Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Pasyllaryň çalyşmagyny sagdyn bolup garşylalyň: möwsümleýin keselleriň öňüni almak barada
Ýazylan wagty: 03 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Ýylyň her paslynyň öz ajaýyplygy bolup, olar saglygyňa paýhasly çemeleşmegi talap edýär. Pasyllaryň çalyşmagy we howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremegi mümkin. Olara garşy nähili göreşmeli? Bu barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman ministrliginiň Maglumat merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa TDH-nyň habarçysyna şeýle gürrüň berdi. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.
Saglyk bilen bagly her bir meselede hökman maşgala lukmany bilen maslahatlaşmaly.
Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli, pasyllara görä geýinmeli we witamin С – askorbin turşusyna baý önümleri iýmeli.
Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda durmaly däl. 
Adamyň kesele garşy ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hökman askorbin turşusyna baý içgileri, miwe şirelerini kabul etmeli. Olara bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri degişlidir. Kelem, käşir we beýleki bakja önümleri günüň dowamynda iýjek bolmaly.
Asyrlaryň dowamynda milli tagamlarymyza öwrülen, gyzyl burç goşulan unaş hem pasyllaryň çalşygynda iýmegi maslahat berýäris. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ýöne unaşa gyzyl burç atmagy maşgala lukmanlar bilen maslahatlaşsaňyz gowy bolar.
Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Asgyrlanda, üsgürlende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly. Elleri elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn suw bilen ýuwmaly. Derman serişdelerini lukmandan maslahatlaşman, özbaşdak kabul etmeli däl. Olary özbaşdak ulanmaklyk birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
Pasyllaryň çalşygynda bedeni sagdyn saklamak üçin hökman hormatly Prezidentimiz, TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopediki kitabynda beýan edilýan dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmeli.
Ýurdumyzda döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy tarapyndan möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar geçirilýär. Bu barada öz maşgala lukmanynyň bilen maslahatlaşyp bilersiňiz.
Şu düzgünlere eýerjek boluň we hemişe sagdyn boluň!
Okalan sany: 20   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05074 sek. ýüklenen baýt: 32025