Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Futbol: Ýokary liganyň 29-njy tapgyry gysga makalalarda
Ýazylan wagty: 06 ноября 2017 Ýazan NEXTTM

Futbol: Ýokary liganyň 29-njy tapgyry gysga makalalarda

Futbol: Ýokary liganyň 29-njy tapgyry gysga makalalarda

Ýokary ligada bir bada iki topar 60 utuga çykdy

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň 29-njy tapgyrynda ýeňiş gazanan öňdebaryjylar «Ahal» bilen «Altyn asyr» şu möwsümde 60 utuk gazanan ilkinji toparlar boldy. Tapgyrda «Şagadamy» 3:2 hasabynda ýeňen «Ahal» 26 oýundan 62 utuk toplap, henizem ýaryş kerweniniň başyny çekýär. Çempionatdaky esasy garşydaşlarynyň Türkmenistanyň kubogyna mynasyp bolmagyndan soňra, AFK-daky ýerini tas tassykladan «Altyn asyryň» hem esasy maksady yklym ýaryşyna çempionaty ikinji orunda tamamlap, saýlama tapgyrdan gatnaşmak däl-de, çempion bolup, göni toparçalarda çykyş edip başlamak. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri tapgyryň esasy duşuşygynda myhmançylykda «Balkany» 2:1 hasaby bilen ýeňip, arzyly çempionlyk üçin ýene bir ädimi ätdiler. Çempionlyk üçin dartgynly ýaryş 30-njy tapgyrda hem dowam eder. Nobatdaky tapgyrda Röwşen Meredow we onuň şägirtleri Daşoguz şäherinde «Turanyň» myhmany bolsa, «Altyn asyr» Aşgabatda «Energetigi» kabul eder.

Ýatladýarys, häzirlikçe «Altyn asyryň» bir oýny «Ahalyňkydan» az. Şonuň üçin hem möwsümiň galan duşuşyklarynyň ählisinde ýeňiş gazanyp bilen ýagdaýynda «aragatnaşykçylar» bassyr dördünji çempionlygyny gazanyp biler.

29-njy tapgyr Ýokary liganyň 25-nji möwsüminiň iň kän golly tapgyry boldy

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 29-njy tapgyry şu möwsümiň iň kän golly tapgyry boldy. Tapgyrda derwezelere 17 gol geçirildi. Gollaryň 3-si «Köpetdag» — «Merw», 6-sy «Energetik» — «Turan», 5-si «Ahal» — «Şagadam», 3-si bolsa «Balkan» — «Altyn asyr» duşuşygyna degişlidir. Ortaça hasap bilen alaňyzda, tapgyrda her duşuşyga 4,25 gol düşýär. Şeýlelikde, şu möwsüm 98 futbolçy 326 gol geçirdi.

Möwsümiň mundan ozalky iň kän golly tapgyrlary 15 gol bilen 12-nji, 14 gol bilen 16-njy we 22-nji tapgyrlardyr.

«Köpetdag» — «Merw» 3:0.

Gollar:

1:0, Döwlet Döwletmyradow

2:0, Berdimyrat Rejebow

3:0, Baýram Nurlyýew.

Ýylyň jemi boýunça : 4:4.

Oýunam, utugam deň

29-njy tapgyrda Mary şäheriniň «Merw» toparyny uly hasap bilen ýeňen «Köpetdag» şu möwsümde özüne mahsus bolan aýratynlygyny ýene-de gaýdyp aldy. Möwsümiň agramly böleginde oýnalan oýunlaryň sany bilen utuklary deňeçer alyp giden Içeri işler ministrliginiň topary 26 oýundan soňra utugyny hem 26-a çykardy. Topar indiki tapgyrda «Aşgabadyň» myhmany bolar.

Deňlediler

Şeýlelikde, «Köpetdag» bilen «Merw» şu möwsümdäki özara duşuşyklaryny tamamladylar. Geçirilen dört duşuşygyň netijesi boýunça toparlaryň ikisem biri-biriniň derwezesine 4 pökgi geçirip bildi. Duşuşyklaryň ikisi 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan bolsa, bir duşuşykda «Köpetdag», birinde «Merw» ýeňiş gazandy. Şu ýylky «Köpetdag» — «Merw» duşuşyklarynda diňe Guwanç Ýagmyrow («Merw») iki gezek tapawutlandy.

«Energetik» — «Turan» 6:0.

