Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ummandan syzylyp çykan zehin.
Ýazylan wagty: 07 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Köňlüm ýabany sen,
Tutdurman erke.
Uçar sen, gonar sen,
Durman bir örke.
Däli sen, telbe sen, jylawsyz köňlüm.
Boýun bolman, emre
Mesgen tutman kükregim,
Hyýalym nirede sen, nirede.

B. Nuryýew bu goşgusyny ýazmagy bilen köňül joşguny, hyýallar we arzuwlar hakda söz açmak isleýär.  Ynsan kalbyndan sogrup bolmajak oýlanmalar, tolgunmalar, onuň ruhy durkuny taraşlaýar, kämilleşdirýär. B. Nuryýew eserlerinde hem hakykaty, hyýaly pikirleri, ýa bolmasa edil ertekilerdäki ýaly arzuwlaryny kendiriň ýüzüne geçirýär.

Agaç torbam bilen, gelýärdim ýöräp,
Garşymda derwiş dur, ol maňa garap,
Diýdi ol garap hem çalaja ýöräp
“Eý nakgaş, nä günde sen, nä hyýalda, nä ýolda
Menden tapawudyň ýokdur seniňde”.
Diýip ýolun dowam etdirdi derwiş.
Sowal bilen goýup, meniň bir özüm
Gitdi derwiş hak ýoluny yzarlaýyp
Men hem galdym agaç torbam gujaklap
Derwişiň giden ýoluna garap.

Suratkeş has çuň pikirlere ýugrulmagy bilen, edil derwişler ýaly öz ýoluňy özüň tapmaly, öz ýüküňi özüň çekmelidigini aýtmak isleýär. B.Nuryýew “Ruhy peslik etmeli däl, her hal bolsa-da tijenmeli, öz ynamyňa daýanyp öňe gitmeli” diýen pikirleri öňe sürýär.

Adamzadyň ruhy baýlygyny öwrenýän estetika ylmy birnäçe şahalara bölünýär. Döredijileriň zehini hem köp ugurlar boýunça özgerýär we kämilleşýär. Adam tenindäki duýuş jisimleri aýdym-sazyň owazlaryny, seslerini, hereketleriň we reňkleriň owadanlygyny kabul edip, beýniň pikirleniş ukybyny, ýüregiň duýgy çeşmesini joşdurýar. Bagşy-sazandalar sesiň hem sazyň utgaşmagynda, suratkeşler bolsa şekilleriň hem dürli reňkleriň sazlaşygynda bizi gurşap alýan dünýäniň gözelligini şöhlelendirýärler.

Halypa ussatlaryň biri B. Nuryýew 1967-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Murgap oba geňeşliginde daýhan maşgalada dünýä inýär. Onuň kakasy Öwez Nury ogly daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Suratkeşiň ejesi Ogulbossan Oram gyzy öý-hojalykçy bolup, babasy Oram aga seýisçilik bilen meşgullanypdyr. B. Nuryýewiň ejesi Ogulbossan gelneje häzirki güne çenli keçe basyp, owadan gülli keçeleri öndürýär. Keçelere elbetde, milli reňkler salynýar. Baýram Nuryýew hem ejesiniň öndürýän owadan gülli keçelerini synlamagy bilen sungatyň ýoluna düşmegine sebäp bolupdyr. Şondan soň suratkeşiň özboluşly döredijilik ýoly ýüze çykyp başlady. Bular uly maşgala, dört ogul Şadurdy, Tirkişdurdy, Baýramdurdy, Kaýysdurdy we dört gyz doganlary Nurgözel, Owadan, Kümüş, Altyn bolup, kiçi gyz jigisi Altyn 2004-2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň grafika bölüminiň uçurymy bolýar. B. Nuryýewiň döredijilik ýoly çagalykdan öz pikirlerini dürli şekiljikleriň üsti bilen kagyza geçirmekden başlanýar. Soňra ol 1983 – 1989-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Baýram-Aly şäheriniň tehniki-hünärmen mekdebini okaýar. 1990-njy ýylda Aşgabatdaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölümine okuwa girýär. Oňa Rahym Işangulyýew halypalyk edýär. B. Nuryýew günde okuwdan soň, her agşam ýaltanman Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň ussahanasyna gatnardy. Ol erjellik bilen gara galam bilen surat çekmek usullary ele almagy başarýar. Gysga wagtyň dowamynda B. Nuryýew multiplikator Meret Saparow bilen bilelikde multfilmleriň üstünde işläpdir. M. Saparowyň goltgy bermegi bilen, şol sanda kino sungatyna hem höwes döräp başlaýar.

