Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Mejlisi oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda Karary kabul etdi
Ýazylan wagty: 06 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Mejlisi oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda Karary kabul etdi

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. 

Ilki bilen parlamentarileriň garamagyna “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakynda”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda” Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi. 

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Türkmenistanda innowasiýa häsiýetli ykdysadyýetiň—“bilimler ykdysadyýetiniň” kemala getirilmegi, ýurdumyzyň intellektual we ylmy-tehniki kuwwatynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegi ugur edinilýär. 

Bularyň ählisi tutuşlygyna ýokarda agzalan Kanunlaryň möhümligini şertlendirdi, bu kanunlar oýlap tapyşlaryň, şeýle hem senagat nusgalarynyň, has takygy, olaryň daşky görnüşlerini emele getirýän çeperçilik—konstruktorçylyk çözgütleriniň hukuk goragy bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar. 

Deputatlar şeýle hem “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”, “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda”, “Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalaryna garadylar. 

Mundan başga-da, maslahatda “Halkara raýat awiasiýasy hakyndaky Konwensiýanyň 50 “a” we 56-njy maddalarynyň üýtgetmelerine degişli Teswirnamalaryna goşulmak hakynda”, “Halkara howa gatnawlarynyň käbir düzgünlerini bir nusga getirmeklige niýetlenilen Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýaragly çaknyşyklar mahalynda medeni gymmatlyklary goramak hakynda Konwensiýa hem-de oňa degişli 1954-nji we 1999-njy ýyllaryň Teswirnamalaryna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garaldy. 

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldanyldy we kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary bu möhüm hukuk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň häzirki wagtda hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Watanymyzyň durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen okgunly ösdürilmegi boýunça öňde goýan ägirt uly wezipeleriniň çözülmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler. 

Maslahatyň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy.
Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06624 sek. ýüklenen baýt: 33491