlar hakynda täsin maglumatlar
Ýazylan wagty: 31 августа 2017 Ýazan NEXTTM
Hindileriñ ynançlaryna görä, toý tutulýan güni ýagşyñ ýagmagy bagt getirýär. 

Iñlisler toý lybaslarynyñ içinden möý çyksa, şowlulyk diýip hasap edýärler.

Gündogar halklarynda durmuşa çykjak gyz ýaman gözlerden goranmak üçin elini we aýagyny hyna boýaýar.

Finlandiýada däbe görä, durmuşa çykjak gyz gapyma-gapy aýlanyp ýassyk daşysynyñ içine berlen sowgatlary ýygnaýar. Onuñ ýany bilen uzak dowam etjek nikanyñ nusgasy hökmünde uly ýaşly zenanlaryñ biri ýöreýär.

Gollandiýada ýaş çatynjalaryñ howlusyna sosna agajy ekilýär. Olar muny etmek bilen onuñ bagt getirjegine we täze maşgalanyñ nesliniñ dowam etjekdigine ynanýar.

ABŞ-da her ýyl nika ýüzüklerini ýasamak üçin 17 tonna altyn ulanylýar.

Dünýäniñ iñ gymmat tutulan toýy 1981-nji ýylda Şeýh Raşid bin Said Al Magtymyñ ogly we Dubaýyñ şa zenany Salamanyñ tutan toýudyr. Olaryñ toýy üçin takmynan 44 mln dollar sarp edildi. 

Günorta Afrikada ýaş çatynjalaryñ ene-atalary däp boýunça öz ojaklaryndan ot alyp gaýdyp, täze maşgalanyñ ojagynda ýakýar.

Çeşme: "Medeniýet" žurnaly.
Okalan sany: 282   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06254 sek. ýüklenen baýt: 30674