Gollar:

1:0, Pirmyrat Gazakow

2:0, Guwanç Abylow

3:0, Guwanç Abylow

4:0, Melis Ryzaýew

5:0, Guwanç Abylow

6:0, Maksat Atagarryýew.

Möwsümiň jemi boýunça pökgi gatnaşygy: 12:2.

Gazakowdan «het-trik»

Ýöne, elbetde, bir oýunda däl. Pimryrat Gazakow toparynyň soňky geçiren 3 duşuşygynda-da tapawutlandy. Mundan öň «Köpetdag» — «Energetik», «Şagadam» — «Energetik» duşuşyklarynyň hersinde bir gezek tapawutlanan hüjümçi bu duşuşygyň hem gol perdesini açyjy boldy. Bu tapgyrdaky gol P.Gazakowyň möwsümdäki 11-nji goludyr. Ýeri gelende aýtsak, möwsümiň iň uzyn golly tapgyry Myrat Ýagşyýew bilen Myrat Annaýewe degişli. Olar möwsümiň başynda 6 duşuşykda yzygiderli tapawutlanmagy başarypdylar.

Abylowdan 10 gol

Tapgyrda 3 gezek tapawutlanan Guwanç Abylow möwsümiň 10 golly futblçylarynyň hataryna goşuldy. Indi ol şu möwsümde 10 gol geçirip bilen 6-njy futbolçy. Sanawyň ýokaryky bäşliginde bolsa Myrat Ýagşyýew, Wahyt Orazsähedow, Amir Gurbany, Yhlas Magtymow we Pirmyrat Gazakow bar. Bu sepgide ýetmäge indiki iň ýakyn futbolçy «Merwden» Rustam Mätryzaýew we «Altyn asyrdan» Altymyrat Annadurdyýew. Eger-de indiki tapgyrda ýene bir futbolçy het-trik ýa dubl bilen öňe saýlanmasa, geçirip biljek ýekeje goly Rustamy we Altymyrady nobatdaky 10-lukçy eder.

Abylowdan 10 gol II

Tejribeli futbolçy düzümine şu ýyl goşulan toparynda hem 10-njy goluny geçirdi. Şeýlelikde, ol Ýokary liga 2015-nji ýylda gelen toparyň — «Energetigiň» düzüminde 10 gezek tapawutlanyp bilen 5-nji futbolçy boldy. Toparyň Ýokary ligadaky taryhynda Tirkiş Muhammetberdiýewde 12, Kerim Hojaberdiýew bilen Annageldi Weliýewde 11, Alibek Abdyrahmanowda bolsa 10 gol bar.

Dört oýundan soň hasap 12:2

Habaryňyz bardyr, «Turan» şu möwsümde ýekeje ýeňiş gazandy. Demirgazyk welaýatyň wekilinden utulan ýeke-täk topar hem «Energetikdi». Emma ikiçäk duşuşyklardaky pökgi gatnaşygynda 10 gol tapawut bar: 12:2 — «Energetigiň» peýdasyna. Guwanç Abylow bolsa şu möwsümde geçiren 10 golunyň 6-syny «Turanyň» derwezesinden geçirdi.

Abylow — möwsümdäki dördünji het-trikçi

«Energetigiň» tejribeli ýarym goragçysy Guwanç Abylow şu duşuşykda 3 gezek tapawutlanyp, möwsümiň dördünji het-trikçisi boldy. Şu möwsümde «Ahaldan» Wahyt Orazsähedowyň iki het-trigi bar. 17-nji we 21-nji tapgyrlarda üç gezek tapawutlanyp bilipdi. Wahydyň topardaşy Orazberdi Myradow bilen möwsümiň, häzirlikçe, iň netijeli futbolçysy Myrat Ýagşyýewde bolsa bir het-trik bar.

Hem ýeňşe, hem möwsüme goşant

Şu duşuşykdaky 4-nji goluň awtory Melis Ryzaýew we jemleýji goly geçiren Maksat Atagarryýew dagylar möwsümde ilkinji goluny geçirdiler. Şeýlelikde, Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 98-e çykdy.

