Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sergiler
Tebigatyň waspçysy Kamil Weliahmedow
Ýazylan wagty: 11 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
 Türkmen halkynyň baý sungaty bolup, bu milletiň halk döredijiligine we onuň wekillerine bolan hormatly söýgüsi uludyr. Türkmen halkynyň kalbynda sungata bolan söýgi beýikdir. Sungatyň ösüşlere beslenmeginde bolsa türkmen suratkeşleriniň tutýan orny ägirtdir. Adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde dünýä ynsanlary tebigatyň gözelligini häzirki güne çenli sungatyň birnäçe akymlarynyň üsti bilen öz eserlerinde beýan edipdirler. Tebigatyň gözelligini wasp etmedik ynsan ýok bolsa gerek. Bu ajaýyp gözelligi halypamyz Berdinazar Hudaýnazarow hem seýle setirler bilen beýan etýär:

Men ony gabanýan, gabanylyşy dek,
Bir buýsançly, bir owadan aýalyň.
Oňa kän göz baksa – howpurgaýaryn,
Kän el degiberse halamaýaryn.

 Tebigat öz ajaýyplyklary, janlylygy we her ýeriň özüne mahsus täsin ediji tapawutlylygy bilen ähli adamlary özüne maýyl ediji güýje eýedir. Haçanda peýzaž eserlerini synlanyňda göz öňüňde olarda şekillendirilen beýik başly gök –ýaşyl öwüsýän otly meýdanlary we tokaý zolaklaryny, başyny duman baglan daglary, şarlawuklary, sazakly –selinli çölini, tolkun atýan deňiz peýzažyny synlan halatyňda ol ýerlere hyýalyňda syýahat edeniňi duýman galýarsyň. Bu ajaýyplyklary hem öz eserlerinde ussatlyk bilen beýan edýän Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedowdyr.
Ussadyň döredijiliginde peýzaž eserleri ähmiýetli oruna eýedir, olar reňkleriniň köpdürliligi we öwüşginleriniň täsirliligi bilen tapawutlanýar. Suratkeş türkmen peýzažynyň baý ekzotiki we subtropiki topragynyň hak aşygy bolmak bilen, ony türkmeniň gül –gülälekli sähralary, saraňlap ýatan jöwzaly çöli we mes toprakly ir –iýmişe baý ajaýyp düzleri özüne bendi edýär. Munuň özi bolsa ýöne ýerden bolman, eýsem Kamil Weliahmedowyň çagalygy çöl içinde geçip, eýýäm şol wagtlardan hem öz deň –duşlary bilen gamyşdan dürli zatlary ýasamak bilen meşgullanyp, daş–töweregindäki zatlara üýtgeşik nazar bilen seretmegi başarypdyr. Ussat halypanyň sungat ýoluna ilkinji ädimleri diýseň täsinlik bilen başlanýar we onyň başgalardan üýtgeşik ukybyny belent depginlere ýetmegine we halypalyk kärine eýe bolmagyna, bu syrly ýoluň ilkinji gadamlaryny ätmäne itergi beren ilkinji ynsan A. I. Rýabowdyr. Ýaş zehinli suratkeş şol wagtlar bu käre çynlakaý çemeleşip öz mugallymyndan sungatyň birnäçe inçe syrlaryny öwrenýär we 1973 –nji ýylda ýörite çeperçilik mekdebine okuwa girýär we ol ýerde ilkinji mugallymy Gulýa Meläýewna bolýar. Soňra Kamil Weliahmedow ussat zähmetsöýer halypalaryň biri Annadurdy Almämmedowdan sapak alýar. A. Almämmedow Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymydyr. Ol: «Sungatyň öz ýoly, öz durmuşy bar. Özüňde näme bar bolsa, şony hökman şägirdiňe hem öwretmegi başarmaly» diýip belleýär. Bu aýdylana hem Kamil Weliahmedowyň halypasyna eýerýän ajaýyp türkmen sähralyklaryny beýan edýän işleri aýdyň mysalydyr.

Halypa öz döredijiliginde köpsanly peýzaž işlerini ýerine ýetirýär, emma eserlerinde diňe bir türkmen tebigatyny beýan etmek bilen çäklenmän eýsem dünýäniň köp ýurtlarynda bolup birnäçe işleri ýerine ýetiripdir. Ol Moskwada, Wenada, Argentinada, Awstriýada we Turkiýanyň birnäçe welaýatlarynda Mardinda we Burdur şäherlerinde bolup bize birnäçe gymmatly eserleri şekillendiripdir. Eserlerde ol ýerleriň ajaýyp tebigatyny we gadymdan galan harabalaryny ussatlyk öwüşginleri bilen hem täsirli beýan edýär. Ussat halypa hemişe täze gözlegleriň ugrundadyr, öz kärini çyn ýürekden söýýän adam hemişe-de uly sylaga mynasypdyr we Kamil Weliahmedow hem öz döredijilik zähmet ýolunda birnäçe hormatly atlaryň eýesidir.

Halypanyň ýubileý sergisinde onuň öz söýgüli žanyrynda ýerine ýetirilen gaýtalanmajak etýudlar we portret eserleri düzýär. Peýzaž eserleri dürli tematikada bolup, olar adamlar bilen tebigatyň baglanşygyndaky we türkmeniň buýsanjy dal bedewlerimizi wasp etýän eserlerden ybaratdyr.




Kamil Weliahmedowyň eserleri real hakykaty beýan edip, durmuşuň ähli taraplaýyn ajaýyplyklaryny açyp görkezýär. Suratkeşiň eserlerindäki sadalyk, tomaşaça düşnükli bolan sungat dili we adamsöýüjilikli häsiýetler megerem onuň özüniň şeýle beýik şahsyýetliginden bolsa gerek. Halypanyň sungatyndaky haýsy işini alanyňda-da, geljekgi ýaşlara milli medeniýetimiz, türkmen sährasynyň ajaýyp tebigaty bilen tanyşmaga we özlerine nusga ederlik we sapak alarlyk, gaýtalanmajak çeper eserleri dörediji halypadygyny bellemek bolar. 

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby 
G. HUDAÝNAZAROWA
Okalan sany: 17   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04848 sek. ýüklenen baýt: 34872