1994-nji ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň “Nakgaşçylyk” bölüminiň ilkinji uçurymlarynyň içinde kino suratkeşi diýip tanalýan Arslan Annamämmedow bilen Baýramdurdy Nuryýewdir. Suratkeş okuwynyň 4-nji kursuny tamamlanyndan soň, 1998-nji ýylda “Gadymy Bulgarlar hakynda rowaýat” “Mosfilm” kinostudiýasynda düşürilýär. Ol kiçi göwrümli roly we kämilleýiş tejribesini geçýär. Onuň režisýory Bulat Mansurow bolupdyr.  B. Nuryýewiň ýüz keşbiniň göze ilýän agraslygy we ýiti erjel häsiýeti režisýoruň ünsini çekipdir. “Gadymy Bulgarlar  hakynda rowaýat” atly çeper filmde hökümdaryň penakär esgeriň roluny ýerine ýetiripdir. Bulat Mansurow Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolup, 1963-nji ýylda belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” ýaly hekaýasy esasynda “Bäsleşik” atly kinofilmi döredýär. Soňra bolsa “Ölüm ýokdur oglanlar”, A. Platonowyň “Gyrnak” atly hekaýasy esasynda düzülen kinofilmleriň režissýorydyr. Kino sungaty häzirki günlerde özüniň döredijilik ýoluny uly depginde dowam etdirýär.

“Durmuşda eýeleýän ornumyz, wezipämiz däl-de, barýan ýolumyz möhümdir” diýlişi ýaly Baýramdurdy Nuryýew 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk hünärinde okuwa başlap, ýaş suratkeşe halypa mugallymlary, Aman Amangeldiýew reňkde surat çekmek boýunça, Çary Amangeldiýew, Gylyçmyrat Nuryýew galamda surat çekmek, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Annamämmet Hojanyýazow kinofilmleriň kompozisiýasy ugrundan öz zehinlerini gaýgyrman hünär beripdirler. B. Nuryýew önjeýli zähmet çekip, özüne çekiji işleri döredýär. 1998-nji ýylda suratkeş talyp ýoldaşlary bilen B. Mansurowyň ýolbaşçylygynda “Gyrgyzystanyň yssy daglary” diýip atlandyrylan simpoziuma açyk howada surat çekmäge gidipdirler we birnäçe sergileri gurnapdyrlar. Talyplyk ýyllarynda bular ýaly sergileriň gurnalmagy bilen B. Nuryýewa yhlas bilen işlemegine, täze döredijilik basgançagyna çykmaga uly itergi berýär. Şol ýyllarda suratkeş Moskwada çap edilen “Kino” atly žurnalynyň makalalaryna gözi düşüp, uly gyzyklanma döretdi. Şol makalalary okap, “Atillanyň söýgüsi we ölümi” atly eserine täze pikirleri girizýär. Ol birnäçe eskizleriň üstünde işläp, 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlamagy bilen, diplom işini ýerine ýetirýär. Onuň diplom eseriniň taslamalary gunlaryň taryhyna bagyşlanypdyr.

B. Nuryýew 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlamagy bilen, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymçylyk wezipesinde zähmet çekip gelýär. Mugallym 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolýar. Şol ýyllarda suratkeş Türkmenistanda we daşary döwletlerde Türkiýede, Amerikada, Russiýada, Germaniýada, Fransiýada, Hytaýda guralýan sergilere gatnaşdy. Suratkeşiň döreden eserleri beýleki ýurtlarda hususy kolleksiýalarda ýerleşýär.

