Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy açyldy
Ýazylan wagty: 03 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. 
OGT — 2017 forumy dünýä işewürlik senenamasynda berk orun eýeläp, uly abraýa mynasyp boldy, onuň giň wekilçilikliligi Türkmenistanyň hem-de onuň mümkinçilikleriniň uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär, gatnaşyklara özara ymtylmalary görkezýär, bu bolsa işewür gatnaşyklaryň ýola goýulmagy we ösdürilmegi, maýa goýumlary üçin geljegi uly ugurlaryň gözlenilmegi üçin möhüm şert bolup durýar. Biziň ýurdumyz bolsa esasan-da häzirki wagtda, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşe eýe bolan döwründe hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýar. 
Türkmen ykdysadyýetine ynam, daşary ýurt işewürligi tarapyndan maýa goýumlaryny gönükdirmek islegi ýylyň-ýylyna artýar. Munuň özi onuň täze hiliniň ýene bir tapawutly aýratynlygydyr. 
Iri nebitgaz forumy nobatdaky gezek alymlary we bilermenleri, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady. 
Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň iň iri gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwaty bu çärä aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýle hem ol ýurdumyzyň açyk energetika syýasaty netijesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen we dünýä bileleşiginiň biragyzdan goldawyna eýe bolan oňyn halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir. 
Şu ýyl Sergi merkezinde dünýäniň 16 döwletinden — Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Singapuryň, Malaýziýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Awstriýa Respublikasynyň, Niderlandlaryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň kompaniýalarynyň 40-a golaýy, şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. 
Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, nebitgaz pudagynyň hünärmenleri, daşary ýurtly myhmanlar we beýlekiler gatnaşdylar. 
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň amatly geosyýasy ýagdaýa eýe bolmak bilen onuň berýän mümkinçilikleriniň milli bähbitler bilen birlikde, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem hyzmat etmegini gazanmagy esasy wezipe edip goýýandygy aýratyn nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz halkara maslahatyna we sergä gatnaşyjylary onuň öz işine başlamagy bilen gutlap, bu serginiň we maslahatyň netijeleriniň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam berýän hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň işlenip taýýarlanylmagyndan ybarat boljakdygyna ynam bildirdi. 
Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň esasy bölümlerinde nebitiň we gazyň geologiýasy we geofizikasy; nebitgaz känlerini gözlemek we çykarmak; guýulary burawlamak we ulanmak; çykarmak we gaýtadan işlemek; ibermek we saklamak; nebiti çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň täze usullary nebit we gazhimiýa üçin tehnologiýalar; gaz, nebit we nebithimiýa pudaklary üçin enjamlar; guýulary burawlamak we düýpli abatlamak üçin enjamlar, gurallar; kompozit we çalgy serişdeleri; turba geçiriji we kadalaşdyryjy enjamlar, armatura we onuň bölekleri; sorujylar, gysyjylar, pnewmatika, hereketlendirijiler, gidrawlika; nebitgaz toplumy üçin elektrotehniki enjamlar; kebşirleýji abzallar; ýangyna garşy howpsuzlyk, gorag serişdeleri we beýlekiler görkezilýär. Sergide ekologiýa ulgamynda täze işläp taýýarlamalara hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleri ulgamynda geljegi uly işläp taýýarlamalara, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna degişli çözgütlere aýratyn orun berilýär. 
Ýurdumyzyň “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we beýleki pudaklaýyn kärhanalaryň birnäçesiniň diwarlyklary sergä gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Olar ýurdumyzyň örän baý nebit we gaz känleriniň özleşdirilmegini, şeýle hem ýokary girdejili önümleri öndürmegi amala aşyrýarlar. 
Pudaklaýyn gözden geçirilişiň işiniň üç gününiň dowamynda daşary ýurt kompaniýalarynyň, şeýle hem diňe bir nebitgaz pudagynda däl, eýsem garyşyk pudaklarda meşgullanýan kärhanalaryň wekilleri önümlerini we kuwwatyny görkezmäge-de, işewür gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlyk aragatnaşyklaryny görnetin giňeltmäge hem mümkinçilik alarlar. Bu bolsa, öz gezeginde, nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyna, şeýle hem türkmen ýangyç-energetika toplumynyň umumydünýä energetika ulgamyna goşulyşmagynyň depginlerine oňyn täsirini ýetirer. 
Forumyň çäklerinde geçirilýän maslahata dünýäniň 40 töweregi döwletinden 164 halkara we hökümet guramalaryna, şol sanda şu ýyl Türkmenistanyň başlyklyk edýän Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine wekilçilik edýän 500-e golaý wekil hem-de diplomatik wekilhanalaryň işgärleri gatnaşýar. Wekiliýetleriň köpüsiniň hatarynda degişli döwlet düzümlerine baştutanlyk edýän ýokary wezipeli resmi adamlar bar. Daşary ýurt ýöriteleşdirilen neşirleri, habarlar agentlikleri, neşir öýleri, internet-portallar forumyň maglumat üpjünçiligini amala aşyrýarlar. 
