Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Toplumlaýyn we sazlaşykly ösüşiň ileri tutulýan ugurlary
Ýazylan wagty: 16 сентября 2017 Ýazan NEXTTM

Okalan sany: 94   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
16 сентября 2017

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 10-njy martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ykdysady ösüşiň täze nusgalarynyň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan umumydöwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny bellemek bilen, bazar gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň döwlet strategiýasynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň islendik ulgamyny alsaň-da, adamyň bähbidine gönükdirilen giň gerimli, maksada okgunly işleri görmek bolýar. Munuň özi içeri we daşary syýasatyň jebis utgaşandygyny, türkmen jemgyýetiniň kämillige, herekete, döredijilige, gurmaga gönükdirilendigini alamatlandyrýar. Gurmak bolsa gurplulygy aňladýar.

 

Konstitusion ýörelgelere esaslanyp, durmuşa geçirilýän işlere toplumlaýynlyk we sazlaşyk mahsusdyr. Bu ösüşleriň ylmyň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna we ýurdumyzyň intellektual kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, pudaklaýyn dolandyryş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine esaslanýandygy aýratyn bellärliklidir. «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda» senagatyň pudaklarynyň ösüşini ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak göz öňünde tutulan. Milli maksatnamalarda ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürýän, uly möçberlerde goşulan gymmat emele getirýän, gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň jemi içerki önümçiligiň ösüşinde paýyny artdyrmak, ylmy köp talap edýän we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen, eksport önümlerini öndürmäge gönükdirilen önümçilikleri döretmegi ykdysady taýdan höweslendirmek, önümleriň hilini halkara standartlara laýyk getirmek ýaly ugurlar kesgitlenen. Häzirki döwürde senagatyň pudaklaryny ösdürmegiň esasy meseleleriniň biri ol ulgamlara ylmy-tehniki işiň netijelerini çekmek bolup durýar. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ýurduň ykdysady ösüşi, esasan-da, önümçiligiň intellektuallaşdyrylmagy we onuň esasy ugurlarynda ylmy-tehniki ösüşiň eýeleýän orny bilen häsiýetlendirilýär.

Ähli döwlet edaralarynyň döwrebap we sazlaşykly işlemegi, döwlet bilen hususyýetçiligiň hyzmatdaşlygynyň netijeli guralmagy, döwletimiziň telekeçiligi ösdürmäge döredýän has oňaýly şertleri, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen işewürlik ulgamynyň gowulandyrylmagy, işewür işjeňligiň, başlangyçlaryň artmagy, hojalygy täzeçil dolandyrmak üçin amatly şertleriň döredilmegi babatda zerur çäreleriň görülmegi toplumlaýyn, durnukly ösüşi üpjün edýär. Dünýäde barha ýaýbaňlanýan ylmy-tehniki ösüş, maglumat-elektron tehnologiýalary bilen senagatlaşmak adamzat jemgyýetiniň ösüşine täze alamatlary we öwüşginleri berýär. Ine, şunuň ýaly toplumlaýyn giň möçberli hem-de köp öwüşginli şertlerde Türkmenistan durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edip, Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk ýoly bilen öňe barýar.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň döwrebap senagatlaşmagyna, senagat pudaklarynyň her biriniň diňe häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilmegine, netijeli dolandyrylmagyna yzygiderli üns berýär. Şonuň üçin häzirki döwürde mineral, çig mal we uglewodorod serişdelerini, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemäge giň mümkinçilikler döredilýär. Taýýar önümleri işläp taýýarlaýan pudaklaryň we önümçiligiň ösüşini ýokarlandyrmaga niýetlenen özbaşdak senagat syýasaty durmuşa geçirilýär. Senagatyň pudaklarynyň içeri we daşary bazarlarda bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň dünýäde ykrar edilen halkara hyzmatdaşlyk syýasaty Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň baý we oňyn tejribesine esaslanyp: dünýäniň syýasy giňişliginde döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga; milli bähbitleriň yzygiderli goralmagyna; howpsuzlygyň toplumlaýyn we ygtybarly ulgamyny üpjün etmäge; parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge; daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen dostlukly, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge; möhüm halkara meseleleri BMG-niň tertipnamasy esasynda çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam bermäge; daşary ykdysady we medeni ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýän şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmekden we pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistan Katar döwleti bilen diplomatik gatnaşyklaryny 1996-njy ýylyň noýabrynda ýola goýdy. Däp bolan dostlukly türkmen-katar gatnaşyklary özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak bilen barha işjeňleşýär.