2000-2003-nji ýyllarda B. Nuryýew “Türkmentelekinofilm” birleşiginde işleýär. Suratkeşiň 2000-nji ýylda kinofilmleri döretmek barada ilkinji kärdeşi Muhammet Söýünhanow bolupdyr. Kinostudiýada kinosuratkeş, aktýor, kinorežissýor hünärleri boýunça işläp, özüni tanadypdyr. Kino sungatyna önjeýli goşant goşan suratkeşleriň hatarynda ussat suratkeş Baýram Nuryýew “Şa geňeşiniň öň ýany” režissýory M. Orazow, “Ykbal synaglary” režissýory K. Annanow, “Tapaganda” režissýory H. Kakabaýew, “Dost wepasy” režissýory R. Gulnyýazow, “Ogul”, “Gök böriniň aýdymy”  režissýory K. Annanow, “Ýedi hazyna” režissýory O. Gummadow bolup, kinofilmleriň bezeg işlerini we kiçi roly ýerine ýetirýär. B. Nuryýew kino sungaty bilen meşgullanyp, kiçi göwrümli “Ene” (2000 ý.), “Bereketli toprak” (2003 ý.), “Bedewim-ganatym” (2004-2005 ý.) ýaly kinofilmleri surata düşürýär. Kino eserini döretmekde suratkeşiň möhüm orny bar. Ol kinonyň düşürilmeli ýeriniň dekorasiýasyny taýýarlaýar, artistleriň egin-eşikleriniň taslamasyny düzýär, döwre görä degişli esbaplary we önümleri gerekli ýerinde goýýar. Şeýlelikde suratkeş filmiň çeper keşbine üns berip, owadan sahnalary taýýarlaýar. B. Nuryýew kino düşüriliş döwri başlanmanka her bir edilmeli hereketi, her bir pursatlary grafika usulynda kagyz ýüzüne geçirip taslamasyny (eskizini) döredýär. Soňra şol taýýarlan suratlary filmleriň sungat derejesinde çykmagyna uly orun eýeleýär. Muňa mysal edip, B. Nuryýewiň 2007-nji ýylda ýerine ýetiren “Gök böriniň ugradylşy” (2001 ý.) atly kompozisiýa eserini agzamak bolar. Ilki onuň eskizini 2003-nji ýylda “Gök böriniň aýdymy” atly kinofilminiň düşürilişi üçin suratlandyrylýar. Kinofilmi düşürmek üçin her bir pursady, hereketleri şekile geçirmek gerek, onuň üçin birnäçe eskizleriň üstünde işlän B. Nuryýew bilen Ý. Mihelsondyr. Bu çeper filmiň režissýory K. Annanow bolupdyr. Suratkeşiň döreden “Gök böriniň ugradylşy” (2001 ý.) atly kompozisiýa eserini synlanyňda, kinofilmiň çözgüdinde şekillendirilendigini görmek bolýar. Suratkeşiň “Namys” (2007 ý.) atly eserini hem synlanyňda, “Gök böriniň aýdymy” atly kinofilminiň düşürilişi üçin taýýarlanylýar.

