Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hil — esasy görkeziji noş bolsun, «SUMBARyň» suwy!
Ýazylan wagty: 16 сентября 2017 Ýazan NEXTTM

Okalan sany: 184   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
16 сентября 2017

NEXTTM
16 сентября 2017

Ilaty oňat hilli arassa agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Bary-ýogy birnäçe ýyl mundan öň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Kürüždeý geňeşliginiň çäginde häzirki zamanyň ýokary hil ülňülerine laýyk derejede gurlup, işe girizilen Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň «Sumbar» agyz suw kärhanasy hem muňa anyk güwä geçýär. Häzirki döwürde bu kärhanada öndürilýän gazlandyrylmadyk hem-de gazlandyrylan arassa çeşme suwlarydyr dürli alkogolsyz içgiler diňe bir Balkan welaýatynda bolman, eýsem, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem uly islegden peýdalanýar. Ýaňy-ýakynda kärhananyň öndürýän önümlerine Hil we howpsuzlyk hakyndaky halkara sertifikatlaryň gowşurylmagy bolsa bu kärhananyň hünärmenleriniň öz öňlerinde goýlan belent wezipelere abraý bilen hötde gelýändiklerinden habar berýär.

Aslynda hem suw üpjünçiligi bilen bagly dürli desgalaryň, şol sanda suwy arassalamak we öndürmek boýunça kärhanalaryň, suw süýjediji ulgamlaryň gurluşygy «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasynyň», şeýle hem durmuş-ykdysady ösüş boýunça pudaklaýyn we sebitleýin meýilnamalaryň wajyp ugry bolup durýar. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, işe girizilen «Sumbar» agyz suw kärhanasy bu ýerdäki subtropik ýaýlanyň daglarynyň çeşmelerinden gelýän agyz suwuny ýokary hil derejesinde arassalamakda döwrüň ösen talaplaryna laýyk işleri bitirýär.

Üç gektar meýdanda — daş-töweregi belent başly dag gerişleri bilen gurşalan ajaýyp deräniň goýnunda ýerleşen häzirki zaman kärhanasy özbaşdak bir şäherçäni ýada salýar. Ýewropanyň abraýly önüm öndürijileriniň iň bir kämil enjamlarydyr kompýuter ulgamlary bilen birkemsiz abzallaşdyrylan kärhanada häzirki wagtda her aýda arassalanyp gazlandyrylan reňkli we gazlandyrylmadyk arassa agyz suwlarynyň müňlerçe dekalitri öndürilip, göwrümleri 0,5 — 1,5 — 5 we 10 litrlik gaplarda sarp edijilere ugradylýar. Tomus möwsüminde bolsa zawodda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, gazlandyrylmadyk, gazlandyrylan we alkogolsyz jana şypa beriji içgileriň möçberleri müşderileriň buýurmalary esasynda yzygiderli artdyrylýar.

Ýeri gelende aýtsak, kärhananyň önümleriniň oňat hili diňe bir tebigat tarapyndan kepillendirilmän, eýsem, köptapgyrly, ultramelewşe we süzüp arassalamak ulgamlarynyň netijeli işiniň hem miwesidir. Önümiň hil babatda ýokary ülňülere laýyk gelmegine bu ýerdäki döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen barlaghananyň işgärleri hemişe pugta gözegçilik edýärler. Gazlandyrylan hem-de gazlandyrylmadyk arassa çeşme suwlaryny, dürli görnüşli alkogolsyz içgileri gaplamak üçin zerur bolan dürli ölçeglerdäki we görnüşlerdäki gaplaryň hut şu ýerdäki awtomatlaşdyrylan ulgamda öndürilýändigini hem aýratyn nygtamak gerek. Halkymyza arassa çeşme suwuny, «Sumbar nary», «Sumbarkolo», «Pyrtykal», «Limonad», “Buratino” ýaly birnäçe gazlandyrylan suwlary hem-de alkogolsyz içgileri yzygiderli hödürlemäge mümkinçiligi bolan «Sumbar» agyz suw kärhanasynyň hünärmenleridir işçileri şu günler has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhanada öndürilýän önümlere ýaňy-ýakynda Italiýanyň “ICIM” guramasy tarapyndan “ISO — 9001”, “ISO — 22000” we “HACCP” azyk harytlarynyň Halkara hil we howpsuzlyk sertifikatlarynyň gowşurylmagy hem-de bu sertifikatlaryň Ýewropanyň Halkara “IQnet” guramasy tarapyndan tassyklanylmagy zawodda bitirilýän işe berlen mynasyp baha boldy.

— Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ynamly ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz kärhanalarymyzda öndürmek hem-de olaryň daşarky bazarlara çykarylýan möçberlerini artdyrmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Zawodymyzda öndürilýän önümleriň hiline daşary ýurtlaryň degişli guramalary tarapyndan ýokary baha berilmegi, hünärmenleriň öz işlerine ussatlyklarynyň ýokary derejedediginiň aýdyň güwäsidir. Biz bu ýokary baha çäksiz guwanýarys. Bu üstünlikde kärhanamyzda dürli kärlerde halal zähmet çekýän 50-ä golaý hünärmeniň her biriniň mynasyp paýy bar. Olardan seh müdiri Mübärek Esenowa, enjamlary sazlaýjy Didar Nyýazmyradow, önüm operatory Aýnur Gurtbaýewa, barlaghananyň laboranty Oguldöndi Abaýewa yhlasly zähmet çekip, kärdeşlerine görelde bolýarlar. Häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gurlan kärhanamyz Sumbar jülgesiniň şu golaýlardaky Aýdere, Durdyhan, Duzlydepe, Kürüždeý obalarynyň ýaşaýjylarynyň onlarçasyny iş orunlary bilen üpjün etdi. Bize halal zähmet çekip, ýokary hilli önümleri öndürmäge, ata Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini has belende götermäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýok — diýip, “Sumbar” agyz suw kärhanasynyň direktory Muhammet Çaryýew buýsanç bilen aýdýar.

Öndürýän önümleriniň hili babatda halkara derejesindäki ýokary abraýa eýe bolan “Sumbar” agyz suw kärhanasynyň hünärmenleri Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň geçen birinji ýarymynda 867 müň manatlyga golaý işleri özleşdirmegi başardylar. Şunda haryt görnüşindäki önüm öndürmek babatynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 119 göterim ýokarlandyryldy. Bu görkeziji arassalanan agyz suwy babatda bolsa 156 göterime barabar boldy. Tutuşlaýyn alanyňda, geçen ýylyň birinji ýarymyndaky bilen deňeşdirilende, 240 müň manatlykdan hem köp iş artyk özleşdirildi. Bu görnükli netijeler dirilik çeşmesiniň gözbaşynda halal zähmet çekýän “Sumbar” agyz suw kärhanasynyň hünärmenlerini has-da belent sepgitlere ruhlandyrýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.



О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05042 sek. ýüklenen baýt: 37909