Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Döwlet adam üçindir!
Ýazylan wagty: 16 сентября 2017 Ýazan NEXTTM

Birnäçe gün mundan ozal paýtagtymyzyň Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş
jaýlarynyň birbada 10-synyň açylyş dabarasy boldy. Täze jaýdan paýly
maşgalalaryň köp sanlysy bu ýere göçüp geldiler. Açylyş dabarasyna jaý eýeleri,
Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, sungat ussatlary,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu täze ajaýyp
binalar adamlar baradaky aladany esasy orunda goýýan we oňyn döwlet syýasatyny
durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň her bir
adam, maşgala hakda edýän aladasynyň, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ähli
ulgamynda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.



Guşuçar belentlikden mähriban paýtagtymyzy synlasaň, ajaýyp bir görnüş
açylýar: çar tarapyň — ak mermerden binalar. Gözüňi dokundyrýan bu görnüşiň
gözelligi bolsa günsaýyn artmak bilen, çünki soňky ýyllarda hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, merjen paýtagtymyzyň binagärlik
keşbi düýpgöter özgerdi. Yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýän kaşaň binalar,
medeni-durmuş maksatly desgalar, seýilgäh zolaklary, döwrebap sport
desgalarydyr söwda merkezleri, umuman, özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan
desgalaryň ýüzlerçesi ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň görküne görk goşýar. Aşgabat
dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar. Türkmen
paýtagtynyň ösüşinde gazanylýan ägirt uly üstünlikler dünýä bileleşigi
tarapyndan ykrar edilýär. Paýtagtymyzda täze ýaşaýyş jaýlary toplumlaýyn gurlup,
yzygiderli ulanyşa berilýär. Bu jaýlar ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän
amatlyklar, oňyn şertler bilen ýokary derejede üpjün edilýär. Munuň özi her bir
maşgalanyň döwrebap ýaşaýyş jaýy bilen üpjün bolmalydygy barada Prezident
maksatnamasynda kesgitlenen wezipäniň üstünlikli amala aşyrylýandygydyr.
Halkymyzyň yhlasly zähmet çekmegi we bagtyýarlyk döwrüniň lezzetini duýup ýaşamagy
üçin zerur şertleriň döredilmegidir. Halkyň dowamaty bolan ýaş nesliň mynasyp
ösüp ýetişmegi babatdaky çynlakaý aladalardyr...



Şular dogrusynda
pikirleneniňde, halkda belent joşguny, ruhy galkynyşy emele getirýän şeýle oňyn
özgertmeleriň ýurdumyzyň ähli künjegini gurşap alýandygyna, halkyň durmuş
derejesi babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudyň aradan aýrylýandygyna
guwanjyň artýar.



Ýadyňyzda bolsa,
Parahat — 7 kiçi etrapçasynda geçen aýda hem köp öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň
birbada dördüsi ulanmaga berlipdi. Aradan ýaňy bir aý geçdi. Paýtagtymyzyň
günorta-gündogar böleginde barha pajarlaýan bu döwrebap zolak ýene-de toý
lybasyna beslendi. Bu günki dabara hem täze ýaşaýyş jaýlarynyň — 9 gatly
döwrebap 3 sany 54 öýli we 7 sany 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşyna bagyşlandy.
Täze toý lybasyna beslenen binalaryň öňünde sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde
aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy, milli öwüşginlere ýugrulan tanslar,
bagtyýar çagalaryň şadyýan çykyşlary dabara gatnaşyjylarda toý şatlygyny
artdyrdy. Çar töweregiň ala-ýaz! Bu dabaranyň ýurdumyzda baharyň ilkinji
günlerinden bäri toýlanan toýlaryň birinjisi ýa ikinjisi däldigini ýatlanyňda:
«Ine, türkmeniň ýazy şeýle gelýändir!» diýesiň gelýär. Iň ýakymly ýeri-de, edil
şu pursat ýürek tarlaryňa kakyp, zybanyňa ýol salan bu buýsançly pikirleri täze
binalaryň açylyşyna gelen bagtyýar ildeşlerimiziň hem gözünden okaýarsyň...
Jaýlaryň daş töwereginde emele gelen owadan görnüşleri, oturdylan baglary,
çagalar üçin niýetlenen oýun we sport meýdançalaryny synlanyňda, hormatly
Prezidentimiziň gurulýan desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de olaryň
bezelişiniň çeperçilik derejesi bilen bagly tabşyryklarynyň talaba laýyk ýerine
ýetirilendigini görmek bolýar. Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze%