B. Nuryýew tebigaty hem adamyň dürli keşplerini öwrenip, syzgyrlygy, ynjyklygy bilen islendik žanrlarda eser döretmäge ymtylýar. Onuň  portret, peýzaž, durmuşy žanrlarda ýerine ýetirýän eserleri diýseň köp. Suratkeş ilkinji gezek 2008-nji ýylda Moskwa  gidende, Suratkeşleriň merkezi öýünde sergileriň guramaçylygyna ýolbaşçylyk edýän sungaty öwreniji M.P. Karlowa bilen tanyşýar.  Bu sergä dürli ýurtlardan suratkeşler gatnaşyp, B. Nuryýew hem özüniň “Awtoportret” (1998 ý.) eseri bilen çykyş edýär we M. Karlowanyň beren bahasy bilen ylalaşyp, öňki çeken eserlerine tankyt gözi bilen garaýar. Şondan soň suratkeş has oýlanşykly, döredijilikli hyýaly pikirlerini özleşdirip başlaýar. Şol ýyllarda suratkeş 2008-nji ýylda “Sorag-sowal” atly eserini ýerine ýetirýär. Bu eserde has agramly häsiýeti görmek bolýar. Eseriň awtory gapma-garşylykly pikirleri oýarýar. Ol öz pikir ukyby, ynandyryjy suratlandyrmasy bilen tomaşaçyny pikire batyrýar. Suratkeş agyr temany ýazmagy özüne maksat edinip, birnäçe günläp pikir ummanyndan çykman gezýär. Suratkeşleriň arasynda bar bolan “Sungat üçin gurban etmek” düşünjesi, ömrüňi belli bir ýokary maksada bagyşlamak, öz bitiren işini miras galdyrmak, üýtgeşik, çuňňur, ruhuňa täsir edýän eser döretmekdir.

2007-nji ýylda Aşgabat şäherinde şahsy sergisini gurnaýar. 2008-nji ýylda Moskwa şäherinde “Ц.Д.Х” sergi geçirilýär. Soňra Baýramdurdy Nuryýew 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Altyn asyr bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. Bu ýylyň hasaby boýunça suratkeş 2009-njy ýylda Moskwa şäherinde “Çagalyk çagymyň ýatlamasy” atly eserler toplumy bilen şahsy sergisini gurnaýar.

B. Nuryýew 2010-njy ýylda Ystambul şäherinde şahsy sergisini geçirýär. Soňra 2011, 2012, 2013-nji ýyllarda Aşgabat şäherinde suratkeşleriň sergilerine yzygider gatnaşyp, şahsy sergilerini gurnaýar. 2014-nji ýylda Moskwa şäheriniň “Ц.Д.Х” Suratkeşleriň merkezi öýünde gurnalan döredijilik sergisine gatnaşýar.

