Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
SYRLY DÜNÝÄNIŇ TÄSINLIKLERI
Ýazylan wagty: 07 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Baýramdurdy Nuryýewiň döredijiligi özboluşly täsinligi bilen örän gyzyklydyr.Onuň döredijilik ýoly XX asyryň 90–njy ýyllaryndan başlanýar.Onuň  zehinliligi, zähmetsöýerligi hem – de işeňňirlik häsiýeti  gysga wagtda  sungat äleminde yhlasly suratkeş hökmünde  özüni tanatmagyna getirýär.

Baýramdurdy Nuryýew 1967-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda  Mary welaýatynyň   Baýramaly şäherinde eneden dogulýar.Onuň bilim we hünär almak ýoly 1983–89–njy ýyllarda   Baýramaly şäheriniň tehniki – hünärmen mekdebinden başlanýar. Soňra 1990–94–nji ýyllar aralygy Aşgabatdaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine okuwa gelýär.Ol  gysga wagtda bu  mekdebi tamamlaýar hem - de  şol ýylda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik Akademiýasynda ýokary bilim almak üçin okuwyny dowam etdirýär.Ýaş suratkeş bu okuw jaýyň nakgaşçylyk bölüminde  kino suratkeşi ugry boýunça  bilim alýar we döredijilik gözlegleri, aýratyn ýol saýlamaklygyň pikirlerini  şu ýerden başlaýar.Ol 1998–nji ýylda “Mosfilm” kinostudiýasynda belli kinorežissýor Bulat Mansurowyň elinde tejribelik okuwyny  geçmek bilen döredijiligiň ymykly ýoluna girişýär. 2000–nji ýylda Türkmenistanyň  Döwlet Çeperçilik Akademiýasyny uly üstünlikler bilen tamamlap, “Türkmentelekinofilm” birleşiginde kinosuratkeşi hökmünde işe başlaýar.Suratkeş ol ýerde, aktýor, kinorežissýor hünärleri boýunça – da işläp, özüni tanadýar.Şol ýylda Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna hem kabul edilýär. Bu bolsa suratkeşiň döredijilik dünýäsinde örän erjel zähmet çekmegine getirýär.Ol Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde hem –de Çeperçilik Akademiýasynda geçirilýän sergilere yzygiderli gatnaşyp, özüniň döredijiliginiň özboluşly  aýratynlyklaryny ýüze çykarýar.Şeýlelikde  onuň sungata bolan yhlasy, zähmetkeşligi Çeperçilik Akademiýasynda ýaş talyplara nakgaşçylyk ugrundan bilim bermegine getirýär we 2006 – njy ýyldan bäri bu ýerde halypa  mugallym  bolup zähmet çekýär.   Baýramdurdy mugallymçylyk işinden daşary döredijilik bilen hem  meşgul bolup, birnäçe sergilerde  özüniň dürli temalardaky eserleri bilen işjeň çykyş edip  gelýär.

Baýramdurdy Nuryýew döredijiliginiň irki tapgyrlarynda sungatyň dürli ugurlaryna ýüzlenýär.Ol özüniň başarnygyny portret, natýurmort, taryhy, epiki,durmuşy žanrlarda synlap görýär  we  köp taraply eserlerini halk köpçüligine erjellik bilen  ýetirýär. ”Uruşdan gelen hat”, “Ýalkananyň ýaradylyşy”,  ”Sorag – sowal”, “Awtoportret”  “Öküziň portreti”,  “Gök börüniň ugradylyşy”, “Hun esgerleriň söweşe ugradylyşy”, “Gündogar rowaýaty”, “Perişdäniň öýkesi”, “Iki jahan owarrasy”, “Ejemiň portreti”,  “Monjuk atdy”, “El degirmeni”   atly eserlerinde türkmeniň milli däpleri, geçmişi,däp – dessurlary,ruhy dünýäsi, baý tebigaty  giňden beýan edilýär.

Baýramdurdy Nuryýew özüniň birnäçe şahsy sergilerini  Aşgabatda,Russiýanyň Moskwa, Türkiýäniň Istambul şäherlerinde gurnaýar. Ol her bir eserinde  döredijilik ädimleriniň  aýgytly ösüşlerini  aýdyň açyp görkezmäge çalyşýar. ”Japbaklar” , “Toý”, “Toýa”, “Mukam”,”Oguz toýy”  atly eserlerinde durmuşy wakalar janlanýar we olarda şekiller köp reňkleriň üsti bilen çözülip görkezilýär.

Suratkeşiň döredijiliginde enä bolan  hormat,  zenan gözelligi we näzikligi, söýgüniň waspy,maşgala binýady  aýratyn orunda durýar.Onuň  “Teşnelik”, “Gülnar”, “Aziýa”, “Ýazgül”, “Mukaddeslik “, “Söýgi mukamy”, “Howsala”,  “Ene hakda rowaýat”, “Ene hüwdüsi”  ýaly eserlerinde söýgi, gözellik pikirleri  tebigatyň nygmatlary we  täsinlikleri  bilen  liriki häsiýetde  baglanyşyp  gidýär.

Halypa suratkeşiň  eserleriniň köp böleginde  awçylyk temasy hem aýdyň öňe sürülýär. “Gumdaky aw”, “El guşly türkmen”, “Beg ýigidiň awy”, “Awçy ýigit”,  “Türkmen awçysy“, “Awda şikarda”, “Milli awyň aýratynlygy”  diýen eserlerinde gahrymanlaryň keşbi  miniatýura  häsiýetli taslamada çözülip reňk baýlygy täze äheňler, dürli öwüşginler,  nyşanalylyk alamatlary arkaly  beýanyny tapýar.Nyşanalyk alamatlaryny bolsa suratkeş öz içki duýgulary,pelsepe pikirlerinden ugur alyp görkezýär. Onuň esasy nyşany aýyň  we gözüň şekili, guşlar, baglar bolup durýar.Çünki bu nyşanlar suratkeşiň öz duýgylary,giň pikirleri esasynda jemlenip, onuň  aýdyň ýolyny, geljegini, asuda we  joşgunly durmuşa bolan söýgüsini aňladýar.Suratkeşiň her bir eseri ussatlygyň açylmadyk öňe barýan ýoluny,   çuňňur pelsepeli pikirlerini,  baý ruhy kämilligine daýanyp syrly dünýäniň täsinliklerini özünde jemleýär.

Göwher Saparmyradowa










Okalan sany: 95   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
07 ноября 2017

goodgoodgood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05030 sek. ýüklenen baýt: 34932