Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti: sport — jemgyýetiň sazlaşykly ösüşiniň şerti
Ýazylan wagty: 09 ноября 2017 Ýazan NEXTTM

Şu gün Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” köpugurly sport toplumyna baryp gördi hem-de deňiz şypahanasy boýunça welosipedli gezelenç etdi. 

Ir bilen döwlet Baştutanymyz sport toplumyna gelip, däp boýunça nobatdaky iş gününi bedenterbiýe we sport maşklaryndan başlady. Milli Liderimiz sport toplumynyň türgenleşik zalynda gurnalan sport enjamlarynda maşklaryň birnäçesini ýerine ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport adam bedeniniň berkidilmeginde we sagdynlygynda möhüm orny eýeleýär, ony taplaýar, beden maşklary bilen yzygiderli meşgullanmak bolsa iş ukyplylygyny we çydamlylygy ýokarlandyrýar. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär, ol ekologiýa taýdan sportuň arassa görnüşi hökmünde ykrar edildi hem-de türkmenistanlylaryň barha köpsanlysyny özüne çekýär. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda her ýylda köpçülikleýin welosipedli ýörişler guralýar hem-de sportuň bu görnüşi boýunça ýaryşlar geçirilýär, munuň özi onuň barha meşhurlyga eýe bolýanlygynyň subutnamasydyr. 

... Şu gün milli Liderimiz “Awaza” sport toplumynyň zalynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň barşynda welosiped sürmek bilen, basketbol oýnuny utgaşdyrmagyň ajaýyp ussatlygyny görkezdi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz welosipede erk etmek bilen, her gezek pökgini tora dürs oklap, “basketbol ussatlyk sapagyny” berdi. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adamlaryň hem-de tutuşlygyna jemgyýetiň sagdynlygynyň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir, işe ukyplylygyň hem-de adamyň ruhubelentliginiň örän möhüm serişdesi bolup durýar. Sportyň ösdürilmegi milli Liderimiz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ähli şertleriň döredilmegi bu syýasatyň baş maksadydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuş endigine öwrüldi. 

Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda Türkmenistan iri möçberli sport bäsleşikleriniň, şol sanda halkara derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guralan hem-de Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy hem-de türkmen türgenleriniň ägirt uly ýeňişlerine beslendi. 

Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça ilatyň saglygynyň berkidilmegine, bedenterbiýe bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin şertleriň döredilmegine uly üns berilýär, munuň özi oňyn netijeleri berýär. 

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi üýtgewsiz kada öwrüldi, muňa bu ýerde bina edilen häzirkizaman sport toplumlary oňat ýardam berýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde ilatyň saglygyny goramak hem-de jemgyýetçilik aňyna sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işlerinde uly üstünlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň şahsy göreldesi bilen biziň hemmämize we esasan-da ýaşlara sport hem-de bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmagyň nähili möhümdigini we peýdalydygyny görkezýär. 

Ýurdumyzda bina edilýän sagaldyş toplumlarynyň we şypahanalaryň taslamasy işlenip taýýarlanylanda olarda hökmany ýagdaýda sport desgalary göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, köpçilikleýin sport çäreleriniň işjeň geçirilmegi jemgyýetde ruhubelentlik ýagdaýyny döretmegiň baş şertleriniň biri bolup durýar. 

Häzirkizaman sport toplumlarynyň we olarda peýdalanylýan türgenleşik enjamlarynyň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmegi olarda geçirilýän türgenleşikleriň ýokary hilini şertlendirýär. 

Milli Liderimiz türgenleşik enjamlarynda birnäçe maşklary ýerine ýetirmek bilen, ajaýyp beden taýýarlygyny görkezdi, munuň özi sportuň dürli ugurlary bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir. 

Öz nobatynda hormatly Prezidentimiziň egindeşleri hem birnäçe maşklary ýerine ýetirdiler. Döwlet Baştutanymyz sport toplumynda gurnalan döwrebap türgenleşik enjamlarynyň aýratyn mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, olarda ýerine ýetirilýän maşklaryň adam bedeniniň ol ýa-da beýleki agzalaryna ýetirýän täsirini belläp, aýry-aýry maşklary ýerine ýetirmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. 