Şu gün umumy we bölümler boýunça mejlisler geçirildi, olaryň dowamynda halkara, sebit we ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ösüşiniň mümkinçilikleri — geljegiň strategiýasyny kemala getirmek ýaly möhüm meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi we ara alyp maslahatlaşyldy, şeýle hem nebitgazy gaýtadan işlemegiň we nebitgaz senagatyň geljekki ugurlary, uglewodorod serişdelerini ibermegiň strategiýasy seljerildi. 
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýäniň iri energetika döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy we häzirki döwürde özüniň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagy, Amyderýanyň, Merkezi Garagumuň, Hazar deňziniň ýalpaklygynyň we kenarýakasynyň täze ýüze çykarylan nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna pudagyň serişde binýadynyň berkidilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazaryna ugratmagyň köpugurly ulgamynyň döredilmegi onuň möhüm ugry bolup durýar. 
“Galkynyş” käni halkara derejesi boýunça ägirt uly goruň nobatdaky subutnamasydyr. Onuň özleşdirilmegine daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary gatnaşýarlar. Bu käniň ilkinji nobatdakysyna degişli bolan harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumy gurlup, ulanmaga berildi. 
Bu käni işläp taýýarlamak boýunça ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi üçin hem örän ähmiýetlidir. “Galkynyş” käni bu taslamanyň esasy çig mal gory bolup hyzmat eder. TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek meselesine ýörite pikir alyşmalaryň bagyşlanjakdygyny öňünden aýtmalydyrys, onda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar ilkinji çeşmelerden anyk maglumatlary alyp bilerler. 
Pudaklar boýunça bilermenleriň toplumlaýyn çemeleşmeleri pikiralyşmalaryň ýokary derejesini üpjün eder hem-de olaryň jemleri boýunça häzirki wagtda energetika syýasatynyň emele getirilmegine isleglere eýe bolan teklipleri hödürlemäge mümkinçilik berer. 
Nebitgaz ulgamyny ösdürmegiň we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň strategiki meselelerinden başga-da, ýygnananlar pudaga innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşdylar. 
Maslahatda bellenilişi ýaly, ähli ýurtlaryň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary öňe sürýän Türkmenistan olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda anyk çäreleri yzygiderli amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren we energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlary munuň subutnamasydyr. 
Türkmenistanyň önümçilik kuwwatlyklarynyň täzeçil usulda ösdürilmegi we pudagyň senagatlaşdyrylmagy tebigy baýlyklary tutuş ykdysadyýeti ösdürmegiň we ýurduň ilatynyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmagyň bähbidine netijeli ulanmagyň nusgalyk görnüşini dünýä äşgär etmäge ýurdumyza mümkinçilik berýär. 
Maslahatyň gün tertibiniň meseleleriniň biri, hususan-da, türkmen uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmagyň mümkin ýollaryny gözlemekdir. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan dünýä ähmiýetli uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýe bolmak bilen, özüniň ägirt uly kuwwatlyklaryny tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine netijeli durmuşa geçirmek meselesiniň çözgüdine ýokary derejede jogapkärli hem-de oňyn çemeleşmäniň nusgasyny görkezdi we görkezýär. 
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapyndan nebitgaz pudagynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy. Munuň üçin ýurdumyzda zerur şertler, amatly maýa goýum ýagdaýy, dürli ýeňillikler döredildi. Bu bolsa Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň gazyp alýan we gaýtadan işleýän pudagyny ösdürmäge maýa goýum serişdelerini çekmek üçin oňyn şerti emele getirýär. 
3-nji noýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly halkara maslahat öz işini tamamlar. 
Bölümler boýunça geçirilen mejlislerde tehnologiýa innowasiýalary we dünýäniň nebitgaz kompaniýalarynyň tejribesi, daşary ýurt maýa goýumlary we Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda çig maly gözlemek we çykarmak babatynda halkara hyzmatdaşlygy, gaýtadan işlemek boýunça taslamalary döretmegiň we dolandyrmagyň dünýä tejribesi hem-de tebigy gazy ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça meselelere garaldy. 
Meýilleşdirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň we pikiralyşmalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary we olaryň geljekki hyzmatdaşlary türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine we strategiki ugurlaryna degişli gyzyklanma bildirilýän ähli meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Türkmen energetika bazarynyň özüne çekijiligi, ýurdumyzyň dünýä üçin açyklygy, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, ýangyç-energetika toplumynyň okgunly ösüşi, amatly maýa goýum ýagdaýy — bularyň ählisine maslahata gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň doly goraglylygynyň ygtybarly syýasy we ykdysady kepillikleri hökmünde garalýar. 
Şeýlelikde, serginiň we maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylaryň ählisi Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ýagdaýy we möhüm ugurlary hakynda doly maglumatlary alarlar, bar bolan serişdeleri we maýalary bilelikde peýdalanmagyň, tagallalary birleşdirmegiň mümkin bolan ulgamlaryny anyklarlar, hyzmatdaşlygyň toplanylan tejribesini alyşarlar. 
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” Halkara maslahatynyň we serginiň wekilleri üçin Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça bina edilýän gazy gaýtadan işleýän zawodyň meýdançasyna gezelenç guramak hem meýilleşdirildi. 
Sergi 4-nji noýabrda öz işini tamamlar.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07823 sek. ýüklenen baýt: 43647