Suratkeş öz kärini kämilleşdirip, birnäçe eserleriň gözleginde. Şol sanda türkmeniň milli sungatyny ösdürmekde Türkmenistanyň suratkeşi Baýramdurdy Nuryýew Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda 50 ýaşy mynasybetli, 2017-nji ýylyň 3-nji noýabrynda özüniň döredijilik sergisini açdy. Halypamyzyň her bir döreden eseri özboluşlulygy bilen tapawutlanýar. Sergide portret, natýurmort, peýzaž, oba durmuşyndan alnan pursatlar we söýgi temasynda-da köp sanly ýerine ýetirilen işler görkezilýär. Suratkeş dürli temalarda işläp, öz nakgaşçylyk ukybyny artdyrýar. B. Nuryýew ol özboluşly bir ýoly saýlap alyp, eserlerinde liriki äheňleri, reňklerinde millilik, arassalyk duýulýar. B. Nuryýew daşyndan göräýmäge gaşy çytyk, gaharjaň, öz diýenli adam ýaly bolup görünse-de, asla beýle däl. Onuň bilen söhbet etdigiňçe, dürli gyzykly wakalary gürrüň berip, onuň içki duýgularyna aralaşmak bolýar. Ol özboluşly ýumşakdan gönümel häsiýetli, adamkärçilikli, ylalaşykly, myhmansöýer, işeňňir, maksada okgunly, her edýän işine berk ýapyşýan  adam. B. Nuryýewde bular ýaly oňşukly häsiýetler bolmadyk bolsa, beýle eserler döredilmezdi. Ol eserlerinde gözellik barada düşünje, çeper keşpleriň agraslylygyny, eseriň anyk many-mazmunyny, sadalygy, ýönekeý görnüşli sýužetleriň monumentallygyny, rowaýat äheňini görkezmegi başarýar. B. Nuryýew türkmene mahsus milli reňkleri köp ulanýar, ýagny, sary, açyk gök, gyzyl ýaşyl, goňur ýaly reňkler eserlerinde agdyklyk edýär. Islendik suratkeşiň sungaty söýüji muşdaklary köp bolýar. Şonuň ýaly B. Nuryýew hem söýgi, maşgala temasynda, portret ýaly eserleri köp döredýär. Mysal üçin has öňe saýlanýan “Japbaklar”, “Ene hüwdüsi”, “Çagalygymyň ýatlamasy”, “Arzuw”, “Gumdaky aw”, “Türkmen awçysy”, “Şalaryň aw edişi”, “Awçy ýigit”, “Gündogar rowaýaty”, “Gözýaş”, “Geçmiş”, “Teşnelik”, “Ýazgül”, “Gülnar”, “Gowy gün”, “Harmanda” ýaly eserleri bolup durýar. B. Nuryýewiň birnäçe eserleriniň içinden çagalara bagyşlap çeken suratlaryna göz aýlanyňda çagalyk ýatlamasyna eltýär. Biz çagalyk döwrümizde öz şähdimizi açmak üçin her hili oýunlary edýäris, döwrüň tapgyrlaryny geçmegimiz bilen bolsa kiçijik işlere baş goşup, ony hemmeleriň lezzet almaklary üçin işimizi ulaltmaga çalyşýarys. Edil şonuň ýaly çaga dünýäsini wasp edýän B. Nuryýewiň “Japbaklar”, “Ýigit”, “Üçem oýny”, “Arzuw”, “Çagalygymyň ýatlamasy”, “Arzuwly oglan”, “Bildiriş”, “Çal içeli” ýaly çeper eserlerini aýtmak bolar. Çagalar dünýäsi  barada eser döretmek örän gyzykly. Munuň üçin çaga dünýäsine düşünmeli. Çagalaryň şadyýanja gülküleri, eýjejikligi bilen suratkeşe uly täsir edýär. B. Nuryýew şadyýan japbaklary ýa-da beýleki oglandyr gyzjagazlary, gyzykly oba durmuşynda şöhlelendirýär. Suratkeş körpeleri ene-atasyna mährem, arzuwçyl, şadyýanja, ýürekleri päkize edip, açyp görkezýär. Olaryň ene-atasyny bolsa, bütin ömrüni çagalar üçin zähmet çekip, olaryň aladasyny edip, söýgi bilen ýaşadýandyklaryny bize mese-mälim edip görkezýär. Söýginiň bar ýerinde hemme zatlar ýaz ýaly, adama balyň aşa süýji bolşy ýaly durmuşam datly bolýar. Edil şonuň ýaly B. Nuryýew hem öz eserlerinde ähli adamlaryň durmuşynda bolup geçýän wakalaryň her parçasyny görkezýär. Onuň söýgi temasynda ýerine ýetiren enelere, maşgala, ýaşlara degişli  “Ene hüwdüsi”, “Mukaddeslik”, “Howsala”, “Gülnur”, “Teşnelik”, “Ýazgül”, “Aziýa”, “Söýgi mukamy”, “Jennetiň bir güni”,  “Ýalkananyň ýaradylşy”, “Gowy gün”, “Günorta” ýaly birnäçe eserlerinde gözellik, adam mertebesi, ar-namys, ýigit we gyz gatnaşyklary, ene-ataňa, ýaşululara hormat goýmak, görüm-görelde ýaly manyly duýgulary berip bilipdir.

B. Nuryýew irki döredijiliginde döreden eserlerinde realizm we abstraksionizm akymlar boýunça ýerine ýetirip, miniatýura äheňinde şekillendirýär. Suratkeş eserlerinde her bir ynsanyň keşbinde ýürekleriniň näme diýip urýandygyny, şol çekilen işi gürletmäni başarýar. Onuň her bir işinde mylaýym häsiýetleri duýmak bolýar. Sebäbi ýyly reňk, mähirli bakyşlar, her bir şekillendirilýän formalar sadadan özüne çekijidir. Suratkeş kendiriň ýüzüne global meseleleri öz içine alýan filosofiki pikirlerini siňdirýär. Ol ussahanasynda oturup, göz öňüne getirmek arkaly, ilki bilen birnäçe eskizleri synap görýär. Soňra ak meýdana ýerleşdirip başlaýar. Ol özünden birnäçe eskizleri talap edip, jogapkärçiligi gazanýar.

