Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
ERKIN YKDYSADY ZOLAKLAR: MILLI BÄHBITLER WE YKDYSADY MÜMKINÇILIKLER
Ýazylan wagty: 16 сентября 2017 Ýazan NEXTTM

Okalan sany: 107   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
16 сентября 2017

Dünýä tejribesinde geçen asyryň 70-nji ýyllarynda ýüze çykan we häzirki döwürde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly milli ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmagyň netijeli ýoluna öwrülen erkin ykdysady zolaklar hojalyk işini guramagyň täze görnüşleriniň biri hasaplanylýar. Dünýäde erkin ykdysady zolaklaryň 25-den gowrak görnüşiniň hereket edip, olaryň umumy sanynyň 2000-e golaý bolmagy ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde oňa möhüm ornuň degişlidigini görkezýär. ABŞ, Ýaponiýa, Germaniýa, Beýik Britaniýa ýaly ösen döwletleriň, şeýle-de Singapur ýaly okgunly ösüşi gazanmagy başaran ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ýokary depgini köp babatda bu zolaklaryň üstünlikli hereket etmegi üçin şol ýurtlarda döredilen amatly ykdysady-hukuk şertleri bilen baglanyşyklydyr. Dünýä haryt dolanyşygynyň 10 göteriminiň erkin ykdysady zolaklarda amala aşyrylmagy goşulan gymmaty döretmekde, bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk etmek bilen, onuň şol ýurduň beýleki döwletler bilen söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşmegine hem ýardam berýändigini delillendirýär.

Häzirki döwürde öz ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, daşarky ýagdaýlaryň täsirine we ykdysady ösüşiň üýtgemelerine uýgunlaşmak isleýän ýurtlaryň ösüşiň amatly ýollaryny gözlemegi adaty ýagdaýdyr. Çünki diňe üýtgeýän daşary şertlere çalt uýgunlaşmaga ukyply bolan ýurtlara ykdysady öňegidişligi gazanmak başardýandygyna dünýä tejribesi şaýatlyk edýär. Döwletleriň arasyndaky özara baglanyşygyň has-da artmagy häzirki barha globallaşýan dünýäniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolup, dowam edýän maliýe-ykdysady çökgünlik şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň ösüşini durnukly saklamagyň strategik ähmiýeti artýar. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 6-njy iýunynda geçiren maslahatynda Halkara pul gaznasynyň çaklamalary boýunça 2017-nji ýylda ählumumy ykdysadyýetiň diňe 3,5 göterim ösmegine garaşylýandygyny, dünýä maliýe bazarynda durnuksyzlygyň dowam etjekdigini, ykdysady taýdan öňdebaryjy ýurtlarda ösüşiň depgininiň gowşajakdygyny, çylşyrymly daşary geosyýasy şertleriň, şol sanda nebitiň we gazyň bahasynyň durnukly pese düşmeginiň aktiwleriň we maýa goýumlaryň halkara bazarlaryň ýagdaýyna täsir edýändigini, ýöne bu bellenen sebäplere garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaýyň durnukly bolmagynda galýandygyny belläp geçdi. Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2017-nji ýyl üçin ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna berýän bahalaryna görä, ýurdumyzda ösüş depgininiň 6 göterim derejesinde saklanylmagyna, hususan-da, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümçilikleriň ösdürilmeginiň ýardam berýändiginiň aýratyn nygtalmagy importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça häzirki döwürde alnyp barylýan syýasatyň ykdysady netijeliliginden nyşan.

Dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynda kemala gelen bu ýagdaý amatsyz şertlerde milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň, çökgünligiň ýaramaz netijelerini ýeňip geçmegiň täze ýollarynyň gözlenilmegini talap edýär. Erkin ykdysady zolaklaryň ösdürilmegi bu meseleleriň üstünlikli çözülmegini şertlendirmek bilen, bu ýol daşary ýurt tejribesinde synagdan geçen netijeli usullaryň biri hasaplanylýar.

Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, täze iş orunlarynyň döredilmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň ýurda çekilmegi, täze tehnikalaryň we tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy erkin ykdysady zolaklary döretmek işini özüneçekiji edýän sebäpleriň biridir. Erkin ykdysady zolaklaryň ösüşinde toplanan daşary ýurt tejribesi bu zolaklarda ol ýa-da beýleki ýurtda telekeçiler üçin bar bolan umumy düzgün bilen deňeşdirilende belli bir ýeňillikleriň we artykmaçlyklaryň göz öňünde tutulýandygy bilen häsiýetlendirilýär. ªunda şeýle ýeňillikleriň esasy dört topary tapawutlandyrylyp, olar salgyt, erkin dolanyşykdaky pul, gümrük we kärhanalary bellige almak işini, daşary ýurt raýatlarynyň gelmek-gitmek düzgünini ýönekeýleşdirmek bilen baglanyşykly ýeňilliklerden ybaratdyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, syýasy garaşsyzlygymyzy ykdysady taýdan pugtalandyrmak wezipesinden ugur alyp, 1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda «Erkin telekeçiligiň ykdysady zonasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we häzirki döwürde bu iş şu Kanunyň esasynda düzgünleşdirilýär. Dünýäde we ýurdumyzda kemala gelen täze durmuş-ykdysady şertler erkin ykdysady zolaklara ýurduň möhüm meselelerini çözmekde uly mümkinçilikleri özünde jemleýän ugur hökmünde garalmagyna şert döredýär.

Maýadarlar üçin amatly ykdysady-hukuk kadalary göz öňünde tutýan bu ugur, ilkinji nobatda, onuň milli ykdysadyýete daşary ýurt maýa goýumlaryň köp möçberde çekilmegine mümkinçilik berýändigi, ýagny bu serişdeleri täze önümçilikleri guramak, hyzmatlar bazaryny ösdürmek, täze kärhanalary döretmek işine gönükdirmäge ýardam berýändigi bilen ähmiýetlidir. Erkin ykdysady zolaklary ösdürmegiň wajyplygy onuň ýerine ýetirýän aralykçy wezipesi, ýagny milli ykdysadyýeti dünýä bazary bilen birleşdirmek wezipesi bilen baglanyşyklydyr. ªu nukdaýnazardan, Türkmenistanda erkin ykdysady zolaklaryň milli bähbitlerimize we ykdysady mümkinçiliklerimize laýyk gelýän döwrebap görnüşlerini ösdürmek wezipesinden ugur alyp, bu ugurda toplanan dünýä tejribesini öwrenmek möhüm bolup durýar.

Erkin ykdysady zolaklaryň daşary ýurt tejribesiniň seljermesi dünýäde şunuň ýaly zolaklaryň görnüşleriniň köpdügini we hukuk taýdan düzgünleşdiriliş mehanizmleriniň dürli-dürlüdigini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde erkin gümrük ykdysady zolaklar, paçsyz zolaklar, daşary ýurtlara harytlary erkin çykarmak boýunça önümçilik zolaklary, erkin telekeçiligiň ykdysady zolaklary, tehniki ykdysady ösüş zolagy, ylmy-senagat parklary (tehnoparklary) we beýleki birnäçe görnüşler giňden ulanylýar. Köp ýurtlarda hereket edýän erkin gümrük zolaklarynda önümçiligi ösdürmäge amatly şertleri döretmek üçin söwda erkinliginiň berilmegi şol döwletiň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam berýär.

Günbatar Ýewropa ýurtlary erkin söwda zolaklarynyň sanynyň köplügi bilen tapawutlanyp, häzirki wagtda olaryň sany 150-den geçýär. ªular ýaly zolaklaryň, hususan-da, deňiz, iri derýa, şeýle-de demir ýol menzillerinde emele gelendigi nazara alynsa, onda köp görnüşli ulag ugurlaryny özünde jemleýän, dürli ulaglar arkaly ýük we ýolagçy dolanyşygynyň ýokary görkezijilerine eýe bolan, dünýäniň jahankeşdeleri üçin özüneçekijiligiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan bu ýurtlarda zolaklaryň şeýle görnüşiniň uly ähmiýete eýe bolmagy öz-özünden düşnükli bolýar. Ýaponiýa, ABª ýaly ýurtlarda hem erkin söwda zolaklary has giň gerime eýe bolup, häzirki wagtda bu ýurtlaryň menzil şäherlerinde we ulag merkezlerinde ýerleşen şunuň ýaly zolaklaryň sany ýüzlerçedir.

