Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Awazada döwrebap şypahana emele gelýär
Ýazylan wagty: 09 ноября 2017 Ýazan NEXTTM

Awazada döwrebap şypahana emele gelýär

Awazada döwrebap şypahana emele gelýär

Häzirki wagtda döwrebap “Awaza” şypahanasynyň gurluşygynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar, onuň düýbi geçen ýylyň maýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda tutuldy. Täze şypahana Oguzhan şaýolunyň we Dostluk köçesiniň arasynda, “Daşoguz” sagaldyş we dynç merkeziniň ýanynda bina edilýär.

“Awaza” şypahanasynyň gurluşyk meýdançasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň dowamynda nobatdaky baryp gören ýeri boldy.

Ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän toplum birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenendir. 9 gatly özboluşly binagärlik keşbine eýe bolan ak mermerli binada iki orunlyk otaglaryň 96-sy hem-de lýuks otaglaryň 8-si göz öňünde tutuldy. Olarda syrkawlar üçin aňrybaşy amatly şertler dörediler. Merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleri dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr, olar saglygy bejeriş  —  dikeldiş hyzmatlarynyň giň görnüşini hödürlemek üçin niýetlenendir.

Şypahanada anyklaýyş we maslahat beriş, fiziobejeriş hem-de  bejeriş bedenterbiýesi bölümleri , rentgen, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, elektrobejeriş, bejeriş-owkalama we akupunktura otaglary, kliniki barlaghanalary hereket eder. Bu ýerde ýokary hünärli otolaringologyň, stomatologyň, ginekologyň we beýleki lukmanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp bolar.

Saglygy dikeldiş merkeziniň birinji gatynda çagalar hem-de ulular üçin suw howdanly suw bilen bejeriş bölümi, deňiz we  mineral suwly wannalar ýerleşdirilen otaglar, parafin bilen fango bejeriş, ozokerit, meşhur Mollagara kölünden getirilen bejeriş palçykly bölümler bar. Şeýle hem daýanç-hereket   agzalaryndan ejir çekýän, operasiýa geçiren syrkawlar üçin suw howdanynda ýörite bejeriş almagyň göz öňünde tutulandygyny bellemek gerek. Olar üçin göwnejaý ýagdaýda enjamlaşdyrylan otaglar we bejeriş maşklary üçin zallar göz öňünde tutulandyr.

Häzirki wagtda şypahananyň baş binasynda timarlaýyş işleri alnyp barylýar. Ony 2018-nji ýylyň tomsunda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bina mermer daşy bilen örtülýär. Tehniki desgalar, inženerçilik kommunikasiýalary gurulýar.

Toplumyň çäginde çuňlugy 600 metr bolan guýy — ýod-bromly bejeriş-mineral suw çeşmesi burawlandy. Bu melhemlik suwy nerw, ýürek-damar, daýanç-hereket agzalaryny, endokrin we peşew-jyns ulgamlarynyň işjeň dikeldiş çäreleri geçirilende üstünlikli ulanylýar. Mundan başga-da, şypahana üçin Hazar deňzinden 180 millimetrlik suw turbasy bilen deňiz suwy çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýod-bromly bejeriş-mineral suwunyň, onuň himiki düzüminiň hem-de belli tenekar çeşmelerden, şol sanda Farap, Arçman, Berzeňňi, Ýyly suw we beýlekiler ýaly çeşmelerden tapawutly aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Ýerli melhem suwundaky peýdaly maddalaryň toplumy kenarýaka howa bilen utgaşyklykda, adamyň umumy saglygynyň berkidilmeginde netijeli ulanylyp bilner.

 “Awaza” şypahanasynda bejergiler üçin peýdalanyljak çeşmäniň suwy daşary ýurtlaryň çeşmelerindäki suwlardan pes däldir, käbir görkezijiler babatda bolsa olaryňkydan tapawutlydyr.

Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05809 sek. ýüklenen baýt: 33947