Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT SAGDYNLYGYŇ GIREWIDIR
Ýazylan wagty: 05 октября 2017 Ýazan NEXTTM

SPORT SAGDYNLYGYŇ GIREWIDIR

Beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil ýaşlar ýurduň baş baýlygydyr. Sebäbi sagdyn jemgyýetiň gönezligi bu kämil şahsyýetlerdir. Sport ynsanyň durmuşyny bütinleý üýtgedýän fiziki hem ruhy güýçdir. Sporta ykbalyny baglan ynsanyň pikirlenişi, dünýägaraýşy, pähim-parasady has tapawutlydyr. Sport sagdynlygyň sakasy, ruhubelentligiň gorudyr. Ruhubelentlik bolsa ýaşaýşyň mazmunyny artdyrýan ruhy ahwaldyr. Sport, sagdynlyk we ruhubelentlik biri-biri bilen utgaşýan, many taýdan biri-biriniň üstüni ýetirýän arabaglanyşykly jümlelerdir.

Sport kalby kanagatly ilimiziň durmuşynda owal-ahyrda aýratyn ähmiýete eýedir. Sagdynlyga hormat goýýan hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini asyrlar boýy özleşdirip gelýän halkymyzyň paýhasly pähimleri adamlara saglygyny berkitmegi we gorap saklamagy üçin elmydama hereketde bolmagy ündäpdir. Sport türkmeniň sada durmuşynyň işjeň hereketleri bilen bagly, ýönekeý ýaşaýyş endikleri bilen ugurdaş hereketler hökmünde-de, bitewiligine gadymy halkymyzyň bagryny badaşdyran ruhy düşünjesidir. Ata-babalarymyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan hereketli milli oýunlary hem berk bedenli, sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde ähmiýetli orun eýeläpdir. Şu jähetden milli mirasymyza çuňňur sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly biziň ählimize nusgalyk görelde görkezýändigi buýsanç bilen bellemäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiz «Adamyň ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär» diýip belleýär.

Asylly maşgalada kämil terbiýe alýan, sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý edýän perzentler elmydama işiniň şowly, durmuşynyň manyly, gursagynyň hyjuwly bolmagyny gazanýarlar.
Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam öz erkini, ukybyny, zehinini taplaýar. Häzirki wagtda berk bedenli ýaş nesillerimizi terbiýeläp ýetişdirmekde ýurdumyzda ýaşlaryň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin mümkinçilikleriň we şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyzda toplumlaýyn maksatnamalar amala aşyrylýar.

Ilatyň saglygyny düýpli gowulandyrmak we adamyň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrmak «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň baş maksadydyr. Hemmetaraplaýyn ösen sagdyn nesli terbiýelemek üçin sagdyn durmuş ýörelgesini we şertleri döretmek, sagdyn daşky gurşaw bilen üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan «Saglyk» döwlet maksatnamasy milletimiziň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde adamlaryň, şol sanda ýaşlaryň öz boş wagtlaryny peýdaly işlere gönükdirmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde köpçülikleýin sport we bedenterbiýe ulgamlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň giňeldilmegi bilen, gözel paýtagtymyzda we welaýatlarda häzirki zaman sport toplumlary emele getirildi, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän stadionlar, atçylyk sport toplumlary, sport mekdepleriniň we sport-sagaldyş merkezleriň onlarçasy gurlup ulanylmaga berildi. Diýarymyzyň ähli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän raýatlarymyzyň gündelik sport bilen meşgullanmaklaryna şertler döredilýär. Alnyp barylýan bu işleriň netijesinde, indi sport maşklary, türgenleşikleri ýurdumyzyň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli raýatlarynyň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň, aýratynam, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanda gurlan sport desgalaryny giňden ulanylmagyň, şeýle-de, türgenleriň milli we halkara ýaryşlara guramaçylykly taýýarlanmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny hemişe belleýär.

Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň guralmagy, sport desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy we kämilleşdirilmegi milli türgenlerimiziň abraýly halkara sport ýaryşlarynda gazanýan ýokary üstünliklerinde aýdyň şöhlelenýär.

Halkymyzyň saglygyny goramak, Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek  – hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolan «Aziada – 2017» taslamasynda öz mynasyp beýanyny tapýar. Dünýäniň 45 döwletini özünde jemleýän Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryny guramagy Türkmenistana ynanmagy, ozaly bilen, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durnukly we öňdengörüjilikli syýasatlaryna berilýän ýokary bahadyr.

Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygy boýunça alyp barýan işleri Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Gün tertibi bilen hem ýakyndan baglanyşykly bolup durýar. Durnukly ösüş üçin 2030-njy ýyla çenli bellenilen Gün tertibinde 17 sany maksat görkezilýär. Şolaryň üçünjisi gönüden-göni adam saglygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şol sebäpden 2017-nji ýyl ýurdumyzda «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýlip yglan edildi.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem «Sagdynlyk, Ruhubelentlik, Dostluk» şygary astynda geçer. Sporty we dostlugy bir bitewi ulgamda ösdürmek ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Bitarap ýurdumyzyň Halkara olimpiýa komiteti we sport federasiýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy esasynda, diýarymyzda sportuň dürli görnüşleriniň ösdürilýändigini hem bellemek buýsançlydyr. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzda sportuň awtomobil, welosiped, hokkeý, figuralaýyn typmak ýaly adaty bolmadyk görnüşlerini ösdürmek maksady bilen Olimpiýa suw sport toplumy, sportuň suwdaky görnüşleri bilen meşgullanmak üçin toplumlaryň, awtodromyň gurlandygyny belläp bolýar.

Häzirki günde ata Watanymyz Türkmenistan uly sport baýramçylygyna – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýär. Bu waka mynasybetli guralýan dabaraly çäreler biri-birine utgaşýar. Häzirki günde bütin dünýäniň nazary Türkmenistana gönügýär.

Behişdi ahalteke bedewlere atlanan türkmen ýigitleri ýurdumyzyň her welaýatlarynda 100 günläp bolup, şol ýeriň taryhy we medeni künjeklerine, ajaýyp gözelliklerine aýlanyp, Aziadanyň golaýlap gelýändigini buşlaýarlar. Atly ýöriş şu ýylyň 17-nji sentýabrynda V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda alawyň ýakylmagy bilen tamamlanar. Şatlyk-şagalaňa, ýokary ruhubelentlige beslenip geçýän her bir gün bizi «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň» ýylynyň esasy wakalarynyň biri bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna barha golaýlaşdyrýar.

«Sagdynlygyň we ruhubelentligiň» ýylynda dünýä türgenlerini bir supra jemlejek V Aziýa oýunlary ýurdumyzyň ussat türgenleri üçin hem şowly bolsun!

Okalan sany: 192   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05816 sek. ýüklenen baýt: 37325