Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Öñde yklym ÿaryşy.
Ýazylan wagty: 06 ноября 2017 Ýazan Mayichka
Paýtagtymyzyň „Galkynyş“ sport merkezinde  söweş sungaty boýunça Aşgabadyň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryş noýabryň 10-12-si aralygynda Daşkentde geçiriljek başa-baş söweş boýunça Aziýa çempionatyna taýýarlygyň çäklerinde geçirildi. Şunuň bilen baglylykda ýaryşyň düzgüni birneme üýtgedildi we geljekki yklym birinjiliginiň kadalaryna golaýlaşdyryldy. 

Çempionata Ahal, Balkan welaýatlaryndan we Aşgabatdan 100-e golaý türgen birnäçe ýaş toparlarynda –çagalaryň arasynda (10 ýaşa çenli), ýetginjekleriň (ýaşy 18-e çenli) we erkekleriň arasynda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi. Tutluşyklarda paýtagtly başa-baş söweşler ussatlary altyn medallaryň aglabasyny eýeläp, gowy taýýarlykllydyklaryny görkezdiler. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Orif Buharakowyň, şeýle hem Rustam Kuraýewiň, Orazgeldi Orazgeldiýewiň we Wardan Petrosýanyň şägirtleri 22 gezek hormat münberiniň ýokarky gatyna çykdylar. Balkan welaýatynyň toparynyň uly tälimçisi Sapardurdy Rahmanberdiýewiň şägirtleri altyn medallaryň dördüsini eýelediler. 

Erkekleriň arasyndaky tutluşyklar çekeleşikli geçdi. Olarda aşgabatlylar ähli agramlarda –Arslan Annagylyjow (60 kilogram çenli), Kemal Jumagulyýew (80 kilograma çenli), Sapargeldi Nurybaýew (85 kg çenli) we Merdan Gurbanow (90 kg-dan agyr) agramlarda ýeňiş gazandylar. 
   Söweş sungaty hökmünde bu sport görnüşi heniz ýaş: Halkara garpyşykly el söweşi federasiýasy (HBSF) 2006-njy ýylda döredildi. Sportuň täze görnüşiniň esasy tapawutly taraplarynyň biri, tutluşykda bäsdeşlere diňe bilinden ýokarsyna we kelleden aşagyna urmak bolýar. Bogujy we awundyryjy tilsimleriň köpüsiniň ulanylmagy gadagan edilýär. 
   Ýurdumyzda häzirlikçe degişli gurama bolmasa-da, bu ugurda iş alnyp barylýar. HBSF Türkmenistanyň Söweş sungaty (hanmudo) federasiýasynyň ýurtda garpyşykly el söweşini ösdürmäge we başa-aş söweşiň şu görnüşi boýunça ýaryşlary guramaga hukuklydygyny tassyklaýan ýörüte Sertifikat döretdi. Sertifikat şeýle hem türkmen türgenlerine HBSF-nyň howandarlygynda geçirilýän halkara ýaryşlarynyň ählisine gatnaşmaga hukuk berýär. 
   Başa-baş söweşler (hanmudo) Milli federasiýasynyň başlygy Orif Buharakowyň pikirine görä, ussatlarymyzyň geljekki Aziýa çempionatynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmäge ähli mümkinçiligi bar.
Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07796 sek. ýüklenen baýt: 32051