«Energetik» Ýokary liganyň 14-njisi

Tapgyrdaky ýeňşi bilen Ýokary ligadaky 124-nji utugyny gazanan «Energetik» çempionatymyzda çykyş eden we edýän toparlaryň arasynda utugynyň mukdary boýunça 3 basgançak ýokary galdy. Şu tapgyrdan ozal 17-nji orunda duran «energetikler» her haýsy 121 utukly «Dagdan» bilen «Gazçyny» yzda galdyryp, 14-nji basgançaga çykdy. Toparyň ornuny has gowulandyrmagy üçin entejik wagt gerek bolsa gerek. Çünki 13-nji basgançakdaky «Talyp sporty» Ýokary ligada çykyş eden möwsümlerinde (7 möwsüm) jemi 151 utuk toplap bilipdi.

«Ahal» — «Şagadam» 3:2.

Gollar:

1:0, Wahyt Orazsähedow

2:0, Orazberdi Myradow

2:1, Annasähet Annasähedow

3:1, Orazberdi Myradow

3:2, Begenç Annagurbanow.

Möwsümiň jemi boýunça pökgi gatnaşygy: 5:7.

Myradow ikinji gezek ikiledi

«Ahalyň» futbolçysy Orazberdi Myradow şu möwsümde ikinji gezek bir duşuşykda iki gezek tapawutlanmagy başardy. Mundan ozal 14-nji tapgyrda «Balkanyň» derwezesine goşa pökgi girizen futbolçy bu gezek gündogar welaýatyň beýleki wekili iki gol bilen «sylaglady».

Ýeri gelende aýtsak, şu möwsümde jemi 25 futbolçy bir duşuşykda iki gezek tapawutlanmagy başardy. Şolaryň dördüsi bu başarnygy 3, bäşisi 2 gezek gaýtalady.

Umumy ýeňiji — «Şagadam»

«Ahal» bilen «Şagadam» şu ýyl jemi 5 gezek duşuşdy. Şol duşuşyklaryň dördüsi Ýokary liga degişli, biri bolsa Kubok ýaryşynyň finalydyr. Ýokary ligadaky duşuşyklarda «Şagadam» 1, «Ahal» 2 ýeňiş gazandy. Üçünji aýlawdaky duşuşyk bolsa 1:1 hasabyndaky deňme-deňlik bilen tamamlandy. Ýöne pökgüleriň gatnaşygynda ýeňiji — «Şagadam». R.Gurbanmämmedow bilen A.Klimenkonyň şägirtleri şu möwsümde «Ahalyň» derwezesinden 7 pökgi geçirdi. «Ahal» bolsa bu gollaryň diňe 5-sine «gaýtargy» berip bildi. Ýöne, elbetde, 4:0 hasabynda «Ahalyň» peýdasyna tamamlanan duşuşygy hem goşsak, pökgi gatnaşygyndaky üstünlik hem Röwşen Meredowyň şägirtleriň tarapyna geçýär. Şu ýylky «Ahal» — «Şagadam» duşuşyklarynda (diňe Ýokary ligada) her topardan bir futbolçy iki gezek tapawutlandy. Olar «Ahaldan» Orazberdi Myradow, «Şagadamdan» Annasähet Annasähedow.

«Balkan» — «Altyn asyr» 1:2.

Gollar:

0:1, Altymyrat Annadurdyýew

0:2, Arslanmyrat Amanow

1:3, Azat Garajaýew.

Möwsümiň jemi boýunça pökgi gatnaşygy: 10:3.

«Altyn asyr» 60 gol geçiren ilkinji topar

Ýokary liganyň 25-nji möwsüminde 60 golluk sepgide ilkinji bolup «Altyn asyr» ýetdi. Şu tapgyrdaky 2 golluk ýeňişden soň, «aragatnaşykçylar» möwsümdäki gollarynyň sanyny 61-e çykardylar. Toparyň we umumy çempionatyň iň netijeli futbolçysy bolsa hüjümçi Myrat Ýagşyýew. Ol toparyň şu möwsümde geçiren gollarynyň üçden bir bölegini öz adyna ýazdyrdy.

Ýaryş tertibiniň öňüni çekýän «Ahalda» heniz 59 gol bar.

Aratapwut 7 gol

«Altyn asyr» bilen «Balkanam» şu ýylda göz öňüne tutulan ikiçäk duşuşyklaryny tamamladylar. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde «Balkan» «Altyn asyryň» 10 goluna bary-ýogy 3 gol bilen jogap berip bildi. Duşuşyklarda Arslanmyrat Amanow bilen Altymyrat Annadurdyýew 3, Myrat Ýagşyýew bilen Azat Garajaýew 2 gezek tapawutlandy.

Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05308 sek. ýüklenen baýt: 50751