Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Ýazylan wagty: 08 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. 

Onuň dowamynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar we dowam edýän gurluşyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Iş maslahatynyň barşynda ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, täze gök zolaklary döretmek we paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde nusgalyk arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Şeýle hem paýtagtymyzda bina edilýän durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada habar berildi. Aşgabat şäheriniň häkimi gurluşygy meýilleşdirilýän täze desgalar barada habar bermek bilen, döwlet Baştutanymyza iri işewürlik-söwda dynç alyş merkeziniň taslamalaryny we onuň ýerleşjek ýeriniň degişli çyzgylaryny görkezdi. 

Mundan başga-da häkim öňde boljak baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen guralýan işler hakynda hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekki toplumyň taslamalary bilen tanşyp, bu desga bina edilende milli binagärlik ýörelgeleriniň hem-de häzirki döwrüň binagärlik we şähergurluşyk meýilleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny berjaý etmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz şeýle hem ýanaşyk ýerleriň göwnejaý derejede abadanlaşdyrylmagyna hem-de seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz hödürlenen taslamalara birnäçe bellikleri hem-de degişli düzedişleri girizip, Aşgabat şäheriniň häkimine bu söwda-dynç alyş merkeziniň gurluşygyna halkara bäsleşigini yglan etmek barada tabşyryk berdi. 

Döwlet Baştutanymyz 12-nji dekabrda Halkara bitaraplyk gününiň baýram edilmegine taýýarlygy ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, Ş.Durdylyýewe birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanlarynda galan hasyly zaýasyz ýygnap almak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim degişli gulluklar bilen oba hojalygynda meýilleşdirilen meýdan işlerini guramaçylykly geçirmek, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we geljek möwsüme taýýarlyk görmegiň çäklerinde agrotehnikanyň kadalaryna we talaplaryna laýyklykda oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, welaýatyň obasenagat toplumynda düşewüntliligiň artdyrylmagyna toplumlaýyn çemeleşilmegiň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, galan pagta hasylyny ýitgisiz ýygnamak we ýerleri sürüm geçirmäge taýýarlamak maksady bilen zerur çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde möhüm agrotehniki çäreleriň geçirilmeli pursadynyň gelendigini belläp, oba hojalyk pudagynyň mineral dökünler bilen üpjünçiligini, oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler barada aýtmak bilen, baýramçylyk dabaralarynyň iň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi. 

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler, oba hojalyk tehnikasyny geljekki möwsüme taýýarlamak bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Mundan başga-da häkim welaýatyň ilatynyň durmuş we medeni derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, welaýatda “Türkmeniň ak öýi” binasyny gurmak boýunça degişli taslamalaryň, täze binanyň ýerleşjek ýerleri bilen baglanyşykly çyzgylaryň taýýarlanandygy barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň ylmy esasda kada laýyk derejede bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, Balkan welaýatynyň oba hojalygynyň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi häkime tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz “Türkmeniň ak öýi” binasynyň gurluşygynyň hiline aýratyn ähmiýet bermek bilen, onuň gurluşygynda has netijeli innowasiýa häsiýetli inženerçilik-tehniki çözgütleriň peýdalanylmagynyň, bu binanyň ýurdumyzyň günbatar sebitiniň dolandyryş merkeziniň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz häkime hödürlenen taslama boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. 

Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülik çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew öz çykyşyny welaýatdaky işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Şeýle hem häkim öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk çäreleri, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleri, aýratyn-da, “Türkmeniň ak öýi” binasyny gurmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, welaýatda galan pagta hasyly ýygnamak, oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly hereketini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şu aýyň ahyryna çenli galan gowaça hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, şol bir wagtyň özünde degişli agrotehniki çäreleri kada laýyk derejede alyp barmak bilen baglanyşykly wezipelere örän jogapkärçilikli çemeleşmegi häkimden berk talap etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda gurulmagy meýilleşdirilýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şäher gurşawyna görk bermegi, onuň amatlylyk, binagärlik sazlaşygy babatda ýokary görkezijilere eýe bolmagy bilen baglanyşykly meseleleriň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz baýramçylyk dabaralaryna we şanly seneler mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän binalaryň açylyş dabarasyna taýýarlyk işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň hasabatyny diňledi. Hususan-da, meýdanlarda galan hasyly çalt depginlerde ýygnap almak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

Şeýle hem häkim welaýatyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýerleşjek ýeri hem-de öňde boljak şanly seneleriň hormatyna guraljak medeni-köpçülik maksatnamalaryny taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwy rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz dekabr aýynyň başyna çenli gowaça meýdanlarynda galan hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnap almagy we ýerlerde öz wagtynda şüdügär sürümini geçirmegi tabşyrdy. 

Welaýatda desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylmalygyna ünsi çekip, “Türkmeniň ak öýi” binasynyň taslamasyna, onuň ýerleşjek ýerine, binada ähli amatly şertleriň döredilmegine, dizaýnerçilik tehnologiýalarynyň we meýilleriň peýdalanylmalydygyna, iň esasy bolsa onuň binagärlik keşbine örän jogapkärçilikli çemeleşmegi häkimden berk talap etdi. 

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny guramaçylykly tamamlamak we degişli agrotehniki çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny çaltlandyrmak we öňde boljak şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn çäreler hakynda habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň bellenilen möhletleriniň berk berjaý edilmegine ünsi çekip, noýabr aýynyň ahyryna çenli galan gowaça hasylyny doly ýygnap almak ugrunda ähli zerur çäreleri görmegi häkimden berk talap etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz agrotehniki çäreleriň geçirilişini, mineral dökünler we suw bilen üpjünçilik meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň bellenilen möhletde tamamlanmagy we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň ýatda galyjy wakalara, beýik dabaralara beslenmelidigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz guralýan dabaralaryň ýokary derejede geçirilmelidigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05003 sek. ýüklenen baýt: 44219