Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hormatly Prezidentimiz bilim we sport baradaky halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Ýazylan wagty: 09 ноября 2017 Ýazan NEXTTM

Bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň hem-de tejribäniň çeşmesidir. Bilim döwletimiziň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistany has-da okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, biz milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris – diýip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar. 

Milli bilimiň hilini hem-de mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyklykda üpjün etmek maksady bilen, dine bir häzirki döwür üçin däl, eýsem, uzak geljegi nazarlaýan giň möçberli özgertmeleri amala aşyryp, orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny gurýarys. Öňdebaryjy dünýä tejribelerini, täze bilimleri, kompýuter we barlaghana enjamlaryny okuw işine giňden ornaşdyrýarys, döwrebap okuw kitaplaryny, okuw-usuly gollanmalaryny taýýarlaýarys. 

Her bir şahsyýetiň erkin hem-de sagdyn ösmegine, syýasy, ykdysady, medeni, bilim hem-de sport mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatymyza laýyklykda, täze ýokary okuw mekdeplerini döredýäris. Yaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamynyň binýadyny has-da berkidip, döwletimiziň we halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has-da belende götereris. 

Bedenterbiýe we sport döwlet syýasatymyzyň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Sport parahatçylykly we dostlukly gatnaşyklar üçin hem gymmatly ýörelge bolup durýar. Şu maksatlardan ugur alyp, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etdik, giň gerimli özgertmelere badalga berdik. Yurdumyzyň ähli sebitlerinde, şol sanda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlaryny, stadionlary, atçylyk-sport toplumlaryny, ýöriteleşdirilen sport mekdeplerini, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, şypahanalary gurduk. Aşgabat şäherinde bolsa, 157 gektar meýdanda Halkara olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan kyrka golaý desgany, şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça desgalaryň on altysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherjigini bina etdik. Dünýäde giňden ýaýran hem-de millionlarça adamlaryň gyzyklanýan golf oýnuny ornaşdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Golf sport toplumyny hem açdyk. 2017-nji ýylyň 17—27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa, Garaşsyz Watanymyzy dünýäniň sport merkezleriniň biri hökmünde tanatdy. Dünýä sport hereketiniň taryhynda täze sahypany açan hem-de halkara bileleşiginde uly seslenme döreden V Aziýa oýunlary tutuş adamzadyň bähbitlerine parahatçylyk, dostluk gatnaşyklary üçin täze, ajaýyp mümkinçilikleri döretdi. 

Biz bilimiň we sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleri, Orta we Yakyn Gündogar, Yewropa hem-de Amerika döwletleriniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys. 2017-nji ýylda «Aziada - 2017: Parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresiniň jemleýji Jamamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde biziň ýurdumyzyň öňe süren «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky» Jarnama kabul edildi. Türkmenistanyň halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge goşýan goşandyny dünýä bileleşiginiň doly goldaýandygy bizi aýratyn guwandyrýar – diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlag hatynda bellenýär. 

Hatynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu serginiň we maslahatyň dünýä jemgyýetçiligini Garaşsyz Türkmenistanyň bilim we sport ulgamlarynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmakda, özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşmakda, şeýle hem döwrebap bilimleri we tejribeleri özleşdirmekde möhüm ähmiýete eye boljakdygyna berk ynanýandygyny aýdýar.

Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06767 sek. ýüklenen baýt: 36951