Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Hasyl bayramy
Ýazylan wagty: 13 ноября 2017 Ýazan NEXTTM



Ýurdumyzda Hasyl toýunyň hormatyna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary hasyl ussatlaryny sylaglamak dabaralary geçirilip, dürli medeni köpçülikleýin we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guraldy, bereketli saçaklar giňden ýazyldy. 

Esasy çäreler Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirildi, bu ýerde toýuň gahrymanlaryny- ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki hünärmenleri mähirli mübäreklediler. 

Şu gün irden bu ýerde, toplumyň merkezi girelgesiniň öňünde hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, pudak ministrlikleriniň we edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary ýygnandylar. 

Döredijilik toparlary ajaýyp aýdym-sazly, tansly çykyşlaryny taýýarlapdyrlar. 

Dabara gatnaşyjylar bu ýerde guralan ýurdumyzyň oba hojalygynyň we gaýtadan işleýän senagatynyň gazananlarynyň sergisine baryp gördüler. Sergide obasenagat toplumynyň ähli edaralary öz işlerini ýaýbaňlandyrdylar. Pagtaçylyk we däneçilik, maldarçylyk, azyk senagaty, dokma senagaty pudaklarynyň önümleri, täze oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. 

Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän möhüm oba hojalyk ekinleriniň biri bolan gowaçanyň iň gowy sortlarynyň tohumlary bilen giňden tanyşdyrylýar. Bu ýerde orta süýümli hem-de aýratyn gymmatly, inçe süýümli pagtanyň nusgalary bilen tanyşmak bolýar. Pagta süýümi-bu ýurdumyzyň okgunly ösýän dokma senagatynyň häzirki zaman kärhanalarynyň onlarçasy üçin çig mal bolup hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, käbir azyk önümleri üçin hem çig mal bolup, olaryň hatarynda öz ýokumly düzümi boýunça pagta ýagyny, pagta balyny görkezmek bolar. 

Sergide möhüm oba hojalyk ekinleriniň baý genofondy, ýurdumyzyň tohumçylygynyň mümkinçilikleri barada düşünje alyp, türkmen seçgiçileriniň tutanýerli zähmetiniň netijesi bolup durýan, ýerli toprak-howa şertlerinde özüni gowy tarapdan görkezen geljegi uly sortlaryň nusgalary bilen tanyşmak bolýar. 

Sergide diwarlyklar bakja ekinleriniň meşhur gawunlary: “waharman”, “garrygyz”, “gyzylgülaby” sortlarynyň, “jeýhun”, “serdar”, “dişim” garpyzlarynyň, “palawkädi”, “daşkädi”, “düwdibişer” kädileriniň sortlaryna beslendi. Bu ýerde gök we miwe ekinleriniň, şol sanda käşiriň, gant şugundyrynyň, hyýarlaryň, pomidorlaryň, kartoşkanyň, üzümiň, almalaryň we beýleki miweleriň tohumlarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşmak bolýar. 

Ýurdumyzyň welaýatlary baýramçylyk sergilerini guradylar. Olarda bereketli türkmen topragynyň ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini, tamdyr çöreklerini, toý pişmelerini görmek bolýar. 

Sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ünsüni taýýarlanyş däpleri asyrlaryň jümmüşine uzalyp gidýän we nesillerden nesillere geçirilip, aýawly saklanylýan milli tagamlar çekdi. Her bir halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan milli saçak milletiň taryhy we ýaşaýyş medeniýeti hakynda köp zatlary gürrüň berýär. 

Sergide daýhan zähmetine bagyşlanan çeper we heýkeltaraşlyk eserleri görkezildi. Bu ýerde zähmet ýoluna ýaňy başlap, öz eserlerinde mähriban ýurdumyzyň nygmat bolçulygyny aýdyň reňklerde beýan etmäge çalyşýan ýaş suratçylar dürli suratlaryň taslamalaryny çekdiler. 