Okalan sany: 97   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
16 сентября 2017

Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumyndaky täze binalaryň gurluşygy «Dürli-Ýaz», «Berk gala» gurluşyk hususy kärhanalary hem-de «Agras» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. «Ýagşyny görmek — jennet» diýleni. Giň, ýagty otagly, rahat, ýaşamak üçin gerekli şertleriň ählisi bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň içine aýlandygyňça, göwnüň açylýar.

Bu jaýlaryň gurluşyk aýratynlyklary hem, bezeg aýratynlyklary hem döwrüň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurluşykçylarymyz täze jaýlaryň gurluşygynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini, täzeçe usullary hem-de häzirki döwrüň ösen tehnikalaryny ulanmaga giň mümkinçilik tapýarlar. Açylyş dabarasynyň dowamynda «Dürli-Ýaz» hususy kärhanasynyň işçisi Babamyrat Pirnazarow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi: «Bu günki gün türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyny gurlup, ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Bu hakda gurluşykçy bolup söhbet etmek has-da ýakymly. Hormatly Prezidentimiz gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine hususy kompaniýalaryň gatnaşandygyny has-da işjeňleşdirdi. Gurluşyk tehnologiýalary ulgamynda dünýäde bar bolan täze tejribeleriň Aşgabatda gurulýan desgalarda öz beýanyny tapýandygyny hem aýtmak gerek. Ýurdumyzyň taslamaçylary, binagärleri, gurluşykçylary döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň ähmiýeti, olaryň ygtybarlylygy, howpsuzlygy hem-de bezeg aýratynlyklary bilen baglanyşykly görkezmelerini, tekliplerini baş ýörelge edinýärler. Paýtagtymyzyň yzygiderli ösdürilmeginde milli Liderimiziň ägirt uly tagallasy bar. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen, hormatly Prezidentimize «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen ýokary derejäniň berilmegi milli Liderimiziň bu ugurda netijeli işleriň alyp barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu günki täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda binalaryň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy yhlasly zähmetimize ýapylan serpaý boldy».

Ýürekden çykyp, ýürege barýan bu sözler ähli gurluşykçylaryň adyndan aýdylypdy. Çäksiz buýsanja, şatlyga ýugrulan şeýle sözleri täze jaý eýeleriniň biri, telekeçi Myratnyýaz Gurbannyýazowdan hem eşitdik: «Gurmak, döretmek — halkymyzda ata-babadan gelýän ýörelge. Hormatly Prezidentimiz bu ýörelgäni mynasyp dowam etdirýär. Halkyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alnyp barylýan işleriň miwelerini toýlarymyzyň, baýramlarymyzyň goşa-goşadan gelmeginde görýäris. Senagatçylaryň we telekeçileriň sergi-maslahatyny uly toý derejesinde sowanymyz ýaňy. Bu gün bolsa ýene bir toý dabarasy — täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyşy şatlygymyza şatlyk goşdy. Bu şatlykly waka diňe jaý eýeleri däl, eýsem, bagtyýarlyk döwrüniň eşretinden paýly ildeşlerimiziň ählisiniň hem begenýändigini dabara ýygnanan mähelläniň köplüginde hem görmek bolýar. Şunuň özem uly zat! Bu gün maşgalalaryň köp sanlysy täze jaýlarda öý-ojak bagtyndan, döwletlilikden paýly boldy. Türkmen maşgalalaryna hem köplügiň, köp çagalylygyň mahsusdygyny nazara alanyňda, bu şatlygyň ýüzlerçe, müňlerçe ýürekleri joşguna besländigine göz ýetirmek kyn däldir. Nesip bolsa, bu täze ýaşaýyş jaýlarynda köp toýlar tutular, akja bäbekler dünýä iner. Bu jaýlarda bagt tapan her bir maşgala bütin ýurdy gurşap alan bagtyýarlygyň bir ülşüne öwrüler. Şeýle bagta eýe edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir».

Mukam MUHAMOW.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05191 sek. ýüklenen baýt: 38832