Alym Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, ylma esaslanýan syýasaty netijesinde Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap görnüşlerini we düzümlerini döredip, bu ugurda kuwwatly mümkinçiliklere eýe bolan ýurda öwrüldi. Diýarymyzyň howa ýollarynyň, demir ýollarynyň, deňiz-derýa ýollarynyň, awto ýollarynyň, turbageçiriji ulaglar ulgamynyň barha ösýän mümkinçilikleri Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman beýany bolup, dünýäniň ähli ýurtlarynda, halkara guramalarda biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmany artdyrýar. Türkmenistan döwletiniň häzirki zaman daşary syýasaty dünýäniň ähli ýurtlaryny hyzmatdaşlyga, arkalaşyga, ylalaşyga, döredijilige çagyrýar. Adamzadyň ösüş akabasyna kybap gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk häzirki döwürde türkmen halkyny dünýä tanatdy. Ýaňy-ýakynda, goňşy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň hem-de demir ýol köprüsiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi ulag ulgamynyň ösüşine ykdysady hyzmatdaşlyga aýdyň ýollary açdy.

Döwlet Baştutanymyz dabaralaryň geçen ýerinde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň subutnamasy bolan taryhy senäni ebedileşdirmek maksady bilen, ýadygärlik nyşanlary oturtmagy tabşyrdy hem-de şol günüň ulaglar ulgamynyň işgärleriniň güni hökmünde bellenip geçmeginiň maksadalaýykdygyny nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen özara bähbitli, hoşniýetli we deňhukukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi häzirki döwürde kanunçylyk ulgamynyň, döwlet dolandyryş edaralarynyň işleriniň özenini düzýär. Döwlet durmuşynyň we işiniň ähli pudaklarynda kanunlaryň takyk we birmeňzeş ýerine ýetirilmegi raýatlaryň syýasy, ykdysady, medeni hukuklarynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz her bir ulgam boýunça anyk tabşyryklary berdi we öňde duran wezipeleri kesgitledi. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisiniň milli kanunçylygy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak işiniň, şeýle-de dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleri nazara almak bilen, kanunçykaryjylyk işiniň birnäçe ugurlary boýunça görülýän çäreleriň işjeňleşdirilmeginiň wajypdygyny hem belledi. Ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň döwrebaplygy, halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy durmuş-ykdysady ösüşleriň netijeli bolmagyna oňaýly täsir edýär. Onuň esasy alamatlary bolsa bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esasynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatda ýüze çykýar.

Umuman, hormatly Prezidentimiziň nobatdaky Hökümet maslahatynda yzygiderli durmuş-ykdysady ösüşleri üpjün etmek üçin öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekde döwlet dolandyryş edaralaryna hem-de ähli derejedäki ýolbaşçylara aýratyn jogapkärçilik düşýändigi nygtaldy. Kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin bolsa döwlet tarapyndan ähli şertler döredilýär. Agzybirlik we jebislik bilen guramaçylykly işläp, her birimiziň durmuş-ykdysady ösüşlere mynasyp goşant goşmagymyz hemmämiziň raýatlyk borjumyzdyr.

Ýagmyr NURYÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk
institutynyň direktory,
hukuk ylymlarynyň doktory.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12305 sek. ýüklenen baýt: 40659