Sergide türkmeniň ak öýleri dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň gapdalynda bagşylar dutarda saz çalmakda we aýdym aýtmakda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde ýüň egrilişini, keçe basylyşyny we haly dokalyşyny hem görmek bolýar, halkymyzyň haly we zergärçilik sungatyna, el işlerine degişli tapylgysyz eserleri hem goýlupdyr. Sergide dürli sport oýunlary-da, pälwanlaryň göreş tutuşlary-da, hödür-kerem edilýän ojaklardan tüsseleriň asmana burugsap göterilişi-de dabara aýratyn gelşik berdi. 

Aýlawa barýan ýoluň bir tarapynda akrobatçy, gylyçlaşýançy, boksçy we karateçi türgenler öz ussatlyklaryny görkezýärler. 

Sahnalaşdyrylan meýdançada welaýatlardan we paýtagtymyzdan gelen estrada ýerine ýetirijiler, döredijilik toparlary öz ruhubelent çykyşlaryny Gahryman Arkadagymyza, häzirki döwürde Watanymyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere bagyşladylar. 

Däp boýunça, Hasyl toýy oba hojalyk ýylynyň jemini jemläp, ekerançylarymyzyň janypkeşli zähmetini, türkmen topragynyň bereketini, saçaklarymyzyň bolçulygyny alamatlandyrýar. Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki wagtda topraga aýawly garamak täze many-mazmuna eýe bolýar, obalylar iň bir häzirki zaman oba hojalyk tehnologiýalaryna hem-de ata-babalaryň ekerançylyk tejribelerine işjeň eýe bolýarlar. Hasyl toýunda pagta taýýarlamakda öz boýun alan borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetiren pagtaçylarymyzyň uly ýeňşi bellenilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda obasenagat toplumynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler öz saldamly miwelerini berýär. Daýhanlara öň hiç bolmadyk ýeňillikler berilýär, ulgamy tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak işi amala aşyrylýar, ata-babalarymyzyň ýeri oýlanyşykly peýdalanyşlary baradaky köp asyrlyk tejribeleri bilen sazlaşykda işjeň durmuşa geçirilýän innowasiýalar oba hojalygyny çalt ösdürmegiň berk binýady bolup durýar. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere berilýän yzygiderli döwlet goldawlary, türkmen obasyny mundan beýläk-de ösdürmegiň kuwwatly ykdysady binýat bilen üpjün edilmegi pudagyň önümçilik möçberiniň häzirki artyşynyň kepilidir. 

Topragyň bereketliligini we ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda ylma möhüm orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň alymlarynyň ygtyýarynda pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy-barlag merkezleriniň uly ulgamy bardyr. Olar dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň, barlaglary geçirmegiň, iň esasy bolsa, geljegi uly işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmegiň uly ulgamyna öwrüldi. 

Baýramçylygyň resmi bölegi paýtagtymyzyň atçylyk sport toplumynyň binasynyň öňündäki ýörite gurnalan sahnada dowam etdi. 

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik BitarapTürkmenistanyň oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Hasyl toýunyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryndan we milli däp-dessurlaryndan hem-de agzybirliginden, zähmetsöýerliginden we halallygyndan alyp gaýdýanlygy bellenilýar. 

Milli Liderimiziň Gutlagynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de türkmen topragynda öndürilýän ýokary hili önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Edermen oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän alada yhlasly zähmetler bilen jogap berýärler, ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. 

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize öz nesil şejeresini meşhur ata-babalaryndan alyp gaýdýan ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. 

Soňra ýurdumyzyň dürli ýerlerinden paýtagtymyza gelen öňdebaryjy oba hojalyk hünärmenlerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiziň adyndan iň oňat kärendeçilere, ekerançy alymlara, mehanizatorlara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Onda oba hojalyk pudagynyň işgärleri hakynda edýän hemişelik aladasy we berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdylýar we ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrylýar. 

Paýtagtymyzdaky atçylyk sport toplumynda bolan baýramçylyk dabarasynyň yzy däbe öwrülen at çapyşygy bilen dowam etdi. Çapyşyklaryň netijeleri boýunça ýeňijilere mynasyp bolan serpaýlar gowşuryldy. 

Aýlawda medeniýet we sungat ussatlaryna beren konserti hem toýuň bezegine öwrüldi.
Okalan sany: 15   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05152 sek. ýüklenen baýt: 41331