Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Aşgabadyñ ýokary amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary.
Ýazylan wagty: 24 ноября 2017 Ýazan NEXTTM

Aşgabadyñ ýokary amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary.

Ýurdumyzyñ durmuş-ykdysady ösüşlerine gönükdirilen maksatnamalaryñ üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyñ ilaty ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär. Şol jaýlary bolsa dünýäniñ öñdebaryjy tehnologiýalary esasynda öndürilen döwrebap mebeller we öý hojalyk harytlary bezeýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda onlarça milliard amerikan dollaryna barabar bolan ýüzlerçe iri desganyñ gurluşygy alnyp barylýar. Şol desgalaryñ köpüsini öz gurluşyk kärhanalarymyz gurýar. Durmuş maksatly desgalaryñ hatarynda ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, çagalar baglary we birnäçe beýleki durmuş maksatly desgalar aýratyn orun eýeleýär.

Şeýle hem ýurdumyzda täze döwrebap obalaryñ, şäherçeleriñ we etraplaryñ hem döredilýändigini, obalarymyzda medeni-durmuş maksatly desgalaryñ we binalaryñ gurlup, ulanmaga berilýändigini aýratyn aýtmak gerek.

Ýaýbañlandyrylan örän uly şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda innowasion tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiñ öñdebaryjy gazananlaryny we şu ugur boýunça dünýäde toplanan iñ oñat tejribäni işjeñlik bilen ornaşdyrmak esasy ugur bolup durýar. Bularyñ ählisi adamlaryñ durmuşynyñ ýokary ölçeglere laýyk gelmegini, türkmenistanlylaryñ döredijilikli zähmet çekmegi, göwnejaý ýaşamagy we dynç almagy üçin oñaýly şertleriñ döredilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ine, golaýda has takygy 23-nji oktýabrda Aşgabat şäherini ösdürmegiñ 15-nji nobatdakysynyñ çäklerinde gurlup ulanylmaga berlen kottejler toplumynyñ açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzyñ günorta künjeginde gurlan iki gatly kottej jaýlaryñ we üç hem-de dört gatly ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlar toplumynyñ açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziñ gatnaşmagy dabara aýratyn baýramçylyk ruhuny çaýdy. Bu ýerde medeni-durmuş maksatly hem-de häzirki zaman durmuş düzümi bolan desgalaryñ täze toplumy emele geldi.

Jaý toýlary Türkmenistanyñ döredijilik syýasatynyñ dabaralanmasydyr, halk barada edilýän aladanyñ aýdyñ netijesidir. Ähli amatlyklary bolan täze döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna göçüp baran ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziñ halkymyz hakynda yzygiderli alada edýändigini, halkyñ abadançylyk derejesiniñ ýokarlanmagy ugrunda amatly şertleri döredýändigini uly buýsanç bilen aýratyn belleýärler. 

Okalan sany: 173   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,10703 sek. ýüklenen baýt: 31693