Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady
Ýazylan wagty: 04 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärlerini hünär baýramy bilen gutlady

Döwlet baştutanynyň gutlagynda: „Size berkarar döwletimiziň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmek, onuň ykdysady howpsuzlygyny we milli bähbitlerini goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin“—diýilýär. 

Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligindäki orny barha berkeýär. Biz milli ykdysadyýetimizi dolandyrmagyň hem-de döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň usullaryny yzygiderli kämilleşdirýäris we diwersifikasiýa ýolunyň hukuk esaslaryny berkidýäris. Bu işleriň çäklerinde, golaýda «Erkin ykdysady zolaklar hakynda» Türkmenistanyň täze Kanunyny kabul etdik. 

Sebitde ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarymyz dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýar. Maksada okgunly işleriň amala aşyrylmagy netijesinde, gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap şertlerde halkara awtomobil ýollary, demir ýollary we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Türkmenistan bu halkara söwda ýolunyň ugrunda sebitara we yklymara ähmiýetli iri ulag-logistika merkezleriniň ýurduna öwrülýär. 

Geçen bir ýylyň dowamynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ýurdumyzyň çäginden geçýän böleginiň, Amyderýanyň üstünden geçýän iri ulag köprüleriniň açylyp, ulanmaga berilmegi, häzirki wagtda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň, Daşoguz we Türkmenabat şäherlerinde howa menzilleriniň gurluşyklarynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylmagy döwletimizde logistika strategiýasyny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünlikleriň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzda erkin ykdysady zolaklaryň işini netijeli guramakda, üstaşyr ulag geçirijiligi ýokarlandyrmakda, ulag-logistika ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmakda we olary täze ykdysady derejä ýetirmekde gümrük işiniň döwrebap guralmagy hem-de yzygiderli kämilleşdirilmegi wajyp bolup durýar. 

Ýurdumyzyň beýleki döwletler bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giň gerim alýar, onuň halkara abraýy barha artýar. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. Bu iri halkara sport ýaryşynyň geçirilen döwründe serhetde ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak, daşary ýurtly myhmanlaryň we olaryň harytlarynyň serhetden çalt geçirilmegini üpjün etmek boýunça gümrük işgärleriniň alyp baran tutanýerli işleri hem-de sport ýaryşlarynda Döwlet gümrük gullugynyň türgenleriniň gazanan ýokary netijeleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 

Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň türkmen böleginiň işläp başlamagy bilen, onuň ugrunda döwrebap enjamlaşdyrylyp gurlan täze «Ymamnazar demirýollary» gümrük postuny işe girizdik we oňa ýanaşyk ýerleşýän «gury portuň» gurluşygyna badalga berdik. 

Şu ýyl Döwlet gümrük gullugynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp gurnalan, halkara gatnawda ýük daşaýan awtoulaglaryň ýurdumyzyň çägindäki hereketine göni aragatnaşykdaky gözegçilik ulgamy işe girizildi. Mundan başga-da, gümrük taýdan resmileşdiriş işlerini awtomatlaşdyrýan döwrebap programma üpjünçiligi bolan täze bitewi maglumat-aragatnaşyk ulgamyny gurnamak işleri alnyp barylýar. Biz ýurdumyzda gümrük işini kämilleşdirmegi geljekde-de yzygiderli dowam etdireris. 

Milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüş ýoluna geçirilýän döwründe gümrük edaralarynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Olaryň arasynda logistika çygrynda innowasiýany ornaşdyrmakda ýardam bermek, erkin ykdysady zolaklaryň döredilmegine işjeň gatnaşmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitlerini we hukuklaryny goramak, ykdysadyýetimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine ýaramaz täsir edip biljek harytlaryň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak ýaly wezipeler bar. 

Siziň her biriňiziň bu jogapkärli wezipelere tutanýerli zähmet, ýokary derejede yhlas, egsilmez gujur-gaýrat bilen hötde geljekdigiňize berk ynanýaryn“-diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda nygtalýar.

Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09977 sek. ýüklenen baýt: 34421