Ýurtlaryň köpüsinde «serhetýaka söwda» diýen görnüş hem giňden ulanylyp, ol her ýyl baglaşylýan teswirnamalaryň esasynda goňşy döwletleriň serhetýaka etraplarynyň söwda kärhanalary tarapyndan söwda alyş-çalşy görnüşinde amala aşyrylýar we halkara söwdanyň belli bir derejede çäklendirilen görnüşi hökmünde häsiýetlendirilýär. Daşary ýurtlarda öz oňyn netijelerini görkezen bu tejribäni biziň ýurdumyzda hem ornaşdyrmak bilen bagly meseleleriň öwrenilmegine häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri hökmünde garamak bolar.

 Erkin ykdysady zolagyň ulag-logistik görnüşiniň ösmegine, ilkinji nobatda, ýurduň amatly geografik ýerleşişi täsir edýär. Ýurdumyzyň bu bäsleşik artykmaçlygyny ykdysady ösüşiň hatyrasyna ulanmakda erkin ulag-logistik zolagyň ähmiýeti uludyr. Çünki islendik ykdysady iş guralanda girdeji almak maksadyndan ugur alynýandygyny nazara alsak, onda ulag-logistik zolaklaryň döredilmegi daşary ýurt maýadarlary üçin özüneçekiji bolup biler. Hususan-da, öz ykdysady syýasatynda pragmatizm ýörelgesinden ugur alýan Türkmenistanyň deňze bolan çykalgasynyň bolmagy Hazarýaka döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle-de ýurdumyzyň halkara ulag giňişligindäki tutýan ornunyň pugtalanmagyna gönükdirilen Demirgazyk—Günorta, Gündogar—Günbatar ugurlary boýunça gurulýan ýollara daşary ýurt maýa serişdelerini çekmäge mümkinçilik bermegi erkin ulag-logistik zolagyna halkara hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugry hökmünde baha bermäge esas döredýär.

Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, senagat-önümçilik, şol sanda eksport-import, senagat zolaklary goşulan gymmatyň, düşewüntliligiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan zolaklaryň biri hasaplanýar. ªunda senagat-önümçilik zolaklarynyň netijeli işlemegi üçin inžener-aragatnaşyk we logistik infrastrukturanyň döwlet tarapyndan döredilmegi hem-de gowulandyrylmagy zerur bolup durýar.

Erkin agrosenagat zolaklaryny ösdürmek zähmet bölünişiginde oba hojalygyna ýöriteleşen ýurtlar üçin ykdysady taýdan bähbitli bolup durýar. Häzirki döwürde goňşy döwlet bolan Özbegistan Respublikasynda gök önümleri, ir-iýmişleri gaýtadan işleýän zolaklaryň döredilmegine aýratyn ünsüň berilmegi munuň hut şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň sebitlerinde türkmen telekeçileri tarapyndan oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleriniň köp möçberde öndürilmegi biziň döwletimizde hem oba hojalyk önümlerini senagat taýdan gaýtadan işlemegiň ýerli we daşary ýurtly işewürler üçin özüneçekiji boljakdygyny ynamly aýtmaga esas döredýär.

Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2017-nji ýyl üçin ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýyna berýän bahalaryna görä, ýurdumyzda ösüş depgininiň 6 göterim derejesinde saklanylmagyna, hususan-da, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümçilikleriň ösdürilmeginiň ýardam berýändiginiň aýratyn nygtalmagy importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça häzirki döwürde alnyp barylýan syýasatyň ykdysady netijeliliginden nyşan.

 

Maýagözel BABAÝEWA,

 Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy, ykdysady

ylymlaryň kandidaty.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08448 sek. ýüklenen baýt: 43925