Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýapon teležurnalistleri Türkmenistanyň demir ýollarynda syýahat edýärler
Ýazylan wagty: 06 ноября 2017 Ýazan NEXTTM

Ýapon teležurnalistleri Türkmenistanyň demir ýollarynda syýahat edýärler

Ýapon teležurnalistleri Türkmenistanyň demir ýollarynda syýahat edýärler

Oktýabryň ahyrynda goňşy Özbegistandan Lebap welaýatyna gelen Telecom Staff Inc telekompaniýasyndan ýapon žurnalistleriniň topary Türkmenistanda işläp başlady. Olar Gazagystanda hem işlediler. 

Dört adamdan ybarat döredijilikl toparyna režisýor Horosawa Tesuma ýolbaşçylyk edýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynň üçüsi boýunça saparyň maksady - meşhur „Asahi“ telekanaly üçin „Otlynyň penjiresinden görünýän dünýä“ umumy at bilen gepleşikler toplumyny taýýarlamakdyr. Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýada ilatyň aglaba bölegi üçin ýokary tizlikli demir ýol ulagy esasy gatnaw serişdesidir. Ýokarda ady agzalan gepleşik indi göni 30 ýyl bäri görkezilýär. Şol döwürde yklymlaryň ählisinden gepleşikleriň 10 müňden gowragy görkezildi. Munuň üçin olar jemi 800 müň kilometr ýol geçdiler. 

Şu günler ýapon žurnalistleri 13 ýyl mundan ozal geçen ýolundan gidýärler. Olar Türkmenistanda alnyp barylýan çalt depginli uly möçberli özgertmelere haýran galýarlar. Myhmanlar ilki bilen Lebap welaýatyna gelip, Amyderýanyň üstünden Türkmenabat-Farap döwrebap demir ýol köprüsini surata düşürdiler. Belli bolşy ýaly, uzynlygy 1750 metr bolan ägirt uly desga şu ýylyň martynda ulanylmaga berildi. Onuň we awtomobil ulag geçelgesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. 

Köprüleriň gurulmaly ýeriniň geodeziýa barlaglary geçirilenden soň saýlanylyp alynmagy tötänden däldir. Çünki hut şu ýerde, Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ugrunda köpsanly kerwenler üçin oňaýly geçelge bolupdyr. 

Köprüleriň gurluşygynda öňdebaryjy burawlaýyş tehnologiýasy ulanyldy. Çalt akýan we ugruny üýtgedýän Amyderýanyň özboluşlylygy göz öňünde tutulyp, uly möçberli kenar berkidiş işleri ýerine ýetirildi. Has berk gurnamaryň ulanylmagy netijesinde ägirt uly desga ýolagçy otlylary barada aýtmanyňda-da, has agyr ýükli otlylaryň agramyna, şeýle Rihteriň şkalasy boýunça 9 balllyk ýer titremesine durnuklydyr. 

Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


Sahypaň ýüklenen wagty 0,11929 sek. ýüklenen baýt: 33191