Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Matam güni
Ýazylan wagty: 06 октября 2017 Ýazan NEXTTM

Şu gün Türkmenistanda 1948-nji ýylda bolup geçen Aşgabat ýer titremesiniň şehitlerini ýatlama günüdir. Türkmen halkynyň taryhyndaky iň gynançly wakadan bäri 69 ýyl geçdi. Bu baradaky ýatlama türkmenistanlylaryň her biriniň ýüreginde häzire çenli hem agyr yzalygyna galýar. 1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gijede 1 sagat 12 minutda güýçli ýer titremesi göz açyp--ýumasy salymda şäheri hem-de onuň töweregindäki obalary weýran edip, ýüz müňlerçe adamlaryň ömür tanapyny kesdi. 

Bu elhenç waka adamlaryň ykbalyna atanak çekip, iň ýakynlaryny ýitiren aşgabatlylary dirilere hem-de şehitlere böldi. Şol agyr ýer titremäni başyndan geçirenleriň hemmesi wagtyň çekilen ýitginiň öwezini dolmaýandygyny bilýärler. 

Aşgabat öz täze keşbinde ýurduň geljegi, türkmenleriň geljekki nesilleriniň bagtly ykbaly barada ajaýyp garaýyş döredýär. Owadan şäher tebigy betbagtçylykda şehit bolanlaryň hatyrasyna biziň ýüreklerimizde ýaşaýan şol ýakynlaryň ruhuna bagyşlanan mynasyp ýadygärlige öwrüldi. 


Soňky ýyllarda Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Döwrebap belent binalar peýda boldy, täze köçeler, şaýollar guruldy, ajaýyp seýilgähler döredildi, metjitleriň, köşkleriň gümmezleri belende çykdy. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup geçýän iri özgertmeleri öz keşbinde aýdyň ýüze çykaryp, şäher ýaşaýar we gülläp ösýär. Onsoň, neneň taryhy taýdan örän gysga döwrüň içinde gözümiziň alnynda bolup geçen şeýle özgertmelere guwanmajak, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze durmuşa galkynan türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyna begenmejek! 

Hasratly wakanyň- Aşgabat ýer titremesiniň has öň bolup geçendigine garamazdan, şol pajygaly gije şehit bolan ildeşlerimiz baradaky hakyda türkmen halky üçin mukaddesdir we adamlaryň kalplarynda müdimilik ýaşar. 

1948-nji ýylyň oktýabr aýynyň 5-inden 6-syna geçilýän gije şehit bolanlaryň hatyrasyna ýatlama çäreleri paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da geçirilip, hemme ýerde aýat-dogalar okaldy, sadakalar berildi. Ýadygärlik toplumlaryna gül desseleri goýuldy. 

Goý, bu gün okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! 

Goý, türkmen topragynda hemişe asudalyk we abadançylyk, agzybirlik we jebislik höküm sürsün!
Okalan sany: 183   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06281 sek. ýüklenen baýt: 31780