Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Mary welaýat tokaý hojalygynda baglar 40 gektarlyk nahalhanada idedilýär
Ýazylan wagty: 09 ноября 2017 Ýazan NEXTTM

Mary welaýat tokaý hojalygynda baglar 40 gektarlyk nahalhanada idedilýär

Mary welaýat tokaý hojalygynda baglar 40 gektarlyk nahalhanada idedilýär

Ýurdumyzyň milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan ýurdumyzyň Tokaý hojalygy müdirliginiň  Mary welaýat tokaý hojalygynyň bagbanlary tyllaýy güýz paslynyň häzirki günlerinde dürli görnüşli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara göwnejaý ideg etmek işlerini ýokary guramaçylykly alyp barýarlar. Häzirki wagtda hojalygyň çäginde 40 gektara golaý tokaý nahalhanalary bolup, ol ýerlerde pürli, saýaly, miweli agaç nahallarynyň we çöl ösümlikleriniň millionlarça düýbi ösdürilip ýetişdirilýär. Agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek işlerinde esasan biziň toprak, howa şertlerimize durnukly, ýokary hilli ýerli bag tohumlary peýdalanylýar. Agaç nahallaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyk göwnejaý ideg etmekde kuwwatly tehnikalardan netijeli peýdalanylýar. Bütin ýylyň dowamynda ýörite nahalhanalarda oňaýly şertlerde ýetişdirilýän agaç nahallary baglaşylan şertnama laýyklykda diňe bir Mary welaýatyna däl-de, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna-da ugradylýar.

Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04732 sek. ýüklenen baýt: 30787