Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Türkmenistanda azyk bolçulygyny artdyrmakda telekeçileriñ işjeñ orny.
Ýazylan wagty: 24 ноября 2017 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanda azyk bolçulygyny artdyrmakda 
telekeçileriñ işjeñ orny.  

Ýurdumyzyñ oba hojalyk pudagynda iri möçberli maýa goýum taslamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şoña laýyklykda, täze döwrebap önümçilik kärhanalaryny gurmak, bar bolanlarynyñ durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça giñ möçberli işler durmuşa geçirilýär. Her bir raýata, şol sanda daýhana işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Daýhanlarymyzyñ ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilmegi hem-de öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklaryñ öz wagtynda geçirilmegi netijesinde türkmen ýaýlalaryndan ak dugdaýyñ, «ak altyn», gök-bakja önümleriniñ, dürli miweleriñ we ir-iýmişleriñ bol hasyly öndürilýär hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygy has-da pugtalandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz bazarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli azyk önümlerini öndürmek maksady bilen, her bir daýhan birleşiginde gaýtadan işleýän kärhanalary we öñdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan önümçilikleri döretmegiñ wajypdygyny, oba hojalyk önümlerini, şol sanda maldarçylyk önümlerini ösdürmekde we gaýtadan işlemekde telekeçileriñ mümkinçiliklerini has giñden peýdalanmalydygyny nygtaýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giñ şertler azyk bolçulygyny döretmäge, bazarlarymyzyñ daýhanlaryñ ösdürip ýetişdiren önümleri bilen dolup durmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyñ ak bazarlaryna baranyñda, haryt bolçulygy, azyk önümleriniñ dürli görnüşleri göwnüñi göterýär. Bu bolsa raýatlaryñ durmuş zerurlyklarynyñ üpjün edilmegi üçin giñ şertleriñ döredilýändiginiñ subutnamasydyr. Önümçilik desgalarynyñ, gaýtadan işleýän kärhanalaryñ, maldarçylyk, guşçulyk toplumlarynyñ gurlup, ulanylmaga berilmegi, telekeçiler üçin giñ şertleriñ döredilmegi ýurdumyzda ýokary hilli önümleriñ bolçulygyny üpjün etmäge döredilýän mümkinçiliklerdir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyñ Senagatçylar we telekeçiler birleşigi öz hatarlaryna hususy işewürligiñ wekilleriniñ 16 müñden gowragyny birleşdirýär we ol işjeñ ösýän işewürler bileleşigi bolup durýar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hormatly Prezidentimiziñ başlangyjy boýunça 2008-nji ýylda döredildi. Şu geçen döwrüñ içinde ýurdumyzyñ telekeçileriniñ ösüşinde ägirt uly ýol geçildi. Hazar telekeçilik milli ykdysadyýetimiziñ möhüm bölegine öwrülip, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyñ dünýäniñ ykdysady giñişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär.

Okalan sany: 66   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09460 sek. ýüklenen baýt: 31730