Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Daga dyrmaşmak boÿunça bäsleşik geçirildi.
Ýazylan wagty: 10 ноября 2017 Ýazan Mayichka

 “Tizlik” görnüşinde daga çykmak boýunça ýaryşlaryň ýeňijileriniň atlary belli boldy. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzyň Arçabil etrap häkimligi bilen bilelikde guran ýaryşlary Köpetdagyň Markow dag eňňidinde geçirildi. Ýaryşyň bu görnüşi şu ýyl ikinji gezek geçirilip, geçen ýaz paslynda “Kynçylyk” görnüşinde daga çykmak boýunça ýaryşlar geçirildi.

Bu ýaryşa ýurdumyzyň dürli sebitlerinden toparlar gatnaşdylar. Bu gezek türgenler ýoly tiz geçmekde bäsleşdiler. Ýaryşyň finalyna gatnaşmak üçin güýçli türgenleri saýlama tapgyrlarynyň ikisi kesgitledi. Olardan erkekler toparynda daga çykyjylaryň sekizisi hem-de zenanlar toparynda türgenleriň dördüsi geçmegi başardylar.

Howa ýaryşa gatnaşyjylara iň gowy netijeleri gazanmaga ýardam etdi. Daga çykmagyň jemleýji bölegi örän dowamly boldy. Jemleýji bölek dik gaýanyň ýüzünden 50 metre golaý aralygy öz içine aldy.

Erkekleriň arasynda Balkan welaýatynyň toparynyň wekili Merdan Jumaýew ýeňiji boldy, ol dag gaýasyny 45,54 sekundyň dowamynda geçmegi başardy. Munuň özi oňa “Birnäçe bäsleşikde” öňe çykmaga mümkinçilik berdi, onuň netijeleri daga çykmagyň üç görnüşinde ýaryşlar tamamlanandan soň jemlener, olar eýýäm geçirilen “Kynçylyk” we “Tizlik” hem-de öňde boljak “Bouldering” görnüşleridir.

Aşgabatly Lew Belskiý ikinji orny eýeledi. Ol 55,49 sekunt netije görkezdi. Üçünji orny bolsa Balkan toparynyň ýene bir wekili Baýram Geldinazarow 57,52 sekunt netije bilen eýelemegi başardy.

Zenanlar toparynda geçmeli aralyk birneme gysga boldy. Şunda hormat münberiniň ähli basgançaklary Aşgabadyň wekillerine nesip etdi. Ýaryşyň tutuş dowamynda ynamly öňde baran Anastasiýa Aýsina bellenen aralygy 59,39 sekunt wagtda geçmegi başardy. Kümüş medaly ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşan Wlada Omelçenko nesip etdi. Üçünji orny bolsa ýurdumyzyň çempionatlarynyň we Kuboklarynyň ençeme gezek eýesi bolan Naji Kostowa eýeledi.

Türkmenistanda daga çykmagyň sport möwsümini bolsa “Bouldering” görnüşinde ýurdumyzyň çempionaty dowam eder.

Okalan sany: 18   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04646 sek. ýüklenen baýt: 31360