Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Gazagystan welosport boýunça altyn medaly Eýrana utdurdy
Ýazylan wagty: 20 сентября 2017 Ýazan NEXTTM
Aşgabat 2017-niň çäginde geçirilen hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji welosport ýaryşynda Eýran Yslam Respublikasy hepdäniň duşenbe güni gazagystanly türgenlerden üstün çykmak arkaly, erkekleriň toparlaýyn sprintinde ilkinji altyn medalyň eýesi bolmagy başardy. Tailand bolsa bürünç medalyň eýesi boldy.
Eýranly Ehsan Kademi, Ali Ali Askari hem-de Mahmud Pareş topary saýlama tapgyryndan geçirdi, soňra bolsa Pareşiň deregine Daneşwar Korram ýaryşlara goşuldy. 
Askari topar bolup gazanan üstünliklerine guwanyp, şeýle diýdi: “Bu ýeňiş trege çykan üç sany türgeniň ýeňşi däl, bu biziň tutuş toparymyzyň ýeňşi, şol sanda, işgärleriň, Mahmud Pareş ýaly final ýaryşyna gatnaşmadyk, emma topary saýlama tapgyrdan geçirmek üçin ägirt uly goşandyny goşan beýleki welosportçylatyň ýeňşidir. Bu bolsa 2017-nji ýylda geçirilen Aziýanyň welosport boýunça çempionatynda biziň gazanan kümüş medalymyzyň üstüni doljak ýene bir uly ýeňişdir”
Gazagystanly Pawel Woržew toparynyň kümüş medal gazanandygyna garamazdan, örän göwnüçökgün göründi. 
"Dogrymy aýtsam, meniň garaşanym çykmady. Biz altyn alarys öýdýärdik. Eger-de biz birinji ýeri gazanan bolsak, bu Gazagystan ýurdumyz üçin uly tizlikli ýaryşlarda ilkinji altyn medal bolardy. Welosportk ýaly sport görnüşleri biziň ýurdumyzda heniz uzak ýyllap ösdürilmeli. Biziň toparymyz bu sport boýunça dünýä derejesinde meşgul bolýan ilkinji gazak türgenlerdir we bu gün altyn medal almak bilen, biz özümiziň ýeten sepgitlerimizi görkezmegi ýüregimize düwüpdik. Ýöne muňa-da şükür etmeli, sebäp diýseň biz elimizde baryny etdik. Toparlaýyn sprintler şeýleräk geçýär-dä: ýeňiji boljak topar bir sekuntdan hem az wagtda ikinjilik bolup galyberýär” diýip, Pawel bize gürrüň berdi.
Okalan sany: 294   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
20 сентября 2017

drinks

NEXTTM
20 сентября 2017

blumblushcraycrazydancediablodiroldrinksfoolgoodkiss_miniman_in_lovemusicneapardonroflrolleyessadscratch_one-s_headshokshoutsmileunknwwacko2winkyahoo


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05977 sek. ýüklenen baýt: 33460