B. Nuryýewiň soňky tapgyrdaky döreden eserlerini synlanymyzda irki işleriniň çeperçilik çözgüdinden daşlaşanok. Olardan “Melike”, “Mukaddeslik”, “Süýjülik”, “Ýaýlyk”, “Çopan oglanjyklar”, “Bişen nar”, “Guýyň boýunda”, “Hakyň şiri” “Türkmenistanyň at gazanan artisti Gandym Annadurdyýewiň portreti”, “Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýewiň portreti” ýaly eserlerini has ynjyklyk bilen ýerine ýetirýär. Reňk teswirlenilişi taýdan kyn bolan “Hakyň şiri” atly eseri türkmeniň milli rowaýatynyň mifiki äheňini häsiýetlendirýär. Şol wagtyň özünde eseriň reňk çözgüdi, şekilleriň aragatnaşygy hem agras hem-de liriki – şahyrana sypatlara eýedir. B. Nuryýewiň birnäçe eserlerinde ýarym aýyň şekilini görýäris. Gündizine we gijesine dogulan ýarym aýyň şekili, suratkeşiň parahatlygy aýan etmeginiň nyşanydyr. Ýagtylyk bolsun ýa-da garaňkylyk, suratkeşiň eserleri bahar aýlaryny ýatladyp dur. Suratkeş üçin bu ýazda doglan ýarym aýy, kalbyny doldurdy dolan aý ýaly. Ähli suratkeşlerden tapawutlylykda Baýramdurdy Nuryýewiň çeper eserlerinde nyşanalyk häsiýetini aýyň şekilinde, başyny egip duran baglarda we guşjagazlaryň üsti bilen görmek bolýar. Bularyň ählisi parahatlygy, asudalygy, hoşniýetliligi isleýär. Suratkeş çeper eserlerinde durnalaryň keşbini janlandyranda, Türkmenistanyň iň belli şahyry Gurbannazar Ezizowyň “Durnalar”, “Durna” diýen goşgulary ýadyňa salýar.

Ak asmanyň giňligin,
Güýzüň reňkin halaýan.
Ömrümiň her ýylyny,
Durna bilen sanaýan.

Gözi bilen gulaçlap,
Bu Watany, bu çöli.
Geçip gider durnalar –
Bu ömrümiň bir ýyly.

Ýüregimiň gussasyn,
Ýüregimiň azaryn
Jemläp, hiç wagt gelmejek
Durna üçin aglaryn...

B. Nuryýew bu durnalary öz nakgaş eserlerinde wagta, geçip barýan ömre deňeýär. Adam durmuşy asmandaky durnalaryň uçup barýan hataryna deňelip, düzüm-düzüm bolup geçip barýar. Gök asmana gözüň dikilende, owadan görnüşde durnalaryň uçup gitmegi, edil kompozitor Nury Halmämmedowyň setirlere ýerleşdiren notalaryna meňzetmek bolar. Pikir ummanyna akyl gämisini getirişiň ýaly, Nury Halmämmedow öz sazyny notalarda, suratkeş Baýramdurdy Nuryýew bolsa reňklerde seslendirýär. Halypanyň suratkeşlik ýörelgesi türkmen halkynyň ruhy we maddy medeniýetinden gözbaş alyp, täsin duýgular we arzuwlar bilen baglydyr. Biz B. Nuryýewiň sergisi we 50 ýaşy bilen gyzgyn gutlaýarys, döredijiliginde uly abraýly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýäris. 

Bahar Magtymowa,
5-nji ýyl talyp

Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05254 sek. ýüklenen baýt: 47520