Yzygiderli türgenleşikler öz-özüňi terbiýelemegiň endiklerini, adamda zähmetsöýerlik, özüňe erk etmek hem-de maksada okgunlylyk ýaly zerur häsiýetleri kemala getirmäge ýardam berýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiz hatda ýurdumyzyň welaýatlary boýunça iş saparlaryny amala aşyrýan mahalynda hem, dynç alýan wagtynda hem, asylly endiklerine eýerip, jogapkärli döwlet işlerini we sport bilen meşgullanmagy utgaşdyrýar. 

Şu gün hem şeýle boldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen “Awaza” sport toplumynda türgenleşik geçirdi. 

Häzirki wagtda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, oňa dynç alýanlary çekmek üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu işler işjeň dynç almagyň örän möhüm şerti bolup durýar. 

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň egindeşleri basketbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis hem-de bowuling boýunça bäsleşdiler. Sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz edýän milli Liderimiziň göreldesine eýerip, olar sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak saglygy berkitmegiň hem-de zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir. 

Döwlet Baştutanymyz sport zalynda türgenleşigi, şeýle hem basketbol we woleýbol meýdançalarynda bäsleşikler tamamlanandan soň egindeşleri bilen deňiz şypahanasynyň çäkleri boýunça welosipedli gezelenç etdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladalary netijesinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy iri halkara forumlarynyň, şeýle hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň geçirilýän iri merkezine öwrüldi. Türkmen deňiz şypahana zolagy ägirt uly durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen sebitleri ösdürmegiň häzirkizaman nusgasy bolup durýar. Bu ýerde durmuşa geçirilýän iri möçberli taslamalar ýurdumyzyň syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň okgunly ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi, munuň özi öz nobatynda bu künjegiň täsin tebigy şertlerini hem-de serişdelerini netijeli peýdalanmagy üpjün etdi, umuman bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we köptaraply halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn ýardam berýär. 

Dynç alyş zolagynyň çäklerinde häzirkizaman myhmanhanalarynyň toplumlary, giň ugurly medeni-dynç alyş, sport we maslahat-sergi desgalary peýda boldy, bularyň ählisi “Awazanyň” halkara derejesini ýokarlandyrdy. Bu ýerde bina edilýän ähli desgalar bitewi binagärlik toplumy emele getirdi, olaryň daş-töweregini gök zolaklar, seýilbaglar we seýilgähler gurşap alyp, kenar ýakasynda amatly howa ýagdaýyny döredýär. 

Döwlet Baştutanymyz Awazanyň çäkleri boýunça welosipedli gezelenjiň dowamynda daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň, amatly ekologiýa ýagdaýynyň saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi. “Awaza” şypahana zolagynyň döredilmeginiň baş maksady ilatyň saglygyny berkitmekdir, bu bolsa deňizýaka künjegiň täsin howa şertleri, bu ýerdäki bejeriş häsiýetli gidromineral serişdeleriň bolmagy bilen şertlendirilendir. Şeýlelik-de, bu ýerde geçirilýän iri möçberli işler kenarýakada adam saglygy üçin amatly howa ýagdaýynyň döredilmegine ýardam berýär. 

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Awazanyň çäklerinde welosipedleriň – ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşiniň işjeň peýdalanylmagynyň, welosipedli gezelençler üçin ýörite ugurlaryň çekilmeginiň we beýlekileriň maksada laýyk boljakdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz kenar ýakasy boýunça welosipedli gezelenjini tamamlap, deňiz giňişliklerini hem-de türkmen halkynyň buýsanjy bolan Awazanyň ajaýyp görnüşlerini synlady. Adamyň sagdynlygy hem-de ruhubelentligi, onuň sagdyn durmuş ýörelgesini ugur edinmäge gyzyklanmasy, türkmen deňiz ýakasynyň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak deňiz şypahanasyny ösdürmegiň esasy maksadydyr. Bularyň ählisi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmekde, olaryň göwnejaý dynç almagyny üpjün etmekde ähmiýetini ýokarlandyrýar. 

“Awazada” başlanylan iri möçberli işler dowam ediler hem-de geljekde tebigatyň bu täsin künjeginiň ekologiýa abadançylygynyň saklanmagy üçin ähli şertler dörediler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi we bu ýerden ugrady.

Okalan sany: 14   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04670 sek. ýüklenen baýt: 48948